Aýyp görýän duýgularmy ýazmagy...

Aýyp görýän duýgularmy ýazmagy,
Şoň üçin setirmi ilden gizleýän.
Hemem maňa geňirgenmäň adamlar,
Derdim gizläp ilden kömek isleýän.

Özüm bilen özüm gürleşdim şugün,
Täsin, ýalňyzlyga höwrügipdirin.
Indi öňkim ýaly aglaberemok,
Ýaralarmam sarap öwrenşipdirin.

Hawa, birazajyk dikdüşdiräk men,
Gaýgymam,
şatlygmam saklap bilmeýän.
Ýene bir zat, ölen duýgym öňünde,
Setir bilen özüm aklap bilmeýän.

Durmuş oýunlary kyn gelýär biraz,
Ýogsa olam hoşlaýamy göwnüni?!
Menem başym alyp giderin mundan,
Şonda dertden goraryn men özümi...

23:21
27.05.2023
Enemähri Guwanowa
7 лайков 222 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 01:16
Oktýabr! Senden ýapraklar dökülýär, mendenem duýgylar ... ?
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 01:18
...Begenmesiz zada begenip görün,
Hemem sähel zada keýpim bozulýar...

G.Eziz.
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 01:20
Onsoňam… Sen göwnüňi giň tut. Şol ýerde bir gysylyp galmaýyn, dostum.

Begençgeldi Orazow
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 01:23
Kebelekleň nesli tükenmez entäk, ony gaýgy etme. Sen tebigaty arz et Ýaradana. Mümkin bolsa, ýene bir-iki aý goşup bersin bahara. Gyşdan kemse bolar, halys bolmasa. Onsuzam dokuzymyz üçe ýetenok. Hemem, güýzi unutma, dostum. Dekabr aslynda güýzüň kapyýasy.

Begençgeldi Orazow
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 01:32
Aýnada özüňe syn edýäňmi bir?! Agyr dälmi gözleňdäki betonlar? Utanma, agla!
Arasynda ýöriteläp saçyňy dara. Şemalam halaýar bezemenleri. Gözellik diýip aşa kösenme ýöne. Ýylgyryp goýber.

Begençgeldi Orazow.
#B.S
12 окт 2023, 01:33
Ýatow ziom. Ukyň gelenokmy seň?Menä insomniýa keseline duçar bolan. Uklamok.
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 01:41
Iñ soñky garlawajam depämden geçdi gitdi...
Häzir güýz pasly...
Güýz - gussa döwri...
Guşlaryñ gidip barýanyna ýüregim gyýylýar...
"Duruñ, nirä barýañyz, duruñ-a!.." diýip... ses edip yzlaryndan ylgaýasym gelýär…

Bekir JOŞKUN.
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 01:45
Khanture,
Waheei, seniň üçin gynandym. Şu telimiň megebaýytyny gutaryp bilmän otyn)).
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 01:54
Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň

Sapa HOMMADOW
Kerbaba
12 окт 2023, 07:00
саг бол етиренине! sps
OrazMuhammet Aşyrow
12 окт 2023, 07:21
Duýgular ýygra bolup galdy, çykanok hiç ýürekden. Ýekelegidede gowy höwrükdik, indi köçelerde gözümi çyglabam ýöremok. Ýöne näme üçindir entägem unudup bilemok, asyl unutjagam bolamok. Gaýta ýene şol öňküler söýüp ýörün...
Ak-sary
12 окт 2023, 12:06
Garlawaç
...Begenmesiz zada begenip görün,
Hemem sähel zada keýpim bozulýar...

G.Eziz.

Nobatguly aga bolaymasyn!
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 14:01
Ak-sary,
Indiki postumda goşgyny doly paýlaşaryn, osoň: ,,Häää" diýersiňiz :))
Ak-sary
12 окт 2023, 16:06
Garlawaç
Ak-sary,
Indiki postumda goşgyny doly paýlaşaryn, osoň: ,,Häää" diýersiňiz :))

Garlawaç
Ak-sary,
Indiki postumda goşgyny doly paýlaşaryn, osoň: ,,Häää" diýersiňiz :))

Tazeden ýazmaly boldym.Nobatguly Rejebow bolaýmasyn?
Belki
12 окт 2023, 19:16
Jedelleşen goşgyñyz Atamyrat Atabaýewiñki.
Garlawaç
Автор 12 окт 2023, 19:17
Ak-sary,
Ýok, siz ýalňyşýan bolaýmaň :-)
Abat
29 окт 2023, 13:54
Mumkin bolsa paylasjak)
Garlawaç
Автор 29 окт 2023, 14:30
Abat,
Nämäni paýlaşjak goşgynymy:))
Abat
29 окт 2023, 14:58
Hawa.öwrenmelide paylashsam bolara)
Garlawaç
Автор 29 окт 2023, 17:13
Abat,
Hawala, göwnüňe ýaran bolsa, soromok nämä gerek ony:)))