Dokuzy düzüwlik

Dokuzy düzüwlik

Gezende göwnüme ýurt borsuň diýip,
Gurdumy gündizem uwlatjakdan men.
Bilseň, kanagatly suratkeş deýin
Aňasty aňymda surat çekdim men.

Suratdaky gözler hut seň gözleňdi,
Gaşlar gaşlaryňdy, zülpleňdi zülpler.
(Sen deý gyzlarynyň edebi bilen
Mydam il içinde ýüzlüdir türkmen).

Men seni däliräp-düwläp söýemok
Ýa gezemok aýdymlara zowladyp.
Men seni alawlap-güwläp söýemok,
Ýaşaýan ýüregmi goşga gowzadyp.

Duşan günüm baryp gaýdýan asmana,
Duşuşmasak, intizar men, girýan men.
Ahyrsoňy sekizimi düz edip,
Dokuzynjym, seň ýanyňa barýan men.

Sapa Hommadow
Biznes Reklama
5 лайков 216 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
Автор 18 июл 2022, 10:39
《Sesiňi eşitsem, serim sämemiş...»

Görüp bolsa, bagta sebäp kän eken,
Geldiň — gussalarym öňküden ýuka.
Uzak hasrat çekip boljak däl eken
Näz doly sözleriň siňýärkä ruha.

Gökden ýer peýleýän, bolup uçmakçy,
Ýere hiç sygamok (ýalňyş oýlama!).
Bedenim — betbagt, köňlüm — uçmahçy,
Gülüp, mugthor hasratlary jaýlaýan.

Sesiňi eşitsem, serim sämemiş,
Her gülkiňde millionlarça şygyr bar.
Öýkejikler, kinejikler nämemiş,
Biz olary kowalarys owarra.

Arzuwym, maksadym jem boldy sende,
Ylham alýan gara gözleň odundan.
Ykbala minnetdar bolýan her günde,
Hem seniň adyňdan,
hem öz adymdan.

Sapa Hommadow
Ötegçi
Автор 18 июл 2022, 10:41
Ümsümlik we sen

Aýyň ýagtysyndan düşek düşenip,
Ümsümligi bagyrtlapdyr köçeler.
Meger, bu gün duýgularma düşünip,
Aladalam azam bolsa, kiçeler.
Sebäp, demim ýeterimde sen barýaň,
Asyl, uly arzuwymam şudy meň.
Duýýan, häzir kese-kese synlanýan,
Bilýän, häzir bakyşlarmyz deňme-deň.
Gorkup birden synmagyndan çydamyň,
Men bir sözi diýjek bolýan ýaýdana.
Senem halys yş bereňok, gedemim,
Şol bir sözden telim ýola aýlana,
Gymmat düşjek mertligimden çekinip,
Şu pursaty bagt hasaplap, dymýaryn.
Kä çalt gepläp, kä peltekläp, sakynyp,
Şowhunyny duýman barýan dünýäniň.

Sapa Hommadow
Hiayress
18 июл 2022, 10:41
"Dokuzy düzüw adam ýok" diýýärler, "tamaňy tala daňaý" Sapa. :)
Belki
18 июл 2022, 10:43
Bular beýlekileñden gowy.Baş baýrakda duran bolgusyz iki sany goşgudana hemmesem gowy :))
Margarita
18 июл 2022, 10:51
Sen deý gyzlarynyň edebi bilen
Mydam il içinde ýüzlüdir türkmen. ??
Belki
18 июл 2022, 10:58
Hyýar iýýän,indi sen edebiýat muşdagy hökmünde aýt.Şu okanlaryñ arasynda baş baýragy,birinji orny,ikinji we üçünji orny kimlere berjek?
Ötegçi
Автор 18 июл 2022, 11:08
Bular beýlekileñden gowy.Baş baýrakda duran bolgusyz iki sany goşgudana hemmesem gowy :))


Ýöne ýaşy ötüşüpdir da:)
Belki
18 июл 2022, 11:33
Ötegçi,howwa.Ol mesele iñ geñ galan zadym.Sen çap edildi diýeñde-de geñ galypdym :))
Pegas
18 июл 2022, 11:39
Цитата: Ötegçi
Bular beýlekileñden gowy.Baş baýrakda duran bolgusyz iki sany goşgudana hemmesem gowy :))


Ýöne ýaşy ötüşüpdir da:)

Gürrüň men barada bolsa-ha, men 31 ýaşamok entek. 30 ýaşymda.
Ötegçi
Автор 18 июл 2022, 12:15
Pegas, bagyşla ondo?men 91siñ oydýadim 92da ondo
Ötegçi
Автор 18 июл 2022, 12:22
Belki, jora pozitiw bolaly. Bizem 29 ýaşap geçemizde 1nji ýer alarys:) baş baýragam ýaşlar alar :P
Massimus
18 июл 2022, 12:27
Baýrak alan goşgularyň arasynda Baş baýraga mynasyp goşgular şular