Saňa garaşdym-Güljemal Garaýewa

Her agşam gözüme çiş kakylan deý,
Daňa çen, ezizim, saňa garaşdym.
Ýürekde ýyldyrym-ot çakylan deý,
Jöwlan urup, ýarym, saňa garaşdym.

Azanyň sesine Hak Alla uýup,
Ýoluňa göz dikip, saňa garaşdym.„
Ýalňyz halasgärim – perişdäm!“ diýip,
Hudaýa ýalbaryp, saňa garaşdym.

Aý hem meniň bilen derdin paýlaşyp,
Daňa çen ýatmady – Güne garaşdy.
Men hem: „Belki, Hakyň nazary düşüp,
Günüm dogar!“ diýip, saňa garaşdym.

Säher Gün şuglasy äleme dolsa,
Dünýäm dolan ýaly saňa garaşdym.
Şahada ýetişen ter alma ýaly,
Bagyma baglanyp saňa garaşdym.

Bir pursat Aý Güne nazary düşdi,
Men gözümi süzmän saňa garaşdym....
Han-ha, Gün aýlanyp, didämde ýaşdy,
Umydymy üzmän saňa garaşdym.
1 лайков 103 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.