Bäsleşige hödürlänlerim :(

Leýlisaç
(Gahryman Arkadagymyzyñ “Leýlisaç”aýdymyna bagyşlanýar)

Birdenkä göwünde leýlisaç dömdi
Del aýdyma imrinäýen pursadym.
Kalbymdan suw içip, gol ýaýradypdyr,
Barlasam boşap galypdyr gursagym.

Ýok! Ýüregim alyp, çäklenmedi ol,
Ädim ätjek bolup durdum howluga.
Bilmen, ýöredimmi, howada gaýdym?
Asyl, seri humar eýlän leýlisaç
Zülplerini düşän eken ýoluma.

Gurbanyň bolaýyn, tel-tel leýlisaç,
Telleriňden owaz dökülýär meger.
Hut şu aýdym, şu owazy seçerdim
“Tutuş ömürboýy diñläp ýörmäge
Ýekeje heň saýla”diýseler eger.

Gulak salman durmak küje,zat küje,
Notalary merjen, sazy dür ýaly.
Bu mahmal mukamyň gylygymy ýa
Owazyna ýüpsüz daňmak diňläni.

Gaýnap duran gazanyndan täleýiň
Gussasyn bir gaba eňter pelegiň.
"Serden geçdim" diýsem, ýalanym däldir,
Hoş owaz çöwrüpdir enterpelegim.

Buluda deňleşdi arzuwly ýürek,
Daşda däl göwnüme zerli aý mundan.
Şamar zülpi towlam-towlam gözeller
Yralap edaly,näzli başlaryn
Leýlisaça dönüp çykdy alnymdan.

Geňlemedim.
Geňlemerin, Arkadag!
Keremiňiz birle döwrüň täleýi
Özgerip, gadymy, müdimi toprak
Uçmahy mekana öwrüldi, onsoň
Leýlisaç mukama öwrüläýmezmi?!


“Altyn asyr” bäsleşigine



Külbikejik

Ertekiden inen ýaly lybasym,
Gözleñ ataş,duýgularym lerzana.
Köwşüm däl,kalbymy gaçyryp ýere,
Eñip barýan nirelerdir bir ýana.

Gorkup,gaçypdyryn bagtly bolmakdan,
Parhy nä,ýollarym tekizmi,gumak.
...Emaý bilen kalbym galdyrsyñ ýerden,
Birgeñsi gürsüldär,salarsyñ gulak.

Adyñy pyşyrdar ritmi,urgusy,
Dartgynlydyr aşa, duýgudan tümmek.
Seriñde oýadar bilmek hyjuwyn
"Kimiñkidir maña aşyk bu ýürek?"

Onsoñ sen - görmegeý şazadam meniñ
Çar tarapa çapar ýollarsyñ derhal:
"Bu kalbyñ eýesin tapyñ tizden tiz!
Ýer ýarylyp giren däldir-ä,herhal."

Ah, şazada!
Akýürekli şazada!
Göwnüñ aldanmaga meýilli kimin.
Gorkýan,onça gözelleriñ içinden
Adyñ bilen ýaşap ýören ýüregiñ
Neneñsi tanarsyñ meniñkidigin?!

Nätmeli? (özüme)
Şübhesiz,sen meniñ gözlänimsiñ.
Şolsuñ!
Ýöne men seniñ gözläniñmikäm?
Nätmeli?
"Ine,tapdym!
Ol sen ahyr" diýeñde
Nazarlary garap dursa biperwaý.
Söýen ýüregiñe girmeklik üçin
Dowam edip bilersiñmi tijenmäñ?

Umydyñy syndyrarmyñ synlasañ
Gözlerinde sorag alamatyny?
Çekip bilersiñmi ýeke başyña
Iki kişiñ söýgi garamatyny?

Nätmeli?
Nätmekden saklasyn Hudaý!
Seriñde eýýämden aýdymka ady,
Yssy mähre teşne bolup ýörşüñe
Sowuk sözleriniñ üşetse dady.

Gitmelimi?
Alajyñ ýok gitmeli.
Onuñam söýmegi hökmanmydyr nä?!
Senem birmahallar "Sen şolsuñ!" diýen
Ýigitleriñ göwnün ýykmanmydyñ nä?!

Minnetdarlyk

Kämahallar käýinýärin özüme:
Nämä derkar ol günleri ýatlamak?
...Ýylgyrdyñ,ýanymda gülledi zemin,
Ýalbardyñ,ýadymda goýduñ ýatlama.

Şeksiz ynandyryp "aşyklygyña",
Salym döretmezdiñ ýürek gysmaga.
Desse-desse gül gujaklan gollarym
Uzadaýsam ýetjek ýaly asmana.

Onsuzam,ganata gowuşan göwnüm
Alty gün gökdedi,ýeke gün ýerde.
Galamymda gögerçine öwrülip,
Kapyýalar uçup başlady serde.

Wagtyndan giç gelen aklym kösedi,
Gözlerimem gapyl boldy görerden.
Irde-giçde terk edýänler ekeni,
Söýmän,yşky endik saýyp ýörenler.

"Mahym-Tahyr" kimin beýik söýgüniñ
Aşmadyk bolsagam çygyrlaryny,
Sag bol uç-gyraksyz ylham eçilip,
Ýazdyranña söýgi şygyrlarymy.

Jadygöýlük

Bu niçiksi jadygöýlük,aýtsana?!
Yşkyñ bilen gelen ylham başgamy?
Birmahallar gökde saýan goşgulam
Ýuwaş-ýuwaş ýere düşüp başlady.

Keýpim des-deñ Ezizowyñ "Keýpine",
Geýýän başa "Saturnyñ halkasyn".
"Saña ne döw çaldy?" diýýär joralam,
Şol "döwe" müñ kerem tañryýalkasyn!

Ýeriñ ýarygy-da bahana kalba,
Soñky günler çendenaşa gülek men.
Düşündim dünýäme girmedik çaklañ
Ýylgyrşymam däl ekeni ýürekden.

Ýakyn dostum boldy yşky aýdymlar,
Hiñlenýärin,unutdyrdyñ gaýgy nä?
Sesimiñ orny bar giñ tebigatda,
Bilbilmişim,gargamyşym parhy nä?

Günde müñ gez gaýtalaýan, şondanmy?!
Gulagyma yssy gelýär adyñam.
Eger jady bolsa,haýyş edýärin:
Jadygöýüm,açma meni jadydan!

Mahym Nurgeldiýewa
7 лайков 454 просмотров
44комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
18 июл 2022, 10:12
Leýlisaça hiñlenip bersene. Menem halaýan şol aýdymy. Köne telefonym ýagşyñ aşagynda galyp, aýdymam şoñ içinde galdy...
Ötegçi
18 июл 2022, 10:13
Leýlisaçdan galanñy ozal okapdym. Olam gowy çykypdyr. Tapýañ senem?
Belki
Автор 18 июл 2022, 10:13
Men näme diýýän dutarym näme diýýär...
Belki
Автор 18 июл 2022, 10:14
Indi meñ şulam ýer alanlañkydan gowşakmy?
Soho
18 июл 2022, 10:18
"Kulbikejik" gowy eken
Ötegçi
18 июл 2022, 10:19
Dişiñ gowşak :D
Name edeli, içim ýakmasana... gowşak daldigni bilemsoñ beylekileri paýlaşdym.
Belki
Автор 18 июл 2022, 10:21
@Aksary,kitapçyda goýmaly goşgular.Şu mowzukdaky "Leýlisaçdan"galanyny kitapça aýry-aýrylykda goýup beräý.Onsoñ pozaryn-da.
(Leýlisaçy goýma)
Massimus
18 июл 2022, 10:22
Mümkin,
asla gowşak däl, gowy goşgular, ýöne ruhdan düşmäň, entek hemme zat öňde, üstünlik arzuw edýän, ýazmagy dowam ediň...
Resul
18 июл 2022, 10:23
Belki,
kitapca giryarmi yapylda ol?
Belki
Автор 18 июл 2022, 10:23
"Nätmeli"goşgudaky başky üç setir epigrafdyr.
Resul
18 июл 2022, 10:28
yada domain adresini uytgetdimi?
Resul
18 июл 2022, 10:29
Belki,
Gosgularynam gowy bolupdyr, geljekde ustunlik arzuw edyan.
Belki
Автор 18 июл 2022, 10:32
Resul,açyldy Islenen.ru.

Geljekde öñümde goýýan maksadym:Güýçlije tanyş tapynyp "Eşigim köne..."pisintlije bolgusyzja iki sany goşgy ýazyp,ýaryşlarda baş baýragy gazanmak :))
Belki
Автор 18 июл 2022, 10:33
Resul,kitapcy sözüniñ ýerine islenen sözi goýlar ýaly edipdir kellesi gûýçli Abaddon :))
Resul
18 июл 2022, 10:35
Цитата: Belki
Resul,kitapcy sözüniñ ýerine islenen sözi goýlar ýaly edipdir kellesi gûýçli Abaddon :))

:)))
Massimus
18 июл 2022, 10:35
Belki,
Resul,açyldy Islenen.ru.

@Mümkin gaharyň gelipdir öýdýän, o çaga kitapçyny sorap otyr
Massimus
18 июл 2022, 10:40
Belki,
Geljekde öñümde goýýan maksadym:Güýçlije tanyş tapynyp "Eşigim köne..."pisintlije bolgusyzja iki sany goşgy ýazyp,ýaryşlarda baş baýragy gazanmak :))

namee
Belki
Автор 18 июл 2022, 10:40
Massimus,ýok Abaddonyñ oýny.Awtomat islenen ýazylar ýaly edipdir. :))
Ötegçi
18 июл 2022, 10:43
Belki, tanyş bar wln borlay, oña yuzum çydanok da
Ötegçi
18 июл 2022, 10:45
Pylan ýazyjy pylança gezek redaksiyadan ret edilipdir pylan pysmydan... meñ ä onça aýlanmaga ýuzumem kanagatymam boljakgäl
Belki
Автор 18 июл 2022, 10:50
Telewizor aljak bolsañ ýüzüñ bek bolmaly :))
Belki
Автор 18 июл 2022, 10:52
Jora,gowy ýazsañ Nesil çap edýär.
Ötegçi
18 июл 2022, 11:04
Nesilde kimler bar, okamok diyen yaly su nesli
Belki
Автор 18 июл 2022, 11:36
Gowy ýazýanlaryñ hemmesem şol ýere ugradýar.Ýöne soñky döwür gazet almamsoñ kimler bardygyny bilemok.
Aýsere
18 июл 2022, 11:57
Цитата: Ötegçi
Nesilde kimler bar, okamok diyen yaly su nesli

Mämmetgurban Mämmetgurbanow, Gumly gelneje,. Bilbil Kakabaýewa we şm.
Massimus
18 июл 2022, 12:35
Ötegçi,
Pylan ýazyjy pylança gezek redaksiyadan ret edilipdir pylan pysmydan... meñ ä onça aýlanmaga ýuzumem kanagatymam boljakgäl

Dogry aýdýaň dostum. Arada saýtdaky dostlarymyň biri Nesil gazetiniň elektron poçtasyny berdi, goşgularyňy ugradyp görseň diýip. Başga ýerde bir zat almaly bolsa zatdan galamok welin, şu goşgularymy ugratmaga çekinip ýöründä birhili
Belki
Автор 18 июл 2022, 12:38
Massimus,arkaýyn ugradyberiñ agam!Çekiner ýaly zat ýok.
Harmony
18 июл 2022, 15:44
Özüňize seretdiriň giç bolmanka. Rahatlarsyňyz. Şonda ýeňijini Ýeňiji hökmünde kabul etmek, özüňizden üstün adamlary görmek siziň egoňyzy peseltmez. Bu diýenim üçin meni ýazgararsyňyz mümkin. Ýöne, bir gün içiňizden ylalaşarsyňyz.
Dogrymy aýtsam žalko size. Şoň üçinem çynymy aýdanym üçin meni soňky gün özüňize duşman hasaplap ýörmäň.
Balary
18 июл 2022, 16:26
gyzykly fakt: Çapline meñzeşleriñ bäsleşigi geçirilende, Çapliniñ özi hem gatnaşyp 3nji orun alypdyr.
Belki
Автор 18 июл 2022, 16:53
Granger,özümden üstünmi?
Kime görä,nämä görä?
Men özümden üstün adamyny mydama--da gutladym,berekellasyny ýetirdim.
Tersine,adalatsyz hereket bolanynda bolsa adalatsyzlygyny aýtmakdan çekinmedim.Eger meñ ýerimde başga biri bolup şu adalatsyzlyga uçrasa,onda-da şu hereketimi gaýtalardym.
Meñ pikirimçe sizem wakalara dogry garamak babatda bejergi almaly giç bolmanka.Muny öñem bir wakadaky garaýşyñyzda görüpdim.Elbetde bu bejergi bilen düzedilip bolunýan ýagdaý bolsa.