********

IÇGEPLETME ÝALY PIKIRLERDEN

Uklapsyñ...
Ähtimal şu wagt düýşüñde
Görýänsiñ... Parz edip Mukaddes Käbä
Zyýarat edişiñ. Pygambermiziñ
Aýak basan nur rehmetli ýerinde,
Dilegleri edip ynsabyñ bilen
Haktagala bolan çäksiz söýgiñi
Göteripler ak guş deýin seriñde.
Perişdäm!
Yok sen perişdeden has belent bir zat
Gursagyñda dünýäñ mähri jemlenen...
Ynanýan Hak Huday meni ýasanda
Diñe seniñ söýgiñ bilen dem beren...
Ýatyber, oýanma dowam et düýşüñ.
Arzuwum düýş bolup barsadym menem
Seniñ gözleriñde galmagym üçin
Huşda doýup bilmän çekýän zarymyñ
Düýşlerñede dolup ganmagy üçin.
Men nahili bagtly görsene dünýäm,
Seniñ oýanmagña garaşmaklygyñ,
Ykbalyma nesip bolany ücin.
Barlygam binesip etmedi mundan
Sansyz mertebedir gönezlik alyp
Yaşap yörmekligem panyda senden...
Saçlarñy sypalap nurly yüzüñden
Iki dünýäm üçin imanym alsam...
Öýkeninden çykan gülap demiñden
Dirilik ruhy deý gursagma salsam...
Ellerini öpüp seždämi edip
Aýaklarñy tugra edip ogşasam
Oýanañda gujagyñda towlanyp
Sary gaçan ýüplik deýin gowşasam...
Bakylykdyr gözleriñde dogulsam...
Ýene seniñ üçin söýgi dogursam...

Laçyn ÖWEZOWA
5 лайков 108 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
19 июл 2022, 18:28
shu gyz bn Sapanyn goshgularyny okap bashlanymdan bilyan diyen yaly...
Öwreniji
Автор 19 июл 2022, 19:43
Цитата: Soho
shu gyz bn Sapanyn goshgularyny okap bashlanymdan bilyan diyen yaly...

Sapa bn Şu gyzyň goşgularynyň hazynasyny tapdym ?