Hassa oglanyň öz ýaryna ýazan iň soňky haty
Belki ýollar uzakdyr, gözüň ýetmesin,
Menden özge ýigde göwnüň ýetmesin.
Menden özge ýigide göwnüň gidäýse,
Söýüşip toý tutmak nesip etmesin.
Men ýatyryn gül ýassykda har bolup,
Sen geleňok derdim sorap zar bolup.
Men giderin gara guma garylyp,
Sen galarsyň bir görmäne zar bolup.
Men seni söýýärdim çyn ýüregimden,
Soňky günler maňa bir zada bolýar.
Begenmesiz zada begenip ýörün,
Hem-de sähel zada keýpim bozulýar.
Men seni söýýärin, söýýärin ýöne,
Meniň göwnüme sen meni söýmeýän ýaly.
Juda uly saýyp ýören bu bagtym,
Günlerde bir gün doňup, ýitaýjek ýaly.
Gyzyň ýazan jogaby:
Meniň göwnüme sen şeýle bir sada,
Başarmajak bagtyňa berme sen wada.
Söýgi ýodasynda ýok, bilseň kada,
Bagyşla oglan, meň garaşýanym şazada.
Menden özge ýigde göwnüň ýetmesin.
Menden özge ýigide göwnüň gidäýse,
Söýüşip toý tutmak nesip etmesin.
Men ýatyryn gül ýassykda har bolup,
Sen geleňok derdim sorap zar bolup.
Men giderin gara guma garylyp,
Sen galarsyň bir görmäne zar bolup.
Men seni söýýärdim çyn ýüregimden,
Soňky günler maňa bir zada bolýar.
Begenmesiz zada begenip ýörün,
Hem-de sähel zada keýpim bozulýar.
Men seni söýýärin, söýýärin ýöne,
Meniň göwnüme sen meni söýmeýän ýaly.
Juda uly saýyp ýören bu bagtym,
Günlerde bir gün doňup, ýitaýjek ýaly.
Gyzyň ýazan jogaby:
Meniň göwnüme sen şeýle bir sada,
Başarmajak bagtyňa berme sen wada.
Söýgi ýodasynda ýok, bilseň kada,
Bagyşla oglan, meň garaşýanym şazada.
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.