Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym! (Aýlinim)
Geçmişi unutdym, seň bilen ömrüm,
Bu gün gitdiň menden, sen söýen ýarym!
Ir aldy-la menden Allahym seni,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Nesibämde däl ekeniň söýgülim,
Ak ýürekli, owadanja görgülim,
Baky dünýä baranymda görmelim,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Eliňi elime goýup bilmedim,
Gül kimin ysyňdan doýup bilmedim,
Beslän arzuwlarňa ýetip bilmediň,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Iň agyr söz ,,Ýaryň yzy ýarasyn’’,
Gülüm, gelýär seň ýanyňa barasym,
Ýok sen indi, gelen wagty göresim,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Özüň ýok ýürekde ýaşarsyň baky,
Perişdämdiň meniň sen hyýalymdaky,
Soňky söýgim bolduň, sen ýüregimdäki,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Garaşgyn bararyn, menem Aýanym,
Ýeke sensiň, ýüregimden halanym,
Dünýäň gyzlaryndan, sendiň saýlanym,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Doglan günümiz hem şol bir gündedi,
Sen gidensoň, Söhbet agyr gündedir,
Ýaryň galdy aglap, hijem gülmedi,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Söhbet Döwletow.
15.10.2021ý.
Bu gün gitdiň menden, sen söýen ýarym!
Ir aldy-la menden Allahym seni,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Nesibämde däl ekeniň söýgülim,
Ak ýürekli, owadanja görgülim,
Baky dünýä baranymda görmelim,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Eliňi elime goýup bilmedim,
Gül kimin ysyňdan doýup bilmedim,
Beslän arzuwlarňa ýetip bilmediň,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Iň agyr söz ,,Ýaryň yzy ýarasyn’’,
Gülüm, gelýär seň ýanyňa barasym,
Ýok sen indi, gelen wagty göresim,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Özüň ýok ýürekde ýaşarsyň baky,
Perişdämdiň meniň sen hyýalymdaky,
Soňky söýgim bolduň, sen ýüregimdäki,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Garaşgyn bararyn, menem Aýanym,
Ýeke sensiň, ýüregimden halanym,
Dünýäň gyzlaryndan, sendiň saýlanym,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Doglan günümiz hem şol bir gündedi,
Sen gidensoň, Söhbet agyr gündedir,
Ýaryň galdy aglap, hijem gülmedi,
Jaýyň jennet bolsun, sen söýen ýarym!
Söhbet Döwletow.
15.10.2021ý.
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.