Meni menden sora!
Ikimiziñ geljegimiziñ nämälimlik ýüpüniñ üstünde yrgyldaýanlygy,senden garaşan ädimimiñ ädilmezligi kalbymy añryýany bilen bimaza edýär.Göwnüme,sen meni özgelerden sorap wagtyñy ýitirip ýören ýaly.Aýtmady diýme,özgeler meni meniñçe tanap,añladyp bilmez.Bilmez gylyklarymy,duýgularymy,gyş bilen mäşimiñ bişişmeýändigini,ýaz gelende göwnümde gülälekleriñ gülleýändigini...
Meselem ejemiñ maña keçjal diýýändigini bilmezler.Bu gylygym oña hiç tanamadyk kakamy ýatladýarmyşyn.Wiý,"Kaka"sözüni eşdenimde gözlerim ýaşarýandyr.Aslynda-ha jögi diýseñ jögidirin men.Haýsydyr bir filmiñ gynançly epizodyna tomaşa etdigim besdir.Gözümi süpürip oturandyryn."Duýguçyl"diýip sypaýylaşdyralymy ýa? Goý,şeýle bolsun.
Tomus gijelerinde daşarda oturyp,çyranyñ yşygyna ýalpyldaýan köçäni,asmandaky aýy,ýyldyzlary synlap oýa batmagy söýýärin.Elimde bir bulgur çaýym bolsa-ha diýmäñ keýpime.Hä,kofe halañokmy diýýäñmi? Tanyşlarymyñ köpüsiniñ tersine men kofesöýer däl.Şonuñ üçinem özge goşguçylaryñky ýaly goşgularymda kofe sözüne gabat gelip bilmersiñ.Goşgy diýdim welin,ýada düşdi.Dokuz-on ýaşlarymdan bäri iñ beýik söýgim,yşkym poeziýadyr.Ýüregime girdi-gireli dünýäm hyýal köşgi,apy-tupanlaryñ mesgeni.Şowly çykan goşgy ýazybilen günüm ömrümiñ iñ bagtly güni.
Başga näme aýtsamkam özüm hakynda?
Mekdepde lakamym "Ylym uran" talyplykda "professordy".Deñ-duşlarymyñ we mugallymlarymyñ tersine,hiç haçanam alyp-ýolup barýan zehinimiñ bardygyna ynanmadym.Bir ýerde okapdym:Käbir adamlañ akyl zehini,käbirleriniñ duýgy zehini güýçli bolarmyş.Belki,duýgy zehinim güýçlüdir.
Adamlaryñ bitip oturan güli ýolmaklary göwnümi mydama bimaza etdi.Men gülüñ toprakda - biten ýerinde owadanlygyna ynanýanlardan.Bilýän,muña ynanýanlar juda seýrek.Eger irde-giçde maña gül sowgat edesiñ gelse bu aýdanlarymy ýadyña sal.
Açyk howada ýöremek söýgüli pişelerimden.Hut şonuñ üçinem işe ýöräp gidýän.Ýüzüñi sypap geçýän näzijek şemaldan janym aram tapýar.
Ýagyşly howanyñ aşygydyr göwnüm.Ýagyşyñ ýekeje damjasynyñ ýere gaçýandygyny gördügim bes,derrew eñýändirin daşary.Depesi bassyrmaly sekimiziñ üstünde durup,ellerimi açyp,damjanyñ aýamda "tans edişini" synlamagy söýýän.Soñam söýgüli şahyrlarymdan Nobatguly aganyñ "Serwi agajy"poemasyny okaýan.
Gün tertibimi namaz wagtlaryna sazlaýaryn.Ertir namazyna turýaryn,öýle namazyndan soñ günortanky ukymy,(elbetde,işe gitmedik günlerim) ýassy namazyndan soñ bolsa gijeki ukymy alýaryn.
Aýdymlar içki dünýämiñ esasy bölegini tutýar.Şol pursatky ahwalyma görä şowhunly ýa-da duýgyçyl aýdymlary diñleýärin.Duýguçyl aýdymlarda oýa batýan bolsam şowhunly aýdymlarda tans etmegi halaýaryn.Aýratynam işe gitmek üçin aýnañ öñüne geçip,saçymy daranymda şowhunly aýdymlary diñleýärin.
Romantik filmlere tomaşa etmekden görlüp-eşdilmedik lezzet alýaryn.Tomaşa edip oturkam baş roldaky gyzyñ ornuna özümi goýup arzuw edişlerimi dagy diýsene...
Kinolara bolsa keşde edip oturkam tomaşa edýän köplenç.Şonuñ üçinem öýüñ işlerini kinolarymyñ başlaýan wagtyna çenli boldum edýärin-de,keşdeläp oturanja ýakamy alyp,kinomyñ garşysyna geçýärin.
Iñ halaýan kitaplarymam yşk-söýgiden söz açýan romantik kitaplar.Aýratynam Jojo Moýesiñ "Senden öñ men"kitabynyñ ýüregimdäki orny başga.
Serimde iñ köp gaýtalaýan goşgum Gurbannazar Ezizowyñ "Maña seniñ gözleriñden gitme ýok"goşgusy.Eger bir gün gözleýän kişim ykbalyma öwrülse,onuñ gözlerime bakyp,şol goşguny aýtmagyny isleýärin.
Häzirlikçe özüm barada ýadyma düşenler şular.Galanynam (nesibämizde bolsa) bile geçirjek pursatlarymyzda bilersiñ."Ýok,ol günlere sabrym ýetenok"diýýän bolsañ,bilesiñ gelen zatlary soraber özümden.Ýöne haýyş edýän özgelerden soramak gylygyñy aýyr.
Öz diliñ bilen aýtdyñ "Soraşa-soraşa Bagdat tapylýar"diýip.Howwa,Mahym Bagdatdady,ýöne Tahyr Bagdady sorap,agtaryp tapmandy.Ykbal ony şol ýerlere getiripdi.Senem Tahyr boljak bolsañ ykbala boýun bol.Ýogsa-da nämä derkar saña Tahyr bolmak?! Tahyr bar ýerinde Zöhre-de bardyr.Zöhräñ bar ýerinde bolsa Mahym aglaýandyr. Gowsy,täze söýgi dessanymyzy ýazaly.Onda Bagdadam,Zöhre-de,Tahyram bolmasyn.Diñe Mahym we Mahyma aşyk ýigit bolsun!
@Belki

25комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.