Ýadadym(ünsli okaň)

Näme bolsa — doly bolsun,
Ýadadym men ýarym zatdan.
Ýarym salawmaleýkimden,
Ýarym gepden, ýarym antdan.

Ýarym salawmaleýkimden,
Ýarym gadyr, ýarym hormat...
Ýok, ýok! Ýa-ha gowy bolsun,
Goý, ýogsa-da bolsun erbet!

Içýakgynjy — aralygy,
Ne hamyrly, ne-de petir.
Bal bolmasa, awy bolsun,
Ýöne özi bolsun bitin.

Ynanjakmy! — ýarymçyk däl —
Durkum bilen ynanaýyn.
Ýarym dostly bolanymdan,
Bitin duşman gazanaýyn.

Ýarym gulluk, ýarym aýlyk...
Kimkä muny oýlap tapan?
Ýarym alym bolanymdan
Goý, bolaýyn doly çopan.

Ajygýaňmy — gyzyl aç bol,
Doýjakmy — doý doýan ýaly.
Ýarymdanam gep bolarmy,
Bitaý köwüş geýen ýaly.

Daş et, ykbal, gora ykbal
Meni ýarym bagşylykdan.
Bitinje bir ýamanlyk ber —
Geçdim ýarym ýagşylykdan!

Süýjüdenem, ajydanam
Bitin bolsun herne paýym,
Ömri-hä däl, ölümi-de
Ýarym etme, eý Hudaýym!


3 лайков 146 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
20 ноя 2021, 10:05
Ömri-hä däl, ölümide
Ýarym etme, eý Hudaý.
Hak aýdylan sözler berekella goşgy. Babajanyñ zapisindede diñläpdim şu goşgyny.