Söýen gyzym ýatyr toprak astynda!
Bu gün seniň hem-de meniň ýaş günüm,
10 gündir ýatyrsyň toprak astynda.
Ýaşyň 19-a ýetmändi gülüm,
Bu gün gezip ýörün seniň gussaňda.
Gijelerne ýatman her gün aglaýan,
Ýa Allam, düýşüme girsin ýalbarýan,
Agyrýandyr çep tarapym jan uýam,
Söýen ýarym ýatyr toprak atynda.
Çäre ýokdur diýdim, Allaň emrine,
Indi onsuz ýaşamaly ömrüme,
Ýanymda ýalydyr ruhy göwnüme,
Emma özi ýatyr toprak astynda.
Näme üçin howlukdyň sen söýenim,
Ýeke galdy seret ynha söýeniň,
Beýle ýaşandan hem gowy ölenim,
Söýen gyzym ýatyr toprak astynda.
Garaşgyn bararyn menem ýanyňa,
Allam meni goýgun, şonuň ýanyna,
Ornaşypdyr eýýäm meniň aňyma,
Şol söýenim ýatyr toprak astynda.
Düýşlerime giräý eý, söýen ýarym,
Elimden gitdiň-le sen dünýe barym,
Göresim gelýär wah, men saňa zaryn,
Söýenim ýatyrsyň toprak astynda,
A men gezip ýörün, ýeriň üstünde.
Bu gün meniň hem-de seniň doglan günüň, emma men saňa ,,Uzak ýaşa söýgülim’’ diýip bilemok. Sebäbi ýatyrsyň toprak astynda, a menem gezip ýörün gara ýeriň üstünde sensiz ýaşaýan. Söýenim doglan günümizde dilegler etjekdik ýöne bolmady. ,,Jaýyň jennetden bolsun, perişde kimin gyzdyň, INŞALLAH Allah seni öz perişdeleri kimin gowy görüp saklasyn, hemişe ýatan ýeriň ýagty bolsun. Hiç zat ömürlik däl, gün geler menem bararyn ýanyňa, Garaşgyn, hökman bararyn, Hökman bararyn söýenim’’.
Söhbet Döwletow
23.10.2021ý

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.