Bu ýazlar göwne degmedi

Bu ýazlar göwne degmedi...

Bu ýazlar göwne degmedi,
Ak gyşa meňzemediler.
Ýylgyrşym täsin göründi,
Gamlansam geňlemediler.

Salam berdim ynsanlara,
Ynsan dälem unutmadym.
Giň boldum bu dünýädenem,
Gaýyp ýören bulutmydym?!

Diňlenmek arzuwy hemmäň,
Diňlemek weli...
Kim bilýär.
Kä adam bar kemçiligni,
Ýüregi bilen kem bilýär.

Ýürekden söýdüm daşymy,
Söýgä bir mätäçmidiler?!
Ah, bu ynsanlar şonda-da,
Razy bolup geçmediler.

Asman bolup bilmerin men,
Ol arassa, ganat ýaýsaň.
Diýsinler, diýýänlerem köp:
— Menem bir adam bolaýsam...

Gurbanmyrat Saryýew
4 лайков 176 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
18 июл 2022, 10:19
Şu Belki çaga gowy aklyndan azaşsyn diýýäñ öýdýän :))
Ötegçi
Автор 18 июл 2022, 10:20
***

Sensizem şatlanyp bilýän,
Bilýän dünýä düşünibem.
Men şindem gizlejek bolýan,
Seň yşkyňa düşenimem.

Dert däl bu çekip ýörenim,
Hudaý beterden saklasyn.
Keşbine girip torç boldum,
Ret etdim yşkyň sahnasyn.

Uly söze toba ýöne,
Bir gün... giç bolar, barybir.
Söýgi, alaw hem aýralyk
Bularyň bary ganybir.

Köşeşerin söýgiňdenem,
Onsoň ýüregňe kim düşer?!
Ýaşlygyň tüýsi üýtgänsoň,
Diýer ýörerin «kimmiş ol».

Ýyllaryň, ýollaryň keşgin,
Geň bor özüm çekýänimem.
Ynanmasaň, sora-ide,
Sensizligem çekýän, ine. 
Gurbanmyrat Saryýew Biznes Reklama
Hiayress
18 июл 2022, 10:23
Bulara gowşagrak eken.
Ötegçi
Автор 18 июл 2022, 10:24
Belki, çynym bn güldüm şuwagt jora, teswiriñi okap. Joraa jana jora janaaa dp lale bardymy şo ýadyma dusdi name ucinem bolsa. Hany 8-9 klaslarda gecilyan.
Depaa çykasym gelyara
Oynap bokesim gelyara??diyyadimi

Her kime birhili tasir edýär dä, sen aklyñdan azaşsañ men aklyma aýlandym :)
Hiayress
18 июл 2022, 10:25
Sapa bilen Gurbansähetiňkinem goýda.
Resul
18 июл 2022, 10:33
Kitapcy acykmy?
Ötegçi
Автор 18 июл 2022, 10:35
Hiayress, garasda how beh, Sapañky bar, Gurbansahediñki yok gazetde
Hiayress
18 июл 2022, 10:38
ResulT,
Hawa, "www.Islenen.ru" diýde sylkaňa ýaz.
Hiayress
18 июл 2022, 10:39
"Islenen" sözüne derek "kitapcy" bolmaly.
Hiayress
18 июл 2022, 10:39
Ötegçi,
Senem pyşdyl ýaly bolup äwmän geçjek. :)