Syrly bukja
Dynç günidi. Iş otagyndaky stoluň tekjesindäki hatly bukja el degmän durandygyna on bäş gün bolupdy. Bu hat özüniň gowuşmaly eýesine öz wagtynda işe howlukmaç ugrap barýarka, poçta işgäri tarapyndan gowşurylypdy. Şol wagt bukjanyň eýesi geňirgenip seretdi-de: "Kakam iberipdir, näme jaň etmäge eli barmaýarmyka?!Soň okaryn-la"- diýip, bukjany iş otagyndaky stolunyň tekjesine salypdy. Ondan bäri aradan göni ýarym aý geçse-de, hatly bukja heniz açylmandy.
Oglany maşgalasy ýokary okuw jaýyny gowy tamamlansoň, ony öz etraplarynyň çäginde däl-de, şäherde iş bilen üpjin edip, ýörite jaý satyn alyp berdiler. Garaz, ol ýokary wezipeli, öz başyna aýratyn otagly, birnäçe işgärleriň ýolbaşçysy bolup işläp ýören, işewür adam höküminde ýokary abraýa eýe bolan ýaş ýigitdi.
Bir ýyl mundan ozal, kakasyny öz ýanyna alyp gaýtmak maksady bilen oba gidende, kakasy ogluna obadan gitmekligi göwnemeýänligini aýdyp, gaýtam öz ýanynda galmagy, hiç bolmanda saýlan gyzyna öýlenip, öýüne gelin getirmegi teklip edipdi. Muňa ogly ilkinji gezek kakasynyň ýüzüne gelip, öýlenmegi ret edipdi we iş ýerinde gowy ornaşyp, doly taýýar bolansoň, özüniň saýlan gyzyna öýlenjekdigini aýdypdy. Oglunyň närazylyk bildirenine gahary gelen kakasy ogluna käýäp: "Ýok bol, seni gözüm görmesin, şu wagtyň özünde öýi terk et….”- diýipdi.
Kakasynyň "Öýi terk et, seni gözüm görmesin"- diýen, paýynçly sözüne gahar edip, hoşlaşman çykyp gaýdypdy.
Hat ogluna gowşan wagtynda we ondan öňem, kakasyna jaň etmek üçin jübi telefonyny eline alanynda-da, kakasynyň şol aýdan sözleri ýadyna düşüp, öýkeli hüňürdäp jaň etmekden ýüz öwürýärdi. Haçanda öýkesi ýazan wagty bolsa, jaň etmek ýadyna düşmeýärdi ýa-da iş sebäpli wagt tapmadyk pursaty-da bolýardy. Şeýdip, aradan bir ýyl geçipdi…Gör, wagtyň şeýle bir çalt geçäýşini diýsene.
Ol ýigit bir gün işe gitmek üçin howlukmaçlyk bilen gapydan çykanynda, poçta çapary oňa täze hatly bukja gowşuryp, alandygy barada gol çekdirip, öz ýoluna rowana boldy.
Elbetde, haty ýollanyňam gözi ýoldady. Hatyň gowuşanlygy hakynda habaram gelip gowuşdy. “Bu gün geler, erte geler, ýa entek iş bilen başagaý bolup okan däl bolmagam mümkin”- diýip, garaşyp ýörşüne on bäş gün geçipdi.
Ýöne, ne garaşýany geldi, ne-de hatyna jogap geldi. Özi bolsa, hassalykdan ejir çekýärdi...
Ýogsa-da, haty şeýle bir sünnäläp ýazypdy. Ol haty ýazmak üçin ýörite bir gününi sarp edipdi ahyry. Ol hatynda şeýle setirler bardy:
- Salam meniň mähriban, gadyrly oglum!
Belki sen menden öýkelän bolmagyňam mümkin, şeýle-de bolsa, men senden habar tutmagyňa garaşýan. Sen hakynda daş-gulakdan eşitýän, öz ýanymdan guwanýanam. Men saňa gowy terbiýe beripdirin diýip, özüme buýsanýanam, ýöne şol wagtyň özünde-de öz-özümi ýigrenýän. Sebäbi, men saňa gaty daraýardym. Belki şonuň üçindir, seniň menden öýkelemegiň. Her näme bolsa-da, men seni küýseýän.
Haçan-da sen bolanyňda, ejeň bilen seniň geljegiň barada pikir edip, seniň üçin gowy maksatlary, owadan arzuwlary edipdik. Gynansakda, sen bir ýaşyňda ejeň bizi taşlap, dünýäden ötdi (Iman baýlygyny bersin!). Nätjek-dä bu-da ýazgyt işi. Seniň ýetimligiňi bildirmejek bolup, elimden gelenini aýamadym, öweý ejäniň elinde ulalmagyňy islemändigim üçin gaýtadan öýlenmedim. Sen üç ýaşaýançaň, belli bir işiň başynada baryp bilmedim, haçanda üç ýaşanyňda, şu günki ýaly ýadymda, seni çagalar bagyna eltip, terbiýeçiniň eline berip, yzyma gaýdanymda, yzymdan aglap, " Kakaaaa, menäm ýanyňda alyp git" diýip, gygyryp aglanyňda, yzyma garaman, geň bolsa-da gözüme ýaş aýlap işe ugrapdym. Bilýäňmi, şol pursat yzyma öwrülip, seni bagryma basasym gelipdi. Ýöne men muny etmedim. Ýene bir gezek ýalňyşmasam bäş ýaşlaryňda, çagalar bagynada, enekäde öwrenişen wagtyň, seni çagalar bagyna goýup, gaýdanymda: “Kaka men seni gowy görýän. Men saňa garaşjak”- diýip, eliňi galgadanyňda ýa-da seni almaga baranymda, oýnap ýören çagalaryň arasyndan iki eliňi gerip: “Ýeeesss kakam geldi” , diýeniňde saňa gaharly ýüz bilen, “Läliksiräp suwjyk bolma” diýipdim, ýogsa şol wagt seni gujagyma basyp, ýaňagyňdan ogşasym gelmän duranokdy. Okuwa gidip gowy baha alanyňda-da: “Berekella!”- diýip dyzymyň üstünde oturdyp, gündeligiňi göresim gelýärdi. Ýöne, bu zatlary etmedim. Çünki, seniň ýaşlykdan gatybaş, mert ýigit bolmagyňy isledim. Ýadyňdamy, saňa eşikleriňi hapalap, üst-başyňy palçyk edeniňde, gulagyňdan çekip: “Özüň gazanan bolsadyň ýa özüň ýuwýan bolsadyň, beýle etmezdiň” diýenim. Elbetde, bu sözler gahar bilen aýdylypdy. Sebäbi, seniň iýjek naharyňy, geýjek geýimiňi, seniň özüň edip bilmeýän ähli zatlaryň bary meniň boýnumady. Käte gijeleri basyrganyp: “Eje”- diýip meni gujaklardyň. Men bolsa, uzak gije seniň başyňy sypap, gözüme çirik çekmän aglardym. Saňa diňe süýji arzuwlar ederdim. Dogrusy, seniň ýanyňda gatyrgansamda, özümi nähili horlaýandygymy, özümden başga hiç kim bilenokdy. Ýogsa-da, men saňa has ysnyşypdym. Şol sebäpli, seniň öz ýanymda galmagyňy isledim. Sen watan gullugynda wagtyňam, ýokary okuw jaýynda wagtyňam we häzirem şol başyňy sypap, ýanyňda gussaly dünýäni unudyp ýatyşyňy synlasym gelýär. Ýöne, sen indi uly adam bolduň. Hiç bolmanda, ejeň bilen eden arzuwymy amala aşyryp, seni öýli işikli etsedim. Saňa näçe gödek daranam bolsam, her gezek seni ynjydanym üçin, ýüregimiň bir tary üzülýärdi. Seniň öýkeläp gideniňden bäri, özümde erbet hassalyk duýýan. Saňa gowy kaka bolup bilmedim. Her gezek seniň garşyňa gidip, pikirleriňe, maksatlaryňa garşy boldum. Men şu wagt şu haty ýazýarkam-da, gözlerimde ýaş dolup dur. Oglum, eger mümkin bolsa, sen meni bagyşla! Men saňa her gün garaşýan. Bir gün gelip sen meni ýanyňa alyp gitjekdigiňi aýtsaň, men seň bilen gitämäge razy. Indi mende artykmaç güýç-kuwwat galmady. Saňa garaşýan…
Uly hormat bilen kakaň!”
dowamy bar.......

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.