Türkmençilik-2/Esse
2
Türkmenleriň aglabasy daýhançylyk bilen meşgul. Konserwatizmiň durgunlylygy hemişe daýhan gatlaga mahsus, ol täze pikirlere kynlyk bilen ýan berýär. Başgaça bolubam bilmez. Daýhançylygyň däpleri uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşýär. Daýhançylygyň konserwatizmine zyýanlykly, barlyşyksyz ýagdaý hökmünde garamak bolmaz. Daýhan toprak bilen iş salyşýar. Toprak onuň üçin janly zat. Hakyky daýhan islendik täzeligi toprak üçin ulanjak bolanda howlukýan däldir, ýedi ölçäp bir kesýändir. Ol ýokardan berlen buýrugy diňlär, soňam buýrugyň nädereje adyllygyny topragyň ýagdaýy bilen ölçär. Şol ölçeg oňa kepillik berse, hä diýer, bolmasa-da başyny ýaýkar oturar.
Mary etrabynda daýhançylyk üşügi bilen tapawutlanan Akgurban aganyň ýanyna ýokardan gelen wekil: “Size gowaça ekişini başlaň diýip bir hepde ozal aýdyldy, näme üçin diýleni edeňzok?” diýipdir. Akgurban aga ony ýeriň içine alyp barýar, bir depim aşakdan toprak göterýär-de: “Al, aýaňda saklap gör” diýýär. Wekil saklaýar, topragyň sowukdygyny aýdýar. Akgurban aga: “Gördüňmi, biziň elimiz ýylyka toprak sowuk, onsoň tohum nätsin?” diýýär, soňra topragy ysgap görmegi haýyş edýär. Wekil ysgap: “Ys ýok” diýýär. “Bolmazam, ys ýyly giden toprakda bolýandyr, ýyly ötdügi janly oraganizmlere jan girýär, şondan ys emele gelýärdir”. Akgurban aganyň degerli delilini inkär etmäge wekiliň bogny ysmaýar.
Men daýhan hünäri bilen zergäriň iş usulynyň arasynda meňzeşlik görýärin. Daýhanam, zergäriň kümüş bilen ýekelikde işleýşi ýaly, toprak bilen pynhanlykda galsa gowy. Öňler diňe ýowarlar, gazy-haşar işleri köpçülik bolup ediler ekeni. Gündelik iş esasan ýekelikde edilipdir. Biz daýhançylygy kollektiw zähmete öwürdik. Hemişe köplük bolup işlenmegi torpak bilen daýhanyň arasyndaky pynhan ysnyşygy ýoga çykardy. Göz öňüne getirip görüň, eger zergärler üýşüp bir şaýy ýasasalar nähili bolardy? Daýhançylykda-da ekin başdan-aýak bir adamyň aladasy bilen össe gowy. Munuň üçin daýhanyň hakyky eýeçiligini ýerden başlamaly. Mal eýesiniň gözünden suw içýän bolsa, topragam bir eýäniň ýürek ýylsyny duýmaly. Bir ýeriň birnäçe eýesi bolup bilmez. Köp eýeli ýer çagalar öýünde önüp-ösen adam ýaly, mähir ýylylygyndan mahrumdyr.
Öz eýeçiligiňdäki toprak bilen bagry badaşan adamyň örki şol ýere ömürlik baglaşdygydyr.
Şeýle bir gürrüň eşitdim.
Uruşdan soň Ahal ili biraz gallaç galýar. Eklenç gözläp Mara, Tejene gidenleri bolupdyr. Baýramalyň bir kolhozynda göçüp baran uly maşgala işläp ýören. Pagtaçylygyň azaby agyr bolsada, kolhoz gowy paýlaw edýär ekeni. Ýedi ýyl sabyr-takat bilen işleýärler. Bir gün maşgala başy başlygyň ýanyna baryp, biz-ä mekana dolanjak diýýär, ýöne sebäbini aýdanok. Başlygam sebäbini aýtmasaň rugsat ýok diýýär. Ahyry maşgala başy gönüsinden gelýär: “Başlyk aga, ýedi ýyl kolhozyňda agyr iş etdik, däne, pul gazandyk. Indem gazananymyzy ýatyp iýmek üçin Ahala göçjek” diýýär.
Bu jogap meni geň galdyranok. Eýe hökmünde ýerden mahrum edilen daýhan gazanç gözläp, Mara däl, ondan uzagraga-da gidip biler. “Gazananymyzy ýatyp iýmek üçin Ahala göçjek” diýen söze üns beriň. Bu söz ýerden örki üzülen adamyň gahar-gazabyny, gelejege umytsyzlygyny aňladýan-a däldir? Ýeri bolup, umydyny topraga baglan daýhan “ýatyp iýjek” diýen sözi hiç mahal diline-de almazdy.
Käbir adam türkmençilik diýen sözden diňe otrisatel many gözleýär. Elbetde, bi nädogry. Biri göwneýakmaz iş etjek bolsa, sen türkmençilige sygmaýan zat edýäň diýilýär ahyry. Eýýam türkmençilige gowy äheň berilýär. Eýse, dogry söz türkmençiligiň bezegi bolmanmy!
Tejen uýezdiniň naçalnigi Mihaýlow türkmen daýhanlaryndan galla satyn alanda olaryň aýdanyna şübhesiz ynanaýmalydyr diýýär. Eger çuwalda pylança put däne bar diýen bolsa, çekip görseň aýdany dogry çykar ýa-da ýarym put artykdyr, kem geljek gumany ýokdur. Ýanlarynda çekip aljak bolsaň halamaz ekenler, sözlerine ynanmazlyk edilýän ýaly görüpdirler.
Iňlis syýasatçysy Aleksandr Boris 1831-nji ýylda Türkmenistanyň içinden geçip barýarka Hoja Abdylla öwlüýäniň ýanynda düşleýär. Türkmen daýhanlary onuň çadyrynyň agzynda bir çuwal gawun getirip goýýarlar. Boris satmana getirendirler öýdüp, bahasyny soraýar. Zat gerek däl diýýärler. Boris halys ezelenip durandan soň, beýle ynjalmaryn öýdýän bolsaň onda bir çümmük temmäki beräý diýýärler.
Türkmenleriň merhemeti, dogry sözi hakynda bu ülkä ýarag getirip, gara ýürek bilen gelenleriň özleri birgiden ýazgy galdyryp gidipdir. Türkmen ýesir düşüp, bäş minutdan asyljagyny bilse-de, ýalan sözlemez diýip, olaryň mertligini boýun almaga mejbur bolanlar az bolmandyr.
Uly ýoluň ugrunda ekilen gawun-garpyza sakçy diýlip goýlan ýaşuly adamyň ötegçileri saklap, uçmakdan çykan zatdan dadyp geçmeseňiz bolmaz diýip mürähet edişini oglankak özümizem az gabat gelmändik. Sakçylar bakjany adamdan goramazdylar, şagaldan, meýdan doňzundan gorardylar. Häzir daşardaky zatlar beýlede dursun, öýmüzde ýedi gulpuň aňyrsyndaky goşumyzy adamlardan gorap bilemzok.
Garpyz alaýyn diýip bazara bardym. Sakgally-sarmykly, başy seleň telpekli ýaşuly ýaňy garpyzyny düşürip, satmaga başlapdyr. Ýüzüne seretdim, daýhana meňzemänem duranok, ellerindäki gatan gabarçaklary görüp arkaýynlaşdym. Daýhan adam ynsabyny ýuwdan däldir, bi ýaşula ynansa bolar diýen umyt bilen: “Ýaşuly, bi garpyzlaryň azotdan halasmydyr?" diýdim. “Halasdyr, inim, arkaýyn alyber, azodyň ysynam alan däldir bylar” diýdi. Her garpyza dört-bäş manat töläp, alyp gaýtdym. Içi köz ýaly gyzyl garpyz bölünen dessine reňkini üýtgetdi duruberdi, ogurlykda tutulan adamyň ýüzi ýaly ýakymsyz agardy. Turşy tagamy bar ekeni. Dogrusy, men beren pulumdan beter ýaşuly adamyň ýalan sözüne gynandym. Daýhan diýip hasap eden adamyň aldasa juda ýokuş degýär. Baragadan ýalan sözlemäge utanaňokmy, ýaşuly, diýsem ýüzi üýtgärmikä?
1863-nji ýylda Orta Aziýa syýahat eden Wamberiniň galtaman türkmen bilen eden gürrüňi ýadyma düşdi. Wamberi galtamana ýüzlenip: “Öz dinibir doganlaryňy gul edip satmaga neneň gaýratyň çatýar, pygamber: her bir musulman erkindir, azatdyr diýmänmi näme?” diýýär. Türkmen barypýatan perwaýsyzlyk bilen jogap beripdir: “Gurhany kerim kelamulla, elbetde, onuň gymmaty adamdan ýokary, eýsem-de bolsa, şonam gran bilen bahalap, alyp-satyp ýörler-ä. Ýeri, şundan soň siz näme aýdybiljek? Ýakubyň ogly Ýusubam pygamber ekeni, onam satypdyrlar. Satylany bilen onuň mertebesi kemeläýdimi?”
Ýüz otuz ýyl mundan ozal gul satyp oturan türkmen bilen bu günki garpyz satýan türkmeniň ýaşan döwürleriniň arasynda dag bilen gök ýaly tapawudyň bardygyny bize bada-bat ýatlatjaklar tapylar. Tapawudyň bardygy bize-de aýan. Galtamanyň ýaşan döwründe jemgyýetde aç-açan zorluk höküm sürüpdir. Galtaman şol zorluga mahsus iş görýänini gizlemän, dogry jogap berýär. Bu günki garpyz satyp oturan türkmen zorluga daýanmaýan, zorlukdan, zulmatdan büs-bütin dynylan jemgyýetde ýaşaýar diýeli. Emma ol etmişini boýun alanok, ýalan sözleýär. Ýaşuly halyna beýle arkaýynlyk bilen ýalan sözleýän adam, belki, ýalan sözde aýyp bardyr öýdýän däldir? Belki, ýalan sözi durmuşyň adaty ýörelgesi hökmünde kabul edýändir? Eýse, biziň jemgyýetimiz, onuň geçen ýoly garpyz satýan adamyň ýalan söze günäsiz bir zat ýaly ten bermegine esas berdimikä? Goý, bu sowala şu günki ýaşap ýören adamlaryň her biri ak ýürekden jogap bersin! Ýöne dar agajynyň astynda, şirin janyndan jyda düşjek bolup durka ýalan söze ýüz urmadyk türkmen bilen, zäherli garpyzyny satmak üçin ýalan sözlemäge utanmaýan türkmeniň taňrysynyň hem bir däldigini aýdyp biljek.
Tirkiş JUMAGELDIÝEW
Çeşme: kitapçy.com

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.