Gujaklasym gelyar ozum ozimi... (Her sahyrdan bir bent)


Biwepalyk etse ýakyn ynsanym,
Tyg eýleýip kalba bassa közüni.
Bu dünýäde gaçyp hemmä ynamym,
Gujaklasym gelýär özüm-özümi.

Kerim Hallyýew

Dogryñ ýok ýerinde ýalan mesele,
Belki bardyr bir ýerlerde çözüwi.
Eger duşsam söýgi atly kesele,
Bejeresim geler özüm-özümi.

Jemşit Hajymammedow

,,Dost" diýip ýüz görsem, tämizlik üçin,
Käte diýip bilmän diýjek sözümi,
Meni şatlandyrjak kämillik üçin,
Ýazgarasym gelýär özüm-özümi.

Baýram Bejidow

Gördüm bu durmuşda niçe adamdan,
Ýaranjaklan bolup , iki yüzüni.
El çekmän haramdan bal dek dadandan,
Biraz uzak tutdum ,özüm-özümi

Hajymyrat Goşaýew

Ýowuz synagyna salanda durmuş
Dözümlirak basan wagty közüni.
Almazlygym  üçin illerden  gargyş,
Sabr bilen ýeñdim özüm-özümi.

Begenç Baýramow

Ýazsam dünýädaki ähli şumlugyn,
Ser salyp bakaýsam açyp gözümi.
Şol pursat duýaryn zemin tümlügin,
Ýagtylyga çekip özüm-ozümi.

Çynar Nasyrowa

Köpler "dostum" diýip geplär ýalandan,
Iş ýüzünde gaçyp gider hemmesi.
Hiç peýda ýok eken ýalan dostlardan,
Ýene goldamaly özüm-özümi.

Mekangeldi Ýollyýew

Eden arzuwlarym bolanda hasyl,
Ykbal oda atsa bagtyň közüni.
Onuň sebäbini daşdan gözlärin
Magtap bilmerinä özüm-özümi.

Begenç Ataýew

Barýarmyka gursaklarmyz daralyp,
Üýtgeýärmi adamlaryň düzümi.
Zatdan doýmaz, bu gözlerden ar alyp,
Tertipläsim gelýär, özüm-özümi.

Ýusup Meredow

Daşyndan şeýlebir owadan dünyä,
Ýöne durmuş, sylamaýar herkimi.
Wagty bilen kimiñ kimligin bilyäñ,
Baş egmen! Dik saklap özüm-özümi!

Merdan Jumaýew

Ötgür sözler hanjar kimin kalbyma.
Dürtülip, ýyrtanda ýuka göwnümi.
Hijem bildirtmedim dumly duşuma.
Barha taplaberdim özüm-özümi

Setdar Myradow
1 лайков 220 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Venus
31 янв 2023, 19:17
Aňsadam eken-ä)
Perman Izakow
31 янв 2023, 21:08
Kerim Hallyýew

Dogryñ ýok ýerinde ýalan mesele,
Belki bardyr bir ýerlerde çözüwi.
Eger duşsam söýgi atly kesele,
Bejeresim geler özüm-özümi.

Jemşit Hajymammedow

,,Dost" diýip ýüz görsem, tämizlik üçin,
Käte diýip bilmän diýjek sözümi,
Meni şatlandyrjak kämillik üçin,
Ýazgarasym gelýär özüm-özümi.

Aýdyşyklary ýadyma düşdi ?
kesirkelle
31 янв 2023, 22:44
Sähel sebäp tapsam ylgal barýan da
Öz özümi garsa gujaklaýan men.

Sapa Hommadowdan bolmaly şu setirlerem ýalñyşmaýan bolsam.
kesirkelle
31 янв 2023, 22:45
Onsañam ýokardakylañ hemmesi şahyrmy?!. Diñe atlarny okap çykdym. Hijisini tanamadym. Menem adam tanamok şu günler?
Massimus
01 фев 2023, 10:21
"Aýlyk geçdi" diýip habar gelende,
Gujaklasym gelýär Altyn asyry