Bäsleşige hödürlänlerim :(
Leýlisaç
(Gahryman Arkadagymyzyñ “Leýlisaç”aýdymyna bagyşlanýar)
Birdenkä göwünde leýlisaç dömdi
Del aýdyma imrinäýen pursadym.
Kalbymdan suw içip, gol ýaýradypdyr,
Barlasam boşap galypdyr gursagym.
Ýok! Ýüregim alyp, çäklenmedi ol,
Ädim ätjek bolup durdum howluga.
Bilmen, ýöredimmi, howada gaýdym?
Asyl, seri humar eýlän leýlisaç
Zülplerini düşän eken ýoluma.
Gurbanyň bolaýyn, tel-tel leýlisaç,
Telleriňden owaz dökülýär meger.
Hut şu aýdym, şu owazy seçerdim
“Tutuş ömürboýy diñläp ýörmäge
Ýekeje heň saýla”diýseler eger.
Gulak salman durmak küje,zat küje,
Notalary merjen, sazy dür ýaly.
Bu mahmal mukamyň gylygymy ýa
Owazyna ýüpsüz daňmak diňläni.
Gaýnap duran gazanyndan täleýiň
Gussasyn bir gaba eňter pelegiň.
"Serden geçdim" diýsem, ýalanym däldir,
Hoş owaz çöwrüpdir enterpelegim.
Buluda deňleşdi arzuwly ýürek,
Daşda däl göwnüme zerli aý mundan.
Şamar zülpi towlam-towlam gözeller
Yralap edaly,näzli başlaryn
Leýlisaça dönüp çykdy alnymdan.
Geňlemedim.
Geňlemerin, Arkadag!
Keremiňiz birle döwrüň täleýi
Özgerip, gadymy, müdimi toprak
Uçmahy mekana öwrüldi, onsoň
Leýlisaç mukama öwrüläýmezmi?!
“Altyn asyr” bäsleşigine
Külbikejik
Ertekiden inen ýaly lybasym,
Gözleñ ataş,duýgularym lerzana.
Köwşüm däl,kalbymy gaçyryp ýere,
Eñip barýan nirelerdir bir ýana.
Gorkup,gaçypdyryn bagtly bolmakdan,
Parhy nä,ýollarym tekizmi,gumak.
...Emaý bilen kalbym galdyrsyñ ýerden,
Birgeñsi gürsüldär,salarsyñ gulak.
Adyñy pyşyrdar ritmi,urgusy,
Dartgynlydyr aşa, duýgudan tümmek.
Seriñde oýadar bilmek hyjuwyn
"Kimiñkidir maña aşyk bu ýürek?"
Onsoñ sen - görmegeý şazadam meniñ
Çar tarapa çapar ýollarsyñ derhal:
"Bu kalbyñ eýesin tapyñ tizden tiz!
Ýer ýarylyp giren däldir-ä,herhal."
Ah, şazada!
Akýürekli şazada!
Göwnüñ aldanmaga meýilli kimin.
Gorkýan,onça gözelleriñ içinden
Adyñ bilen ýaşap ýören ýüregiñ
Neneñsi tanarsyñ meniñkidigin?!
Nätmeli? (özüme)
Şübhesiz,sen meniñ gözlänimsiñ.
Şolsuñ!
Ýöne men seniñ gözläniñmikäm?
Nätmeli?
"Ine,tapdym!
Ol sen ahyr" diýeñde
Nazarlary garap dursa biperwaý.
Söýen ýüregiñe girmeklik üçin
Dowam edip bilersiñmi tijenmäñ?
Umydyñy syndyrarmyñ synlasañ
Gözlerinde sorag alamatyny?
Çekip bilersiñmi ýeke başyña
Iki kişiñ söýgi garamatyny?
Nätmeli?
Nätmekden saklasyn Hudaý!
Seriñde eýýämden aýdymka ady,
Yssy mähre teşne bolup ýörşüñe
Sowuk sözleriniñ üşetse dady.
Gitmelimi?
Alajyñ ýok gitmeli.
Onuñam söýmegi hökmanmydyr nä?!
Senem birmahallar "Sen şolsuñ!" diýen
Ýigitleriñ göwnün ýykmanmydyñ nä?!
Minnetdarlyk
Kämahallar käýinýärin özüme:
Nämä derkar ol günleri ýatlamak?
...Ýylgyrdyñ,ýanymda gülledi zemin,
Ýalbardyñ,ýadymda goýduñ ýatlama.
Şeksiz ynandyryp "aşyklygyña",
Salym döretmezdiñ ýürek gysmaga.
Desse-desse gül gujaklan gollarym
Uzadaýsam ýetjek ýaly asmana.
Onsuzam,ganata gowuşan göwnüm
Alty gün gökdedi,ýeke gün ýerde.
Galamymda gögerçine öwrülip,
Kapyýalar uçup başlady serde.
Wagtyndan giç gelen aklym kösedi,
Gözlerimem gapyl boldy görerden.
Irde-giçde terk edýänler ekeni,
Söýmän,yşky endik saýyp ýörenler.
"Mahym-Tahyr" kimin beýik söýgüniñ
Aşmadyk bolsagam çygyrlaryny,
Sag bol uç-gyraksyz ylham eçilip,
Ýazdyranña söýgi şygyrlarymy.
Jadygöýlük
Bu niçiksi jadygöýlük,aýtsana?!
Yşkyñ bilen gelen ylham başgamy?
Birmahallar gökde saýan goşgulam
Ýuwaş-ýuwaş ýere düşüp başlady.
Keýpim des-deñ Ezizowyñ "Keýpine",
Geýýän başa "Saturnyñ halkasyn".
"Saña ne döw çaldy?" diýýär joralam,
Şol "döwe" müñ kerem tañryýalkasyn!
Ýeriñ ýarygy-da bahana kalba,
Soñky günler çendenaşa gülek men.
Düşündim dünýäme girmedik çaklañ
Ýylgyrşymam däl ekeni ýürekden.
Ýakyn dostum boldy yşky aýdymlar,
Hiñlenýärin,unutdyrdyñ gaýgy nä?
Sesimiñ orny bar giñ tebigatda,
Bilbilmişim,gargamyşym parhy nä?
Günde müñ gez gaýtalaýan, şondanmy?!
Gulagyma yssy gelýär adyñam.
Eger jady bolsa,haýyş edýärin:
Jadygöýüm,açma meni jadydan!
Mahym Nurgeldiýewa
(Gahryman Arkadagymyzyñ “Leýlisaç”aýdymyna bagyşlanýar)
Birdenkä göwünde leýlisaç dömdi
Del aýdyma imrinäýen pursadym.
Kalbymdan suw içip, gol ýaýradypdyr,
Barlasam boşap galypdyr gursagym.
Ýok! Ýüregim alyp, çäklenmedi ol,
Ädim ätjek bolup durdum howluga.
Bilmen, ýöredimmi, howada gaýdym?
Asyl, seri humar eýlän leýlisaç
Zülplerini düşän eken ýoluma.
Gurbanyň bolaýyn, tel-tel leýlisaç,
Telleriňden owaz dökülýär meger.
Hut şu aýdym, şu owazy seçerdim
“Tutuş ömürboýy diñläp ýörmäge
Ýekeje heň saýla”diýseler eger.
Gulak salman durmak küje,zat küje,
Notalary merjen, sazy dür ýaly.
Bu mahmal mukamyň gylygymy ýa
Owazyna ýüpsüz daňmak diňläni.
Gaýnap duran gazanyndan täleýiň
Gussasyn bir gaba eňter pelegiň.
"Serden geçdim" diýsem, ýalanym däldir,
Hoş owaz çöwrüpdir enterpelegim.
Buluda deňleşdi arzuwly ýürek,
Daşda däl göwnüme zerli aý mundan.
Şamar zülpi towlam-towlam gözeller
Yralap edaly,näzli başlaryn
Leýlisaça dönüp çykdy alnymdan.
Geňlemedim.
Geňlemerin, Arkadag!
Keremiňiz birle döwrüň täleýi
Özgerip, gadymy, müdimi toprak
Uçmahy mekana öwrüldi, onsoň
Leýlisaç mukama öwrüläýmezmi?!
“Altyn asyr” bäsleşigine
Külbikejik
Ertekiden inen ýaly lybasym,
Gözleñ ataş,duýgularym lerzana.
Köwşüm däl,kalbymy gaçyryp ýere,
Eñip barýan nirelerdir bir ýana.
Gorkup,gaçypdyryn bagtly bolmakdan,
Parhy nä,ýollarym tekizmi,gumak.
...Emaý bilen kalbym galdyrsyñ ýerden,
Birgeñsi gürsüldär,salarsyñ gulak.
Adyñy pyşyrdar ritmi,urgusy,
Dartgynlydyr aşa, duýgudan tümmek.
Seriñde oýadar bilmek hyjuwyn
"Kimiñkidir maña aşyk bu ýürek?"
Onsoñ sen - görmegeý şazadam meniñ
Çar tarapa çapar ýollarsyñ derhal:
"Bu kalbyñ eýesin tapyñ tizden tiz!
Ýer ýarylyp giren däldir-ä,herhal."
Ah, şazada!
Akýürekli şazada!
Göwnüñ aldanmaga meýilli kimin.
Gorkýan,onça gözelleriñ içinden
Adyñ bilen ýaşap ýören ýüregiñ
Neneñsi tanarsyñ meniñkidigin?!
Nätmeli? (özüme)
Şübhesiz,sen meniñ gözlänimsiñ.
Şolsuñ!
Ýöne men seniñ gözläniñmikäm?
Nätmeli?
"Ine,tapdym!
Ol sen ahyr" diýeñde
Nazarlary garap dursa biperwaý.
Söýen ýüregiñe girmeklik üçin
Dowam edip bilersiñmi tijenmäñ?
Umydyñy syndyrarmyñ synlasañ
Gözlerinde sorag alamatyny?
Çekip bilersiñmi ýeke başyña
Iki kişiñ söýgi garamatyny?
Nätmeli?
Nätmekden saklasyn Hudaý!
Seriñde eýýämden aýdymka ady,
Yssy mähre teşne bolup ýörşüñe
Sowuk sözleriniñ üşetse dady.
Gitmelimi?
Alajyñ ýok gitmeli.
Onuñam söýmegi hökmanmydyr nä?!
Senem birmahallar "Sen şolsuñ!" diýen
Ýigitleriñ göwnün ýykmanmydyñ nä?!
Minnetdarlyk
Kämahallar käýinýärin özüme:
Nämä derkar ol günleri ýatlamak?
...Ýylgyrdyñ,ýanymda gülledi zemin,
Ýalbardyñ,ýadymda goýduñ ýatlama.
Şeksiz ynandyryp "aşyklygyña",
Salym döretmezdiñ ýürek gysmaga.
Desse-desse gül gujaklan gollarym
Uzadaýsam ýetjek ýaly asmana.
Onsuzam,ganata gowuşan göwnüm
Alty gün gökdedi,ýeke gün ýerde.
Galamymda gögerçine öwrülip,
Kapyýalar uçup başlady serde.
Wagtyndan giç gelen aklym kösedi,
Gözlerimem gapyl boldy görerden.
Irde-giçde terk edýänler ekeni,
Söýmän,yşky endik saýyp ýörenler.
"Mahym-Tahyr" kimin beýik söýgüniñ
Aşmadyk bolsagam çygyrlaryny,
Sag bol uç-gyraksyz ylham eçilip,
Ýazdyranña söýgi şygyrlarymy.
Jadygöýlük
Bu niçiksi jadygöýlük,aýtsana?!
Yşkyñ bilen gelen ylham başgamy?
Birmahallar gökde saýan goşgulam
Ýuwaş-ýuwaş ýere düşüp başlady.
Keýpim des-deñ Ezizowyñ "Keýpine",
Geýýän başa "Saturnyñ halkasyn".
"Saña ne döw çaldy?" diýýär joralam,
Şol "döwe" müñ kerem tañryýalkasyn!
Ýeriñ ýarygy-da bahana kalba,
Soñky günler çendenaşa gülek men.
Düşündim dünýäme girmedik çaklañ
Ýylgyrşymam däl ekeni ýürekden.
Ýakyn dostum boldy yşky aýdymlar,
Hiñlenýärin,unutdyrdyñ gaýgy nä?
Sesimiñ orny bar giñ tebigatda,
Bilbilmişim,gargamyşym parhy nä?
Günde müñ gez gaýtalaýan, şondanmy?!
Gulagyma yssy gelýär adyñam.
Eger jady bolsa,haýyş edýärin:
Jadygöýüm,açma meni jadydan!
Mahym Nurgeldiýewa
44комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.