Syrly bukja (dowamy)
Gyzyň öwgüsinden soň ,öňem özüni unudan ýigit indi hasam, kellesi başga hyýallarda gaýyp başlady. Gyz:
- Garybym biziň toý tutmak pikirimizi, sen iş saparyndan gelen soň, sähetli günini belläýeli, diýdi we ýylgyrdyda: özüňem bu barada kakaňa aýdyp, begendirersiň hemde sawçylyga iberersiň diýdi. Şol wagt ýigidiň kakasyndan gelen haty ýadyna düşdi we ýene öýkeli hüňürdäp.
-Aý , bilmedim.... kakam hata ýollapdyr, gyssagly ýagdaýda bolanym üçin öýde tekjä oklap gaýdyberdim, ýanymda alyp gaýdaýanymdada boljakdy welin, bu hakda oikirem etmändirin...
- Şeýlemidi asyl, onda saňa möhüm bir zat aýtmak islän bolmagyda mümkin ahyryn.
- Bilmedim.. şol öýden git diýenden bäri, men jaň edemok, özide jaň edenok, öýlenjek diýäýenimdede ýumşar öýdemok.
- Elbetde ýumşar, ol seniň kakaň ahyry, seniň özüň hem şol kejirligiňi edip ýörşiň. bir gezek halyndan habar tutsaň, öýkesi ýazardy.
-Näbileýin, öň birnäçe gezek sowgadam, kemçilik çekmesin diýip pulam ugratdym, baryny yzyna iberipdir. Kakamy menden gowy tanaýan dälsiň , Ýöne bu ýerde başga zat bar, hat ýazany geň galdyrýar, jaň edip bilmesede, sms arkaly näme aýtmak islesede bordy ahyry. belki bir zat bolaýdymyka.... toba her nämede bolsa, jany bir sag bolsun. Şonuň üçin iş saparyna meni dälde, başga bir işgäri ibermekligi, haýyş etmek maksady bilen, başlyga ýüz tutmaga barýadym. Sen näme diýersiň, maslahatly don gysga bolmaz diýilýär.
-Gyý, oglan o nähili başga kişi, seniň ýaly iş saparyna gitmeklik hiç kime ýetdirip baranok, onsaňam bu iş ýöne iş däl bolmaly, göni saňa bagly iş, senden başga hiç kimi gözöňüne getirmeýän bolmaly, Başlygam seni ibermek islän bolsa, haýyrly bir işiň başyny tutan bolmaly. meniň pikirimçe sen inkär etmeseň gowymyka diýýän, kakaň barada bolsa alada etme, özüm habar tutaýaryn. Öýkesi bolsa, sen gelinçäň ýaz ýaly eräp gider.
-Ýogsada sen näme, kakamyň ýanyna baragada, men ogluň bilen halaşýan, siziňem geljeki gelinligiňiz diýäýjekmi? diýip, oglan myssa ýylgyrdy.
-Ýokla, heýem men şeý diýmände başga söz gytmy? bu işleri maňa goý, özüm hötdesinden gelerin, iň gowysy sen ýol şaýyňy düwde, taýynlan öýüňem, kakaňam, hatyda alada etme. Üstesinede öňkiň ýaly sowgatlyja gelgin, diýip ýylgyrdyda üstünlik diläp, otagdan çykyp gitdi.
dowamy bar...

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.