Syrly bukja (dowamy)
*** Hawa bu hatyň gelenine on bäş gün boldy. Şol iş stolunyň tekjesine düşeli bäri eýýäm , çaň basyp başlapdy. Şol garaşyp ýatyşyna wagt geçip gidipdir. Ýogsa, näme sebäp bolup biler. Oglan:
-Haty soň gelip okaryn, diýip tekjä saldy. işine howlukmaç ugrady. ýolda gidip barşyna, şol hat hakda oýlandy. Kakam näme üçin hat iberdikä, näme sebäpden. jaň edip göreýin, diýip eline telefonuny alanam şoldy, iş ýerinden jaň geldi.... Howlukmaç ädimini çaltlandyrdy. Iş ýerine baranynda, iş sapary bilen daşary ýurda ugradylýanlygyny, näçe gyssansa şonça gowy boljagyny duýdyrdylar. Mundan öňem iş sapary bilen birnäçe gezek gidipdi... Ýöne bu gezek iş saparyna gitmeklige hiç hili aýagy çekmedi. Oý-hyýal bilen gümra bolup, göwünli-göwünsiz, iş saparyna taýynlyk görüp başlady. Birdenkä başlygyndan öz ýerine başga işgär ugratmagyny haýyş etmek pikiri geldi we şol maksat bilen iş otagyndan çykyp , başlygynyň otagyna tarap ädimini ädip başlapdy. Şol wagt yzyndan "Tahyrym" diýip, gulagyna tanyş ses geldi. Yzyna seretse özüniň işdeş halaşýan gyzy, mähirli ýylgyryp gelýärdi. Ýigidiň bar pikiri başyndan uçup gitdi. Gyzyň şeýle ýylgyrşyny öň birnäçe gezek görenem bolsa, häzirki ýylgyrşynda, bir jadyly güýç bar ýaly, dünýäni unutdy. Sebäbi özüne mynasyp gören gyzy, onuň bilen durmuş gurmagyň kül-külüne düşipdi , hatda bu barada ikisi maslahat edip, sawçylyga iberiljek gününiň sähedini hem özara belläpdiler.
Yzyna öwrüldide gyz bilen iş otagyna girdi, hem-de öz aralarynda mesawy gürrüň alyşdylar . Gyzyň ilkinji söz açmasy bilen oglanyň iş saparyna gitýänliginiň uly abraýa ýetip, gowy iş görkezendigini we köp kişiniň beýle üstünlige ýetip bilmeýändigini aýdyp, ony ýürekden gutlady. Garaz, ýigidiň gowy tarypyny ýetirip, hatda özüniň käbir joralarynyňda ikisiniň halaşýanyna gözi gidýändigini aýtdy. Bu ikisi işe başlanda-da deň işe kabul edilipdi. Şonda ikisiniň tötänlikde duşuşmagy şu günki günde hem işdeş ýoldaşlarynyň dilinden düşenok, ilkinji işe kabul edilýän günleri bolansoň, gökden düşen ýaly iş resminamalaryny kärhananyň başlygyna alyp gelýärkä, biri-birine petepet gabat gelip, çakyşyp, elindäki kagyzlary gaçyrypdylar. (göýä, hindi kinolaryndaky ýaly) ýalňyşlyk bilen resminamalaryny çalşan bolsa nätjek. Gyz eýýäm başlygyň otagyndan çykyp, gelýän ekeni, ýigit bolsa indi kabul edilmelidi. Bu waka oglany ilkinji güni utanja goýupdy. ondan bäri birýarym ýyl geçdi, indi bolsa kärhananyň işgärleri bu ikisine degişip, Zöhre Tahyr ýada Şasenem Garyp diýip ýüzlenýärdiler. Umuman alanyňda hakyky adyny tutýanam ýokdy, Üstesine başlygyda oglana Tahyrjan ýada Garybym diýýärdi. Başda ýokyş görenem bolsalarda, soňabaka özleri hem biri birine şeý diýip, ýüzlenip başladylar. *** dowamy bar ....

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.