Begenmesiz zada begenip ýörün Hemem sähel zada keýpim bozulýar!

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Soňky günler maňa bir zada bolýar
Begenmesiz zada begenip ýörün
Hemem sähel zada keýpim bozulýar.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Seni seredenden gabanyp ýörün,
Käte seň ýanyňda egnimi gysyp,
Kä donuma sygman, gabaryp ýörün.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Sen maňa bir hili ýowuz görünýäň
Men seniň ýanyňa baryp bilemok
Hem onup bilemok saňa görünmän.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Sen meniň elimden gidäýjek ýaly
Juda uly saýyp ýören bu bagtym
Birden iññä dönip ýitaýjek ýaly.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.
Göwnüme sen meni söýmeýän yaly,
Bu zatlary nädip saňa aýdyp bor,
Nädip duýdurup bor agyr ahwaly???

G. Eziz
3 лайков 193 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 14:17
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Bolmasa-da söýmeklige hakym, gyz.
Ýa şo güni didelerňe baglandym,
Ýa bilmedim çenim bilen çakym, gyz.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Söýgim seň ýoluňa badak atýan däl.
Gamly günüň, ýowuz günüň ýada sal,
Bagtly günüň ýatlamagam hökman däl.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Nazarňa nazarym düşen halaty.
Eýsem göreçlerde ýerleşip bilýän
Dünýäň geldi-geçerlerine agladym.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Baglar öňküsinden juda enaýy.
Bir pursatlyk duýgulara berildim,
Günämi öt, gara gözli humaýym.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Aýlar —günler bakýan ýaly soragly,
Kä göwnüme uly ýaly bu dünýä,
Kä göwnüme neçüýn dünýä daraldy?!

Bu ýollardan eňip barýan çyrpynyp,
Birdenem joşýaryn, birdenem gaýdýan.
Bilemok nämüçin, nämüçin beýle,
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.

Awtory: A.Atabaýew
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 14:23
Ýollar meni sen ýanyňa äkider,
Näçe aýlaw, näçe çatryk bolsa-da..
Ýöne sen «Uzak-la?!» diýip, geň galma,
Bagtly ýollar kyn bolýandyr ýogsa-da.

Gowusy, meň sabrymdan sabyr böl-desen,
Öz sabryň üstüne sabyr sarap goý.
Hemem aýralyga göwün bölme sen,
Çykyp, zol-zol ýollaryma garap goý.

Men ak gyşda ak gar bolup bararyn.
Ýa, ýazda bararyn, meňzäp güllere,
Ýöne, sen ýadyňdan çykarma meni,
Hem göwnüňi berme özge dilbere.

Sen diňe garaşgyn, garaşgyn maňa.
Bir gün barýanymy aýdar ýagyşlar.
Men seni hiç zada deňäp bilmedim,
Senem meni hiç bir zada çalyşma!

A.Garaýewa?❤️
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 14:26
«Siz nomeri ýalňyşdyňyz!» diýip, tanyş ses jogap berdi....
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 14:28
– Maňa şu gün hat gelmelidi ahyry. Hökman. Hadym egnini gysdy.
— Diňe ajal hökman gelýändir, polkownik.

G.G.Markes, «Polkowniga hat ýazýan ýok»
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 14:30
Ýalňyz gijeler hem dürli-dürli bolýar. Käte özüňi hiç kime gerek däl ýaly duýýarsyň. Käte bolsa saňa hiç kim gerek däl.
***
Gödeklik edip, göwüne degip bilerin. Gerek bolsa. Emma hiç haçan ýaranmak üçin ýalan ýylgyrmaryn.
***
Agyrylar seni has güýçli etdi. Gözýaşlar seni has salyhatly etdi. Çykmadyk tamalar seni has akylly etdi. Geljegiňi ýagtylandyrany üçin geçmişiňe sagbolsun aýtmagy unutma.
***
Meni hakykat bilen urup bilersiň, ýöne hiç haçan ýalan bilen dözmezçilik etme.
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 14:31
Belki, sen henizem owadan gyzsyň,
Goja görünmäge utanýan saňa.
Belki sen henizem ýeke-ýalňyzsyň,
Goşa görünmäge utanýan saňa.

Italmaz Akmyradow
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 14:31
– Ýaşaýyş näme?
– Mekdepden öňki 6 ýyl we pensiýadan soňky 3 ýyl.
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 14:36
Ýetip bilmejek ýazym
Seni göresim gelýär.
Dörüp köne samany
Gürrüň beresim gelýär.

Ýyllar geçdigi saýy
Heser möwjeýärmikä?!
Ara aýralyk düşse
Söýgi güýjeýärmikä?!

Kaýyl bolup kysmata
Derdi özüm çekýärin
Hyýalda saňa duşup
Bolsadyny edýärin

Gözümde nem galmady
Gözýaş dökmän aglaýan
Setir ýazyp sen hakda
Öz göwnümi aldaýan.

Yşkym çyndan bolmasa
Beýle ýanyp köýmezdim.
Ykbal çatan bolsada
Şundan artyk söýmezdim.

Hemra bolup ak ýollar
Eltsin seni eşrete
Gussa çekme men seni
Rowa görmen hesrete

Ýüregimde ýaşaýan
Unudamok ýeke gün
Meniň gamly goşgymy
Sen şatlanyp okagyn,

Senaly
Ishan
12 окт 2023, 23:23
Senaly. Ýalñyşmasam shahyr Didarberdi Allaberdiyew bolmaly, nebitdagly (balkanabatly)
Garlawaç
Автор 13 окт 2023, 18:09
Ishan,
Howwa, şol şahyr))
Şemsimar
14 окт 2023, 02:12
Garlawaç,Salam.Oňatmysyňyz ? Teswirlerňizdede paşlaşýanlaňyzam halaýan özüme bellijek edip alýan hemmesinem.
Şemsimar
14 окт 2023, 02:12
Garlawaç,Salam.Oňatmysyňyz ? Teswirlerňizdede paşlaşýanlaňyzam halaýan özüme bellijek edip alýan hemmesinem.
Şemsimar
14 окт 2023, 02:13
Garlawaç, Öwrenmelä geleňzok !? )
Garlawaç
Автор 14 окт 2023, 08:13
Şemsimar,
Salam, oňat Hudaýa şükür. Aňyryk näme nik bn girýäňiz?