Uýalarym

Päk DÜNÝÄM siz, geregim siz,
GÜLLERE JAN berenim siz,
Bagt gülünden ÇEMENIM siz,
MÄHRIŇIZDEN boý alanym,
Uýalarym, uýalarym!

Ýukaýürek, naçar dogan,
Bolmaň gama duçar dogan,
Ýazlar bolup ýaşaň, dogan,
Sizi görsem daýanaryn,
Uýalarym, uýalarym!

Ýürege ýakyn, mähriban,
Sizde käbämiň mähri bar.
Göwnümiň gözel şähri ýa,
Bagtyňyza guwanaýyn,
Uýalarym, uýalarym!

Şatlansam, ganat baglar siz,
Gamlansam, ýürek daglar siz,
Bir sözde göwnüm awlar siz,
Öý-ojagna söýelerim,
Uýalarym, uýalarym!

Bahar geler size meňzäp,
Bir ýyly hoş söze meňzäp,
Armanym ýok, egin deňläp,
Salyp bilsem saýalarym,
Uýalarym, uýalarym!

Başyňyz dik, ojak abat,
Ýaşaň munda göwni çaglap.
Boluň şat günlere şaýat,
Ýaraşykly ýaýlalarym -
Uýalarym, uýalarym!

Kakamyrat Rejebow.
2 лайков 126 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Senyorita.
Автор 21 май 2022, 16:14
DÜNÝÄ, GÜLLER, ÇEMEN, MÄHRI - uly harplar bilen ýazylan welin şahyryň uýalarynyň atlary öýdýän. Ýa başga manysy bamyka?!
Bahara
21 май 2022, 17:18
Gowudygyn
Öwreniji
22 май 2022, 07:49
Gowy goşgy