Garaşdym...
Diriligme merhum eden bolsaňam,
Ýoluňa intizar bolup garaşdym.
Yşk-söýgiňden mahrum eden bolsaňam,
Zar bolup, saralyp-solup garaşdym.
Gözlerimi näçe ýaşlanam bolsaň,
Garaşdym, garaşdym, saňa garaşdym.
Çykylmaz çukura taşlanam bolsaň,
Senden geljek birje jaňa garaşdym.
Diýselerem “Indi garaşma, gelmez”,
Ýüregmi ýaralap, aglap garaşdym.
Diýselerem “Gadryň bilmedi, bilmez”,
Bagrymy paralap, daglap garaşdym.
Diňe aglamadym, gülüp garaşdym,
Kä direldim, käte ölüp garaşdym.
Hemişe ýaşladym gara gözümi,
Haçan ýalňyz duýanymda özümi.
Ýalňyzlyga garşy ýeke göreşdim, Garaşdym, garaşdym, ýene garaşdym.
Garaňky gijede, garaňky jaýda,
Ýeke samrap, özüm bilen uruşdym.
Men saňa şol geçen kyrk sekiz aýda,
Görýäňmi, nähili, nädip garaşdym?!
Ejegyz...
Ýoluňa intizar bolup garaşdym.
Yşk-söýgiňden mahrum eden bolsaňam,
Zar bolup, saralyp-solup garaşdym.
Gözlerimi näçe ýaşlanam bolsaň,
Garaşdym, garaşdym, saňa garaşdym.
Çykylmaz çukura taşlanam bolsaň,
Senden geljek birje jaňa garaşdym.
Diýselerem “Indi garaşma, gelmez”,
Ýüregmi ýaralap, aglap garaşdym.
Diýselerem “Gadryň bilmedi, bilmez”,
Bagrymy paralap, daglap garaşdym.
Diňe aglamadym, gülüp garaşdym,
Kä direldim, käte ölüp garaşdym.
Hemişe ýaşladym gara gözümi,
Haçan ýalňyz duýanymda özümi.
Ýalňyzlyga garşy ýeke göreşdim, Garaşdym, garaşdym, ýene garaşdym.
Garaňky gijede, garaňky jaýda,
Ýeke samrap, özüm bilen uruşdym.
Men saňa şol geçen kyrk sekiz aýda,
Görýäňmi, nähili, nädip garaşdym?!
Ejegyz...
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.