“A men saňa şeýle bir köp garaşdym!”

Geldiň,
Ikimizi duşurdy günler,
Şol öňki ýapraklar, şol öňki güller
Bizi garşylady bagta ýar bolup,
Ikimizdenem has bagtyýar bolup.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Dogdy, söndi, ýene dogdy ýyldyzlar.
Sen, güneş deý, maňa elýetmez daşdyň,
Gözýetimden keşbiň gözlände gözler.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Garaşdym asmanda Aýlar solynça.
Diňe düýşlerimde hakykat bolan
Arzuwlarym ahyr hasyl bolynça.
Sen geldiň-de, täze eýýamy açdyň,
Sen bilmediň, saňa näçe garaşdym.
O wagtlar şemal bolup uçardym,
Seni gözläp aýnalary açardym.
Saçlaryn oýnardym juwan ýaşlaryň,
Ýalňyzlykda sensiz ençe ýaşadym.
Şemallardan salam ýolladym saňa,
Gijeler agaryp sapanda daňa.
Sen ýanymda,
Bize baglar garaýar,
Şemal gara saçlaryňy daraýar.
Sen bolsa gözüme garaýaň sessiz,
Men nädip,
men nädip ýaşadym sensiz?!
Ýok, men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Gündizler saraldy, gijeler soldy.
Çarkandakly ýollar bilen göreşdim,
Ahyr saňa barýan ýoda arçaldy.
Ykbaldan gaçara ugur ýok, ýol ýok,
Belki, güler ertir gözümiz baglap.
Men giderin, ýöne köne arzuwlam
Uçup ýeter seniň yzyňdan galgap.
Sebäbi men, şeýle bir köp garaşdym,
Ýarty bolup galyp, ýarym idedim.
Bitewi bir mana öwrülmek üçin,
Garaşyp, göreşip, gözläp ýadadym.
Ine, sen ýüzüme garap ýylgyrýaň,
Görmän, duýman ýadawlygyn gözlermiň.
Men bolsa bagtyma ynanman barýan,
Ahyr soňy tamam bolan gözlegim.
A men saňa şeýle bir köp garaşdym,
Birmahal ýaş bolup didäňe siňip,
Şol gözleri hiç unudyp bilmedim,
Bir ýalňyz şem deýin tümlige daňyp.
Belki, ertir ýaşap bilersiň mensiz,
Belki, menem ýaşap bilerin demsiz.
Bagtyýar durmuşym gutarar şomal,
Men onsoň ýene-de bolaryn şemal.
Ýene seni gözläp ýollar sökerin,
Ýene agaçlaryň gülün dökerin.
Ýene-de syparyn juwanlaň başyn,
Ýene garap, tümler bolar syrdaşym.
Seni tapyp hasratymy kemerin,
Demiň bilen gursagyňa siňerin.
Gije ýaly saçlaryňy dararyn,
Ýüzüň sypap, ýuwaşja pyşyrdaryn:
A men saňa şeýle bir köp garaşdym!

A men saňa şeýle bir köp garaşdym!

Gunça MAKENOWA
7 лайков 270 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Margarita
04 июн 2022, 07:49
Ajaýyp goşgy. Söz ýok. ?
Öwreniji
04 июн 2022, 08:11
(Asgyrýan smailik) hak söz
Senyorita.
04 июн 2022, 08:15
Şomal – sözi, şo mahal diýen ýalymy ýa başga manyda?
Ötegçi
04 июн 2022, 08:54
Saçlaryn oýnardym juwan ýaşlaryň,--şutaýy birhili bolupdyr diýmeseñ?, gowy eken?

Şuña meñzeş, ýonekeý okyjylañ kan tanamaýan awtorlaryndan köpräk paýlaşsana, agam!
Pegas
Автор 04 июн 2022, 09:05
senyorita.
Şomal – sözi, şo mahal diýen ýalymy ýa başga manyda?

Edil özi.
Pegas
Автор 04 июн 2022, 09:06
Ötegçi
Saçlaryn oýnardym juwan ýaşlaryň,--şutaýy birhili bolupdyr diýmeseñ?, gowy eken?

Şuña meñzeş, ýonekeý okyjylañ kan tanamaýan awtorlaryndan köpräk paýlaşsana, agam!

Nesip bolsa.
Гость
04 июн 2022, 10:10
Goşgyň başyndan okap başladym, ýaryndan geçip geçmänkämem okamamy goýdum. Goşgy diýilýän zady okadygyňça okasyň gelse, a bu goşgyny özüme zor salyp zordan ýaryna ýetdim. Bar aýtjak bolan zadam azara galyp garaşypdyr. Meňä şu goşgudan "agzym" tagam tapmady.
Pegas
Автор 04 июн 2022, 10:12

Awtoryň zenandygyny hem göz öňünde tutmaly. Gyzlar köp geplegen bolýar)))
Гость
04 июн 2022, 10:35
Pegas, men seň iki sany goşgyňy paýlaşypdym arada, EJE hakda. Ýylyny sorapdym, çak edişim ýaly önki goşgulaňfan eken. Seň häzirki goşgulaň bilen öňki goşgulaň tapawudy dag- bilen deňiz (özüňem duýýansyň). Höwes ýokmy şahyr aga goşga, ýa ukyp diýen zadam garraýamyka?
Öwreniji
04 июн 2022, 11:23

Atmosfera ýok. Instituta girmänkäm goşgy ýazýan tanyşlarymyň jynym jyňkyryşýanlarynyň köpüsi töweregimdedi. Indi bolsa olaň hersi bir ýerlerde. Aşgabatda, Lebapda, Daşoguzda... Soň institutda wagtymam töweregimde ýazýanlar kändi hemem öz edebiýatçy mugallymlarym hem bardy ýanymda.
Indi şol atmosfeadan hiç zat ýok. Şol bir durmuş. Mekdep, çagalar, öý... Ýene ertesi şeýle. Garaz, şeýleräk.

Atmosferany islenen site berýär eger, özüňde höwes bolsa.
Soho
04 июн 2022, 11:33
hak aydyan @myhmanjan, @Pegasyn onki goshgularyny koplench okayan, shu wagtkylardan tapawutly...
Pegas
Автор 04 июн 2022, 11:40
Remezan
Pegas
Гость
Pegas, men seň iki sany goşgyňy paýlaşypdym arada, EJE hakda. Ýylyny sorapdym, çak edişim ýaly önki goşgulaňfan eken. Seň häzirki goşgulaň bilen öňki goşgulaň tapawudy dag- bilen deňiz (özüňem duýýansyň). Höwes ýokmy şahyr aga goşga, ýa ukyp diýen zadam garraýamyka?

Atmosfera ýok. Instituta girmänkäm goşgy ýazýan tanyşlarymyň jynym jyňkyryşýanlarynyň köpüsi töweregimdedi. Indi bolsa olaň hersi bir ýerlerde. Aşgabatda, Lebapda, Daşoguzda... Soň institutda wagtymam töweregimde ýazýanlar kändi hemem öz edebiýatçy mugallymlarym hem bardy ýanymda.
Indi şol atmosfeadan hiç zat ýok. Şol bir durmuş. Mekdep, çagalar, öý... Ýene ertesi şeýle. Garaz, şeýleräk.

Atmosferany islenen site berýär eger, özüňde höwes bolsa.

Bu saýtdaky atmosferadan atmosfera bolmaz, agam.
Ötegçi
04 июн 2022, 12:15
Atmosfera da atmosferadyr wln agam Dikinsonyñam atmosferasy siziñkiden tapawutly bolandyr öýtjek däl men-ä.. ýöne öñki seleñ howalara öwrenişdim, bu howa uýgunlaşyp bilemok diýseñ başga mesele...
Pegas
Автор 04 июн 2022, 12:45
Ötegçi
Atmosfera da atmosferadyr wln agam Dikinsonyñam atmosferasy siziñkiden tapawutly bolandyr öýtjek däl men-ä.. ýöne öñki seleñ howalara öwrenişdim, bu howa uýgunlaşyp bilemok diýseñ başga mesele...

Her kimde her hili-dä.
Öwreniji
04 июн 2022, 12:49
Pegas
Remezan
Pegas
Гость
Pegas, men seň iki sany goşgyňy paýlaşypdym arada, EJE hakda. Ýylyny sorapdym, çak edişim ýaly önki goşgulaňfan eken. Seň häzirki goşgulaň bilen öňki goşgulaň tapawudy dag- bilen deňiz (özüňem duýýansyň). Höwes ýokmy şahyr aga goşga, ýa ukyp diýen zadam garraýamyka?

Atmosfera ýok. Instituta girmänkäm goşgy ýazýan tanyşlarymyň jynym jyňkyryşýanlarynyň köpüsi töweregimdedi. Indi bolsa olaň hersi bir ýerlerde. Aşgabatda, Lebapda, Daşoguzda... Soň institutda wagtymam töweregimde ýazýanlar kändi hemem öz edebiýatçy mugallymlarym hem bardy ýanymda.
Indi şol atmosfeadan hiç zat ýok. Şol bir durmuş. Mekdep, çagalar, öý... Ýene ertesi şeýle. Garaz, şeýleräk.

Atmosferany islenen site berýär eger, özüňde höwes bolsa.

Bu saýtdaky atmosferadan atmosfera bolmaz, agam.

Haçan öýlenýäň, Kursdaşyňam ýeke galan kilka balyk ýaly aýlanyp ýörşi, şoňa prikol edip bir goşgy düzäý azajyk atmosfera bolardy