Ýadamadyñyz

Ýadadym size göwne degmäñ diýmekden,
Ýadadym size göwün ýykmañ diýmekden.
Ýadadym uruşyp, söwüşmäñ diýmekden,
Sizem göwne degmekden ýadamadyñyz.

Sähel zada gahar edip uruşýañyz,
Özüñizkini dogurlajak bolýañyz.
Aýdyñ göwne degip ne peýda gazanýañyz?
Urşup, gaharlanmakdan ýadamadyñyz.

Siziň edýänñize düşnüp bilemok,
Neçün dostuñyzdan ötünç sorañzok.
Ötünç sorap ýitirjek zadyñyz ýok,
Ötünç soramazlykdan ýadamadyñyz.

Dostuñyzyñ ýüzne gülüp bakýañyz,
Yzyndan gybatdyr gepin edýañiz.
Kem ýerni tapsañyz derrew gülýäñiz
Kemçilik tapmakdan ýadamadyñyz.

Ajy sözler aýdyp göwne degýäñiz,
Süýji sözi işiñiz düşse aýtýañyz.
Beren sözüñizden ertir gaýtýañyz,
Ajy söz aýtmakdan ýadamadyñyz.

Hormatlamak bilen Gurbangeldi Satybaldyýew
4 лайков 103 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bahar Toÿlyÿewa
21 авг 2021, 00:34
Akyl satman hayys!