Gözdaňdy

Gözdaňdy oýnuny oýnaýar ýaşlar,
Tutan oglan posa alýar muzduna.
Tutup bir-biregi ogşaýar ýaşlar,
Biz bu oýny oýnapdyrys mugtuna...

Gözi daňlan aýlanyp ýör arada,
Ol derleýär,
ol sermeýär howany:
«Jadyly gyz, nirede sen,
nirede?»
Nirede sen, onuň söýýän juwany?

Til bile däl, jiger bilen seslenýär:
«Men bärde,
men bärde! Tutaý bol basym!»
Oglan gyzlaň birin jeren deý garbap,
Öpýär söýýänin däl, onuň boýdaşyn...

Biz dünýäni oýun sanyp köýýäris,
Çyn sanybam,
halys dönýäs bijine.
Bu bir durmuş: biz birini söýýäris,
Ýassykdaş bolýarys
gaýry birine...

Nobatguly Rejebow
7 лайков 211 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
04 июн 2022, 00:52
Jemleýji bendi çuňňur manyly.
Hiayress
04 июн 2022, 01:04
Özüňkini söýüp bolmaýan bolarly. ? (Şu türkmeniňem gözi doýjak dälda ?)
Babahanowa_g
04 июн 2022, 01:29
+++++++
Pegas
04 июн 2022, 07:26
Hiayress
Özüňkini söýüp bolmaýan bolarly. ? (Şu türkmeniňem gözi doýjak dälda ?)

Dek bolan bolsa, Nobatguly boljakmy bu?!))
Öwreniji
04 июн 2022, 08:44
Pegas
Hiayress
Özüňkini söýüp bolmaýan bolarly. ? (Şu türkmeniňem gözi doýjak dälda ?)

Dek bolan bolsa, Nobatguly boljakmy bu?!))

???
Nazar
04 июн 2022, 09:02
Soz yok !!