********

Dünýä belli brendler üçin geýim öndürýän kompaniýalaryň birinde işlän döwrümde satylmadyk geýimleriň zibil gutusyna taşlanýandygyny görüp geň galdym. Başlygyň ýanyna baryp:

– Bulary zibile taşlanymyzdan garyp-gasarlara paýlasak gowy dälmi? – diýip soradym.

Başlyk maňa şeýle jogap berdi:

– Biziň önümlerimizi diňe baýlar satyn alyp bilýär. Eger bu geýimleri garyp-pukaralaryň egninde görseler, olar halamaz. Onsoň, brendimiziň gymmaty gaçar we biz zyýana galarys.

Şol gün bir zada göz ýetirdim: garyplary doýrup bilmeýänimiz üçin däl-de, baýlary doýrup bilmeýänimiz üçin garyplygyň soňy gelmeýär eken.

 Çarlz BUKOWSKI
9 лайков 136 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
04 июн 2022, 09:34
hm bah.beyle zatlaram bolyan eken
Nazar
04 июн 2022, 10:06
Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun
Gözi gumdan doldy, puldan dolmady