Herkimiň bir geň soragy?..

Essalowmäleýkim saýt agzalary, hemmäňize şeýle bir sorag berjek. Ýagny siz bir adama sorag bermek arkaly, şol ynsanda özüňize bolan gyzyklanmany döretmeli bolsa nähili sorag beren bolardyňyz. Ýagny berýän soragyňyz takyk bir jogaply sorag bolmagy hökman däl, islendik temada, tymsal ýaly bir zat bolsada bolar. Esasysy sorag berilýän adamda size bolan gyzyklanmany döredip bilmeli. Herkimden geň taňsy pikre garaşýan...
5 лайков 353 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
BürgütBBares
09 сен 2023, 19:48
Salam!Mrokas saňa biri gelip $ 100.000 dollar berse sen şony näme ederdiň
Belki
09 сен 2023, 20:40
Sen meniñ ýerimde bolsañ näme ederdiñ?
diýip sorasañ ol seniñ nähili ýagdaýdadygyñ hakda gyzyklanar :))
#B.S
09 сен 2023, 20:43
Jemgyýetimize goşuljakmy?
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 09 сен 2023, 20:51
Bares,
Bilmedim pul üçinä işläp ýörüs onça pulyň ýersiz ýere gelmesem gowluga barmaz diýen pikir bar. Onça puly gazanan wagtym ony näme etjegim barada oýlanmaga wagtam taparynda, eger däliräp zat etmesem))
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 09 сен 2023, 20:54
Khanture,
Soragyň esasynda "Ol nähili jemgyýet?" diýen soraga döredi))
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 09 сен 2023, 20:56
Belki,
Edil şu soragy berip görsemmikä diýip otyryn...
#B.S
09 сен 2023, 21:00
mrokas
Khanture,
Soragyň esasynda "Ol nähili jemgyýet?" diýen soraga döredi))

Diňeje saýlanan adamlaryň kabul edilýän "Yşyk saçyan, aýdyňlanmaçylar" jemgyýeti.
Hemedany
09 сен 2023, 21:02
Khanture,
Köneje ýoldan ýöresek bolmazmy?
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 09 сен 2023, 21:04
Hemedany,
Elif Şafagyň "Yşk şerigaty" romanynda okapdym, şonda şeýleräk sorag bardy. Ýöne jogaby anyk ýadymda däl??
Hemedany
09 сен 2023, 21:07
mrokas,
Jogaby : Oýlanyp gör, Pygamber hezretleri: «Ýa, Rebbim, saňa tagzym edýärin, Seni mynasyp derejede tanap bilmedim» diýmänmidir?! Baýezid-i Bistamy bolsa: «Men özüme tagzym edýärin, meniň şanym beýikdir. Çünki hyrkamda Alla bar» diýýär. Bularyň biri özüni Allahyň ýanynda gaty owunjak duýýan bolsa, beýlekisi Allahy özünde görýär. Seniň pikiriňçe, bularyň haýsy biri has ileridir? Allahyň yşky deňiz-derýa ýaly bir zatdyr. Her bir ynsan ondan öz ukybyna görä suw alýandyr. Ýöne kimiňnäçe suw aljagy onuň gabynyň ululygyna baglydyr. Kimiň gaby çelekdir, kimiňki bolsa gowadyr; kimiňki meşik-tulumdyr, kimiňkem mytara.Bistamynyň gaby Pygamber Serwerimiziňkä garanyňda ujypsyzdy. Ol birje owuç içende gandy. Şojagaz mukdara-da bagtyýar bolup, serhoş düşdi. Onuň özünde ylahy barlykdan eser tapmagy nähili ajaýyp! Ýöne şol halda galmak ýoly dowam etmezlik diýmekdir. Şol mertebede hem Allah bilen nebis heniz aýry-aýrydyr. Pygamber Serwerimiz barada aýdylanda bolsa, Ol Allanyň söýgüli guly, bendesidir, onuň gaby aňsat-aňsat dolmaz. Şonuň üçinem Allah Gurhanda gullaryna şeýle buýrupdyr: «Seniň ýüregiňi açyp giňeltmedikmi?» Kalby şeýle giňänsoň, ýagny gaby ulalansoň, onda doýmaz-dolmaz teşnelik peýda bolupdyr. Pygamber Serwerimiziň «Seni mynasyp derejede tanap bilmedik» diýmesi ýöne ýere däl. Ýöne hiç kim Allahy Şonuň ýaly tanap bilen däldir. diýilýär. (Yşk romany)

Yşk romanyny okamadyklar okamagyny maslahat berýän.
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 09 сен 2023, 21:13
Hemedany,
Derje barasynda Muhammet s.a.w ulydyr.
#B.S
09 сен 2023, 21:19
Olara (kapyrlara): «Siz Allanyň
inderen zadyna tabyn boluň!» diýlende, olar: «Ýok! Biz ata babalarymyzdan gören (zadymyza) tabyn bolarys»
diýdiler. Eger olaryň ata-babalary hiç zada akyl ýetirip bilmän, dogry ýoly tapyp hem bilmän geçen bolsalar (onda hem olara tabyn boljaklarmyka)?
nergyz
10 сен 2023, 16:34
maña üns bermeyan adamyñ ünsüni çekjek bolmazdym men-ä. yöne birhili zehin soragy yaly pikirlendirdi. ünsini özùñe çekenñe degjek biri barmyka töwergimde dp oylandym. tapmadym. :(
OrazMuhammet Aşyrow
Автор 10 сен 2023, 19:22
nergyz,
Pikrimçe siz eger oýlamaga sebäp tapsaňyz gyzykly sorag hem tapyp biljegiňiz görnüp dur. Nähili diýip düşündirsemkäm ýakyn ynsanym bilen şu günler aram gowy däl onuň ejekesi bilen bolsa gowy ýöne onuň ejekesi bilen hiç hili habarlaşyp bilemok diňe başdaky aýdan ýakyn ynsanymyň üsti bilen habarlaşmagym mümkin. Garaz ýakyn ynsanymyň üsti bilen ejekesine şeýlebir sorag bermeli welin ejekesi meniň onuň bilen ikiçak habarlaşmak isleýändigimi düşünmelidä. Niýetim ejekesi bilen habarlaşyp ýakyn ynsanym bilen ýaraşmagyň tärini tapmakçy bolýan..
Oglan
11 сен 2023, 20:27
Mende bir bagt bar, düşündirip bolmaýan. Sizde barmy?