Käbe dogan sen nirede, nirede. !? .
Ýykylan göwräme söýgüt bolýardyň
Käbe dogan sen nirede, nirede!?
Daş ýollary ýakyn edip gelýärdiň
Käbe dogan sen nirede, nirede!?
Alty aýdyr gelmeleriň kesildi
Ýagty jahan bir tümlüge öwrüldi
Sen gelmäňsoň ejem janam ýykyldy
Käbe dogan sen nirede, nirede!?
Her gün gelýän ýollaryňa garaýan
Sen geleňok giň dünýälem daralýar
Mährem ejem zaryn-zaryn aglaýar
Käbe dogan sen nirede, nirede!?
Ejiz göwre, ejiz ýürek aglaýar
Seň ýoklygyňa jigleň bagryn daglaýar
Ejizlämde ejiz göwnüm awlaýar
Mährem dogan sen nirede, nirede!?
Toý toýlasak toýlarmyzyň başydyň
Toýlaryň bezegi Bibi ejediň
Doganlaň ulysy ýürek täçidiň
Käbe dogan sen nirede, nirede!?
Hudaýdan diledik derdiň dermanyn
Lukmandan soradyk, derdiň dermanyn
Lukman diýdi-de ýüzümize garap
Alladan dilaň siz derdiň dermanyn!?
Gaflat ukusyna uka gidipsiň
Bimändiris, biz hem mahriban dogan
Gelmez ýollaryna ýola düşüpsiň
Duýmandyrys biz hem mahriban dogan
Gaflat ukusynda ýatan hem bolsaň
Öýlerimiziň, toýlarmyzyň başysyň
Jigleriň, gelinleriň Bibi ejesi
Käbe dogan sen nirede nirede
Ýatan ýeriň ýagty bolsun Jan dogan
Jennetiň töründen berilsin jaýyň
Bu dünýede ýaşap bilmedik ýaşyň
Allajan çagalaryňa bersindä paýyň!?
Käbe dogan sen nirede, nirede!?
Daş ýollary ýakyn edip gelýärdiň
Käbe dogan sen nirede, nirede!?
Alty aýdyr gelmeleriň kesildi
Ýagty jahan bir tümlüge öwrüldi
Sen gelmäňsoň ejem janam ýykyldy
Käbe dogan sen nirede, nirede!?
Her gün gelýän ýollaryňa garaýan
Sen geleňok giň dünýälem daralýar
Mährem ejem zaryn-zaryn aglaýar
Käbe dogan sen nirede, nirede!?
Ejiz göwre, ejiz ýürek aglaýar
Seň ýoklygyňa jigleň bagryn daglaýar
Ejizlämde ejiz göwnüm awlaýar
Mährem dogan sen nirede, nirede!?
Toý toýlasak toýlarmyzyň başydyň
Toýlaryň bezegi Bibi ejediň
Doganlaň ulysy ýürek täçidiň
Käbe dogan sen nirede, nirede!?
Hudaýdan diledik derdiň dermanyn
Lukmandan soradyk, derdiň dermanyn
Lukman diýdi-de ýüzümize garap
Alladan dilaň siz derdiň dermanyn!?
Gaflat ukusyna uka gidipsiň
Bimändiris, biz hem mahriban dogan
Gelmez ýollaryna ýola düşüpsiň
Duýmandyrys biz hem mahriban dogan
Gaflat ukusynda ýatan hem bolsaň
Öýlerimiziň, toýlarmyzyň başysyň
Jigleriň, gelinleriň Bibi ejesi
Käbe dogan sen nirede nirede
Ýatan ýeriň ýagty bolsun Jan dogan
Jennetiň töründen berilsin jaýyň
Bu dünýede ýaşap bilmedik ýaşyň
Allajan çagalaryňa bersindä paýyň!?
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.