Bir abzasy ýok, okaň lezzet alyň
.... ýöne men muny etmedim. Ýene bir gezek ýalňyşmasam bäş ýaşlaryňda bolmagyň mümkin, indi çagalar bagynada, enekäde, garaz gowy öwrenen wagtyň, seni çagalar bagyna goýup, gaýdanymda, -kaka men seni gowy görýän , men saňa garaşjak, diýipeliňi galgadanyňda, ýada seni almaga baranymda, oýnap ýören çagalaryň arasyndan, iki eliňi gerip -kaka, kakam geldi , diýeniňde saňa gaharly, lellim bolma diýipdim, ýogsa şol wagt seni gijagyma basasym,ýaňagydan ogşasym gelmän duranokdy. Okuwa gidip, gowy baha alanyňdada, berekella diýip dyzymyň üstünde oturdyp, gündeligiňi göresim gelýärdi. Ýöne bu zatlary etmedim. Çünki sen ýaşlykdan gatybaş, mert bolmagyňy isledim. Ýadyňdamy saňa, eşikleriňi hapalap, üst-başyňy palçyk edeniňde, gulagyňdan çekip özüň gazanan bolsadyň, ýa özüň ýuwýan bolsaň beýle etmezdiň diýenim. Elbetde bu gahardan bolubam biler, sebäbi seniň iýjek naharyňy, geýjek geýimiňi, seniň özüň edip bilmeýän ähli zatlaryň bary meniň boýnumady. Käwagt, gije basyrganyp, eje, diýip meni gujaklardyň, men bolsa, uzak gije seniň başyňy sypap, gözüme çirik çekmän, aglardym, saňa diňe süýji arzuwlar ederdim. Dogrysy, seniň ýanyňda gatyrgansamda, özümi nähili horlaýandygymy, özümden başga hiç kim bilenokdy. Ýogsada men saňa has ysnyşypdym, şol sebäpli, seni öz ýanymda galmagyňy isledim. Sen watan gullugynda wagtyňam, ýokary okuw jaýynda wagtyňda, häzirem şol başyňy sypap, ýanymda dünýäni unudyp, ýatyşyňy synlasym gelýär. ýöne sen indi uly adam bolduň, hiç bolmanda ejeň bilen eden arzuwymy edip, seni öýli işikli etsedim. Saňa näçe gödek daranam bolsam, her gezek seni ynjydanym üçin, ýüregimiň bir tary üzülýär. Seniň öýkeläp gideniňden bäri indi, özümde erbet hassalyk duýýan, saňa gowy kaka bolup bilmedim, her gezek seniň garşyňa gitdim, seniň pikiriňe garşy boldum.Men şu wagt şu haty ýazýarkamda, gözlerimde ýaş dolup dur. Meni bagyşla eger mümkin bolsa, saňa her gün garaşýan , meni gelip ýanyňa alyp gitjek diýseň men razy , indi mende artyk güýç, kuwwat galmady. Saňa garaşýan , hormat bilen kakaň. *** Hawa bu hatyň gelenine on bäş gün boldy. Şol iş stolunyň tekjesine düşeli bäri eýýäm , çaň basyp başlapdy. Şol garaşyp ýatyşyna wagt geçip gidipdir. Ýogsa, näme sebäp bolup biler. -Haty soň gelip okaryn, diýip tekjä saldy. işine howlukmaç ugrady. ýolda gidip barşyna, şol hat hakda oýlandy. Kakam näme üçin hat iberdikä, näme sebäpden. jaň edip göreýin, diýip eline telefonuny alanam şoldy, iş ýerinden jaň geldi.... Howlukmaç ädimini çaltlandyrdy. Iş ýerine baranynda, iş sapary bilen daşary ýurda ugradylýanlygyny, näçe gyssansa şonça gowy boljagyny duýdyrdylar. Mundan öňem iş sapary bilen birnäçe gezek gidipdi... Ýöne bu gezek iş saparyna gitmeklige hiç hili aýagy çekmedi. «dowamy..... Şu oý-hyýal bilen gümra bolup, göwünli-göwünsiz, iş saparyna taýynlyk görüp başlady. Birdenkä başlygyndan öz ýerine başga işgär ugratmagyny haýyş etmek pikiri geldi we şol maksat bilen iş otagyndan çykyp , başlygynyň otagyna tarap ädimini ädip başlapdy. Şol wagt yzyndan Tahyrym diýip, gulagyna tanyş ses geldi. Yzyna seretse özüniň işdeş halaşýan gyzy, mähirli ýylgyryp gelýärdi. Ýigidiň bar pikiri başyndan uçup gitdi. Gyzyň şeýle ýylgyrşyny öň birnäçe gezek görenem bolsa, häzirki ýylgyrşynda, bir jadyly güýç bar ýaly, dünýäni unutdy. Sebäbi özüne mynasyp gören we durmuş gurmagyň kül-külüne düşüpdi, hatda bu barada ikisi maslahat edip, sawçylyga iberiljek gününiň sähedini hem özara belläpdiler. Yzyna öwrüldide gyz bilen iş otagyna girdi. hem de öz aralarynda mesawy gürrüň alyşdylar . Gyzyň ilkinji söz açmasy bilen oglanyň iş saparyna gitýänliginiň uly abraýa ýetip, gowy iş görkezendigini we köp kişiniň beýle üstünlige ýetip bilmeýändigini aýdyp, ony ýürekden gutlady. Garaz, ýigidiň gowy tarypyny ýetirip, hatda özüniň käbir joralarynyňda ikisiniň halaşýanyna gözi gidýändigini aýtdy. Bu ikisi işe başlandada deň işe kabul edilipdi. Şonda ikisiniň tötänlikde duşuşmagy şu günki günde hem işdeş ýoldaşlarynyň dilinden düşenok, ilkinji işe kabul edilýän günleri bolansoň, gökden düşen ýaly iş resminamalaryny kärhananyň başlygyna alyp, gelýärkä, biri birine petepet gabat gelip, çakyşyp, elindäki kagyzlary gaçyrypdylar. (göýä, hindi kinolaryndaky ýaly) ýalňyşlyk bilen resminamalaryny çalşan bolsa nätjek, gyz eýýäm başlygyň otagyndan çykyp, gelýän ekeni, ýigit bolsa indi kabul edilmelidi. Bu waka oglany ilkinji güni utanja goýupdy. ondan bäri birýarym ýyl geçdi, indi bolsa kärhananyň işgärleri bu ikisine degişip, Zöhre Tahyr ýada Şasenem Garyp diýip ýüzlenýärdiler. Umuman alanyňda hakyky adyny tutýanam ýokdy, Üstesine başlygyda oglana Tahyrjan ýada Garybym diýýärdi. Başda ýokyş görenem bolsalarda, soňabaka özleri hem biri birine şeý diýip, ýüzlenip başladylar. ***
«hekaýanyň dowamy .... Gyzyň öwgüsinden soň ,öňem özüni unudan ýigit indi hasam, kellesi başga hyýallarda gaýyp başlady. Gyz: - Garybym biziň toý tutmak pikirimizi, sen iş saparyndan gelen soň, sähetli günini belläýeli, diýdi we ýylgyrdyda: özüňem bu barada kakaňa aýdyp, begendirersiň hemde sawçylyga iberersiň diýdi. Şol wagt ýigidiň kakasyndan gelen haty ýadyna düşdi we ýene öýkeli hüňürdäp. Aý , bilmedim.... kakam hata ýollapdyr, gyssagly ýagdaýda bolanym üçin öýde tekjä oklap gaýdyberdim, ýanymda alyp gaýdaýanymdada boljakdy welin, bu hakda oikirem etmändirin... - Şeýlemidi asyl, onda saňa möhüm bir zat aýtmak islän bolmagyda mümkin ahyryn. - Bilmedim.. şol öýden git diýenden bäri, men jaň edemok, özide jaň edenok, öýlenjek diýäýenimdede ýumşar öýdemok. - Elbetde ýumşar, ol seniň kakaň ahyry, seniň özüň hem şol kejirligiňi edip ýörşiň. bir gezek halyndan habar tutsaň, öýkesi ýazardy. -Näbileýin, öň birnäçe gezek sowgadam, kemçilik çekmesin diýip pulam ugratdym, baryny yzyna iberipdir. Kakamy menden gowy tanaýan dälsiň , Ýöne bu ýerde başga zat bar, hat ýazany geň galdyrýar, jaň edip bilmesede, sms arkaly näme aýtmak islesede bordy ahyry. belki bir zat bolaýdymyka.... toba her nämede bolsa, jany bir sag bolsun. Şonuň üçin iş saparyna meni dälde, başga bir işgäri ibermekligi, haýyş etmek maksady bilen, başlyga ýüz tutmaga barýadym. Sen näme diýersiň, maslahatly don gysga bolmaz diýilýär. -Gyý, oglan o nähili başga kişi, seniň ýaly iş saparyna gitmeklik hiç kime ýetdirip baranok, onsaňam bu iş ýöne iş däl bolmaly, göni saňa bagly iş, senden başga hiç kimi gözöňüne getirmeýän bolmaly, Başlygam seni ibermek islän bolsa, haýyrly bir işiň başyny tutan bolmaly. meniň pikirimçe sen inkär etmeseň gowymyka diýýän, kakaň barada bolsa alada etme, özüm habar tutaýaryn. Öýkesi bolsa, sen gelinçäň ýaz ýaly eräp gider. -Ýogsada sen näme, kakamyň ýanyna baragada, men ogluň bilen halaşýan, siziňem geljeki gelinligiňiz diýäýjekmi? diýip, oglan myssa ýylgyrdy. -Ýokla, heýem men şeý diýmände başga söz gytmy? bu işleri maňa goý, özüm hötdesinden gelerin, iň gowysy sen ýol şaýyňy düwde, taýynlan öýüňem, kakaňam, hatyda alada etme. Üstesinede öňkiň ýaly sowgatlyja gelgin, diýip ýylgyrdyda üstünlik diläp, otagdan çykyp gitdi.
«hekaýanyň dowamy ....... Şu wagt hem Selbi şol Güljemal daýza bilen gepleşýärdi. Ol nämedir bir zatlary gürrüň berýärdi. Birdenkäde Gerçek gitmezden öň kakasyndan habar aljakdygy we hat barada aýdanda, Güljemal daýza telofonda bolsada sesi bir tüýsli üýtgäp gitdi, Selbiden hat barada anyk bilmek üçin birnäçe gezek sorady. Selbi : -aý Güljemal daýza, haty Gerçegiň özüde okamandyr. Ýöne men kakasyndan habar alaryn diýip ynandyrypdym Gerçegiň gelmeli wagtam golaýlady ahyryn, diýip howsalaly jogap berdi. -wah gyzym, Selbijan sen kakasyny alada etmän şol haty okap bilermiň diýdi. Selbi biraz dymdy, soň şadyýan jogap berdi. - Bolýa, bolýa, kakasynyňam alajyny tapdym, hat barada bolsa, siz alada etmäň, okarynam we size mazmunyny aýdaryn. Haty okanym bilen Gerçek bilsede gatyrganasy ýok diýdi. ondan soň başga gürrüň aýdyşmadam hoşlaşyp, jübi telefonyny öçürdide, Gerçegiň goňşy gyzynyň telefon belgisini gözläp başlady. Uzak eglenmän derrew jaň aýlamaga durdy. Jaňy uzak eglenmän jogap berdi. -Alo, salam ! - Alo, salam, Oguldursunmyka? - Hawa, hawa aýdyberiň. -Meni tanadyňmy, Gerçegiň işdeşi, Selbi men. -hawa tanadym, näme hyzmat. - aý, neme, Gerçegiň kakasynyň halyndan habar alaýyn diýdim, özi şu wagt iş sapary bilen daşary ýurda gidipdi, özem bir, iki günden gelerem welin, habar al diýen soň, sen ýadyma düşüp , saňa jaň edip durşum.... Kakasnyň ýagdaýlary gowmy. - wiý şeýlemi, alada galmak hökmanam dälle, gowy, gowy, işi bilen gümra bolup ýörşi, şu wagt hem ýanyndan gelip, durşum diýdi. - Hä şeýlemi, gowy bolsa bolýa, eger zerurçylyk çyksa, maňa jaň edäý, diýip, mylaýym gürleşdide hoşlaşyp telefony goýdy. indi näme etmeli, bir bahan edip, başlykdan rugsat alaýynda, Gerçegiň öýüne baryp haty okaýyn diýen pikir geldi. Näme bolsada, Gerçek iş sapary bilen gideninde, öňem, häzir em öýüniň açaryny Selbä goýup, gidipdi. umuman Gerçek Selbini şeýle bir söýýärdi, heý goýaý. ähli zadyny şondan başga ynanmäýardy, hatda özüniň käbir aýtmasy kyn bolan diýmeseň, ähli syryny paýlaşýardy. Garaz Selbi özüniň alçaklygy, näzi, owadanlygy we mekirligi bilen Gerçegiň daşyna ýylan ýaly çolaşypdy, indi Gerçek meniň diýenimden çykmaz diýen pikirdedi. Şol sebäpli haty okap göräýendede, onuň şahsy işine goşulaýandada özünde şübhe duýmaýardy. şol maksat bilen rugsat alyp, Gerçegiň öýüne barmagyň külüne düşdi.
«Selbi Gerçegiň iş saparyna gidenine 15 gün bolanam bolsa, öýüne gelmändi, diňe Güljemal daýza bilen gürrüňdeş bolanyndan soň, Gerçegiň hatyny okamak maksady bilen Gerçegiň öýüne gelipdi. Gapydan girip, bir sellem öýüň içine göz aýladyda, öýüň içini tertipleşdirdi, arassaçylyk geçip çykdy, bu onuň iň ýönekeý we gowy görüp gümra bolýan işidi. Şol sebäpli günüň batyp barýanynam unudan bolmaly. näme üçin gelenini unudan ýalydy, ýöne howlukman hereket edýärdi, ýuwaşlyk bilen haty eline aldy we ýan torbasyna saldyda, öýüne tarap ädimini gyssanmaç ädimläp ugrady. Öýüne gelip agşamlyk edinenden soň, öz otagyna geçdide, emaý bilen bukjanyň gatyna zeper ýetirmän, açdy we okap başlady. Uzak okamaly hem bolmady, "Salam oglum, meni alada etme, janym sag, goňşular meni ýekesiredenok, jaň edip, rahatsyz etmäýin diýdim, hat bilen beýan edeýin diýdim, umuman aýdanyňda sen mamla". Selbi haty okap, näme pikir etjeginem bilmedi, hatda gülesem geldi, Gerçegi şonça alada goýan hat üstesinede Güljemal daýzada alada etdiren hat şu sözlermi. diýip, pyşyrdap göýberdi. Her näme bolsad Selbi ýüregine sowuk suw urdy, hemde hat barada Güljemal daýzada jaň edip aýtdy. Öz aralarynda birnäçe wagt gürleşip şadyýan gülüşdiler. Ertesi gün Selbi, işine baranda Gerçegiň iş saparyndan gelendigini eşitdi we başlygyň otagynda wagty, Selbi Gerçegiň otagyna bardyda bukjany öňküsi ýaly edip, ýelimläp, ýanynda kiçijek ýazgy goýdy.- Ezizim, öýüňi tämizledim, bukjany hem alyp geldim we ýenede maňa duşman hiç ýere gidäýmegin. Ogşaýan. diýip bukjaly hatyň üstünde goýup gitdi.

15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.