Bir gün ýalñyz galarsyñ. Ýeriñ düýbine girmek islärsiñ ýa-da asmana uçup bulutlaryñ içine gitmek islarsiñ

İkisi hem ýetmez. Geçmişi ýatlarsyñ. Sen nirede bolsañda her sagadyñy her minudyñy ýatlarsyñ. Meniñ bilen geçen ýerleriñi geçmek, giden ýerleriñe gitmek islärsin. Kimdir biri saña içindäki hasratdan dynmagyñ ýoluny aýtjak bolar, emma sen gaçarsyñ. Şol dynmak isleýän derdiñden, ýene dynmazlyk üçin dileg edersiñ. Durmuşuñ galanyny diñe meni ýatlap geçirmek islärsiñ. Hiç bir ynsany meniñ ýerine goýup bilmersiñ. Seni hiç bir zat özüñe getirmez, we ýene derdiñ dermanlaryny gözläp başlarsyñ. Namedir bir zat saña az wagtlyk ähli zady unutdyrar, ýöne meni unutdyrmaz. Ähli aýdylan aýdymlar, ýazylan goşgylar biziñ ikimiz üçin ýaly bolar. Damagyñ dolar we diñläp, okap bilmersiñ. Uklamak kyn, oýanmak añsat bolar. Hakykat bolmagyny islän düýşleriñi görersiñ. Sàherin howasyny içiñe çekersiñ, kä wagt bolsa "käşgä hiç dañ atmasady" diýersiñ. Ne gijeler saña rahatlyk berer, ne-de gündizler. Kimdir biri bileñ gürrüñdeş bolanyñda ýalñyşyp meniñ adymy aýdanyñy bilmäni galarsyñ ýa-da meniñ aýdýan sözlerim has ýakyn eşdiler gulaklaryña. Telefon jañynyñ gelmesine garaşarsyn, jañ etmejegimi bilseñde. Her jañ gelende ýüregiñ agzyña geler, ýöne başga biriniñ jañ edýänini görüp ýene keýpiñ gaçar. Aglaýan halyñda gürleşersiñ jañ edýänler bilen. Meniñ sesimi ýekeje gezek eştmek üçin ýanyp tutaşarsyñ. Ýüregiñ burulup, hasratyñ artar. Mundan soñ hiç wagt söýmezlige ant içersiñ. Durmuşyn üçin nämedir bir zatlar edesin gelmez. Hiç bir zadyñ manysyny görüp bilmersiñ. Emma her gezek meni göreniñde bolsa, ýaşaýan şäheriñi, okaýan okuwyñy, işleýän işiñi terk etmek islärsiñ. Meniñ bilen hiç hili bagly bolmadyk, menii ýatlatmajak ýerlere gidip ýaşamak islärsiñ. Ýöne ýene bir umyt durar içinde. "BELKİ BİR GÜN DOLANAR" diýe
2 лайков 145 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
17 сен 2021, 21:45
Gaty dogry we owadan aydylan sozler brawo

Ozunde-de boldymy sular yaly waka?
#динара.
Автор 17 сен 2021, 21:48
sᴛᴀᴛᴇ,
ahaaa aglaya
Ýury
17 сен 2021, 21:49
hosh
Özim gynanyp gitdim
Ýury
17 сен 2021, 21:51
Minnoş menden like bor onna menä ok dossumlara tarap gitdim atly senem gelesiñ gelse geläý
Döwlet Şöhradow
17 сен 2021, 21:57
Miss_minnosh,

geçip barýaka sowlan,

Gynanman,Aglaman, seytmeli bolyas aglasanyz gayyk
Döwlet Şöhradow
17 сен 2021, 21:57
Goz yasdan yana))
Okuwçy04.A
17 сен 2021, 23:38
sᴛᴀᴛᴇ,
Aha maňada geldi göz ýaş