"SAŇA GARAŞDYM" Güljemal Garaýewa.
Her agşam gözüme çiş kakylan deý,
Düşün, daňa çenli saňa garaşdym,
Ýürekde ýyldyrym-ot ýakylan deý,
Jöwlan urup, diňe saňa garaşdym.
Azanyň sesine-Hak Alla uýup,
Ýoluňa göz dikip, saňa garaşdym,
"Ýalňyz halasgärim, perişdäm" dýip,
Delmirip-delmirip, saňa garaşdym.
Aý hem meniň bilen derdin paýlaşyp,
Daňa çen ýatmady-Güne garaşdy,
Men hem "Belki, Hakyň nazary düşüp,
Günüm dogar" diýip, saňa garaşdym.
Säher Gün şuglasy äleme dolsa,
Dünýäm dolan ýaly saňa garaşdym,
Ýetişen al ýaňak,ter alma ýaly,
Bagtyma baglanyp, saňa garaşdym,
Ine, Aýyň Güne nazary düşdi,
Men gözümi süzmän, saňa garaşdym,
...Han-ha, Gün aýlanyp, didämde ýaşdy,
Umydymy üzmän, saňa garaşdym.
Düşün, daňa çenli saňa garaşdym,
Ýürekde ýyldyrym-ot ýakylan deý,
Jöwlan urup, diňe saňa garaşdym.
Azanyň sesine-Hak Alla uýup,
Ýoluňa göz dikip, saňa garaşdym,
"Ýalňyz halasgärim, perişdäm" dýip,
Delmirip-delmirip, saňa garaşdym.
Aý hem meniň bilen derdin paýlaşyp,
Daňa çen ýatmady-Güne garaşdy,
Men hem "Belki, Hakyň nazary düşüp,
Günüm dogar" diýip, saňa garaşdym.
Säher Gün şuglasy äleme dolsa,
Dünýäm dolan ýaly saňa garaşdym,
Ýetişen al ýaňak,ter alma ýaly,
Bagtyma baglanyp, saňa garaşdym,
Ine, Aýyň Güne nazary düşdi,
Men gözümi süzmän, saňa garaşdym,
...Han-ha, Gün aýlanyp, didämde ýaşdy,
Umydymy üzmän, saňa garaşdym.
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.