A MEN SAŇA ŞEÝLE BIR KÖP GARAŞDYM!
Geldiň.
Ikimizi duşurdy günler,
Şol öňki ýapraklar, şol öňki güller.
Bizi garşylady bagta ýar bolup,
Ikimizdenem has bagtyýar bolup.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Dogdy, söndi, ýene dogdy ýyldyzlar.
Sen güneş deý maňa elýetmez daşdyň,
Gözýetimden keşbiň gözlände gözler.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Garaşdym asmanda Aýlar solynça.
Diňe düýşlerimde hakykat bolan,
Arzuwlarym ahyr hasyl bolynça.
Sen geldiň-de, täze eýýamy açdyň,
Sen bilmediň, saňa näçe garaşdym.
O wagtlar şemal bolup uçardym,
Seni gözläp aýnalary açardym.
Saçlaryn oýnardym juwan ýaşlaryň,
Ýalňyzlykda sensiz ençe ýaşadym.
Şemallardan salam ýolladym saňa,
Gijeler agaryp sapanda daňa.
Sen ýanymda,
Bize baglar garaýar,
Şemal gara saçlaryňy daraýar.
Sen bolsa gözüme garaýaň sessiz,
Men nädip,
men nädip ýaşadym sensiz?!
Ýok, men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Gündizler saraldy, gijeler soldy.
Çarkandakly ýollar bilen göreşdim,
Ahyr saňa barýan ýoda arçaldy.
Ykbaldan gaçara ugur ýok, ýol ýok,
Belki, güler ertir gözümiz baglap.
Men giderin, ýöne köne arzuwlam
Uçup ýeter seniň yzyňdan galgap.
Sebäbi men şeýle bir köp garaşdym,
Ýarty bolup galyp, ýarym idedim.
Bitewi bir mana öwrülmek üçin,
Garaşyp, göreşip, gözläp ýadadym.
Ine, sen ýüzüme garap ýylgyrýaň,
Görmän, duýman ýadawlygyn gözlermiň.
Men bolsa bagtyma ynanman barýan,
Ahyrsoňy tamam bolan gözlegim.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Birmahal ýaş bolup didäňe siňip,
Şol gözleri hiç unudyp bilmedim,
Bir ýalňyz şem deýin tümlüge daňyp.
Belki, ertir ýaşap bilersiň mensiz,
Belki, menem ýaşap bilerin demsiz.
Bagtyýar durmuşym gutarar şomal,
Men onsoň ýene-de bolaryn şemal.
Ýene seni gözläp ýollar sökerin,
Ýene agaçlaryň gülün dökerin.
Ýene-de syparyn juwanlaň başyn,
Ýene garap, tümler bolar syrdaşym.
Seni tapyp hasratymy kemerin,
Demiň bilen gursagyňa siňerin.
Gije ýaly saçlaryňy dararyn,
Ýüzüň sypap, ýuwaşja pyşyrdaryn:
— A men saňa şeýle bir köp garaşdym!
A men saňa şeýle bir köp garaşdym!
✏Gunça MAKENOWA
Ikimizi duşurdy günler,
Şol öňki ýapraklar, şol öňki güller.
Bizi garşylady bagta ýar bolup,
Ikimizdenem has bagtyýar bolup.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Dogdy, söndi, ýene dogdy ýyldyzlar.
Sen güneş deý maňa elýetmez daşdyň,
Gözýetimden keşbiň gözlände gözler.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Garaşdym asmanda Aýlar solynça.
Diňe düýşlerimde hakykat bolan,
Arzuwlarym ahyr hasyl bolynça.
Sen geldiň-de, täze eýýamy açdyň,
Sen bilmediň, saňa näçe garaşdym.
O wagtlar şemal bolup uçardym,
Seni gözläp aýnalary açardym.
Saçlaryn oýnardym juwan ýaşlaryň,
Ýalňyzlykda sensiz ençe ýaşadym.
Şemallardan salam ýolladym saňa,
Gijeler agaryp sapanda daňa.
Sen ýanymda,
Bize baglar garaýar,
Şemal gara saçlaryňy daraýar.
Sen bolsa gözüme garaýaň sessiz,
Men nädip,
men nädip ýaşadym sensiz?!
Ýok, men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Gündizler saraldy, gijeler soldy.
Çarkandakly ýollar bilen göreşdim,
Ahyr saňa barýan ýoda arçaldy.
Ykbaldan gaçara ugur ýok, ýol ýok,
Belki, güler ertir gözümiz baglap.
Men giderin, ýöne köne arzuwlam
Uçup ýeter seniň yzyňdan galgap.
Sebäbi men şeýle bir köp garaşdym,
Ýarty bolup galyp, ýarym idedim.
Bitewi bir mana öwrülmek üçin,
Garaşyp, göreşip, gözläp ýadadym.
Ine, sen ýüzüme garap ýylgyrýaň,
Görmän, duýman ýadawlygyn gözlermiň.
Men bolsa bagtyma ynanman barýan,
Ahyrsoňy tamam bolan gözlegim.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Birmahal ýaş bolup didäňe siňip,
Şol gözleri hiç unudyp bilmedim,
Bir ýalňyz şem deýin tümlüge daňyp.
Belki, ertir ýaşap bilersiň mensiz,
Belki, menem ýaşap bilerin demsiz.
Bagtyýar durmuşym gutarar şomal,
Men onsoň ýene-de bolaryn şemal.
Ýene seni gözläp ýollar sökerin,
Ýene agaçlaryň gülün dökerin.
Ýene-de syparyn juwanlaň başyn,
Ýene garap, tümler bolar syrdaşym.
Seni tapyp hasratymy kemerin,
Demiň bilen gursagyňa siňerin.
Gije ýaly saçlaryňy dararyn,
Ýüzüň sypap, ýuwaşja pyşyrdaryn:
— A men saňa şeýle bir köp garaşdym!
A men saňa şeýle bir köp garaşdym!
✏Gunça MAKENOWA
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.