Aýdymlar seni ýatlatmasyn!
"Göwnüm gitdi saña,göwnüñ beräý maña..."
Birnäçe gün mundan "Şu ýöntemje aýdymy haýsydyr bir oýlanmaña epigraf edip alarsyñ" diýseler gülerdim.Geñ göreniñ alnyna.
Öñler ruhumda täsir döretmeýän bu aýdym häzir ýüregimde dutaryñ kirişleri kimin inçejik yza döredýär.
...Aýdymy ugradanyñy görenimde awtomenzildäki oturgyçda münjek awtobusymyñ ugramagyna garaşyp oturdym.Senden gelen ses ýazgysyny görüp,bilesigelijiligime bäs gelebilmän,töweregimdäki oturan ýolagçylara biperwaý garap,howlukmaç açypdym.Aýdymyñ sözlerini eşdibem myssa ýylgyrypdym.Göreniñem hemişeki gönümel Mahym:"Ýigrenýän aýdymymy ugradypsyñ"diýip ýazypdym.Yzyna-da degişenimi bildirýän alamaty goýmagy ünsden düşürmändim...
...Täsirleriñ başdan geçirmeler netijesinde üýtgäberşini diýsene.Şol wagt tolgundyryjy ahwala salan bu aýdymyñ häzir yza berişi ýaman."Heniz başlamadyk söýgini gutardan-a özüñ.Indem çek jerimesini" diýýäñmi?! Aý ýok beý diýmersiñ.Meniñ tersime duýgularyñy söze salmakda ejizdiñ-ä.Hut şo sebäpdenem aýdymlar ýetişipdi dadyña.Diñlän wagtymda aýdabilmedik sözleriñi beýan edýändigini bilenligim üçin ezizdi ol aýdymlar.
...Seniñ öz aýdan aýdymlaryñy diñlemek welin miýesser etmedi.Hiç bolmanda,elimde ýekeje ses ýazgyñ bolsady ahyry.
Ýa-da bolmany gowymyka? Her diñlänimde "Näme üçin beýtdimkäm?" diýip özümi otdan alyp,suwa salyp ýörenimden diñlemänim oñatdyr belki.
Saña aýdasym gelýän sözlerim şeýle bir kän.Iñ esasam söýmekden gorkanymy aýdasym gelýär.Näme üçindir ähli zadyñ ýaramaz tarapyny oýlamak gylygym bar.
Sen maña günüñ doguşyndan söz açsañ,men saña günüñ batyşyndan söz açaryn.
Sen maña säheriñ mylaýymlygyny ýanjasañ,men saña gijäniñ tümlügini ýanjaryn.
Sen maña söýgiden söz açsañ,men saña söýeniñi ýitirmekden söz açaryn.
Ýitirmekden gorkanym üçin şu wagta çenli söýgini duşumdan geçirenimden söz açaryn.Söz açamda näme? Ýene şo-ol öñki bolşumdyr-da.Gaşymda elli iki özelenselerem,"ýok"diýer aýak dirär duraryn.Soñ näme bolar diýýäñmi? Görşüñ ýaly.Olaryñ yhlasy hakynda özleriniñ hiç haçan okamajaklaryny bilýän oýlanmalarymy ýazaryn.
Belkem, meni bireýýäm ýatdan çykaryp,söýgi ýolunda başga-başga ýürekleriñ kerwensaraýlarynda düşlänsiñ.Aslynda munuñ şeýledigini bilmek göwnümi rahatladar.Ýadyña düşýän bolsa "Senem gowy gyza duşarsyñ nesip bolsa"saña aýdan soñky sözlerimden biridi.
Wah,onam geçdim welin bu aýdymlar.Bu aýdymlar neçüýn zol-zol añyma seni ýatladýarka?Näme indi,unutmagyñ ýazykly göwnüme agyr düşmegini isleýärmikäler? Yhlasyñ,özelenmeleriñ mukamlara aralaşyp,her diñlänimde kalbyma siñýärmikä ýa? Ýa meni seniñ yhlasyñ tutsun diýip gije-gündiz dileg edýärlermikä?
Aýdymlar bilen arañ gowudy,şeýle dälmi?!Olary özüñe dost-ýaran saýýardyñ.Duýgularyñy äşgär etmegi-de olara ynanýardyñ.
Meniñ unutmakdan ejiz gelýän göwnümiñ aýdymlara haýyşy bar.Muny olara ýetirip beräý kyn görmeseñ.Aýdymlara duşsañ aýt:Goý, olar seni ýatlatmasyn!
@Belki
17.07.2022 ý.

46комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.