Gowy boljak bolmadym

Gowy boljak bolmadym

Men dünýäde gowy boljak bolmadym
Goldadym men käte şeýtan şertini
Erbetlik bolmasa gowlyk bolarmy
Sagat dili saýlap dura her kimi

Men dünýäde gowy boljak bolmadym
Hem gülmedim baýsumaga ýallaklap
Hemmeler deň göz bilen goradym
Garrylary, garyplary hormatlap

Il gözüne gowy boljak bolmadym
Gybadym etseler edipler geçsin
Garaşsyz men , garaşdym men olara
Goý olaram garaşsyn

Asla-asla gowy boljak bolmadym
Adymyň yzyndan erbet goýsunlar
Men illere erbet boljak bolmadym
Ýöne olar maňa erbet bolsunlar

Men dünýäde gowy boljak bolmadym
Ýöne beter erbet boljak bolamok
Elmydama gözledim men çyn dosdy
Şonuň üçin dosdym ýok

Aýdan sözlerimden , setirlerimden
Ýüregimiň päkdigini duýýarlar
Men dünýäde gowy boljak bolmadym
Onda-da näme üçin gowy görýärler

Gerçeknazar Amannazarow

Çeşme: bloglar.7wk.ru
0 лайков 115 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.