Uýalarym

Gül ýüzüňiz gördüm - derdim ýeňledi,
Dünýäm giňäp gitdi, -sizi diňledim.
Soňky döwür... Näme boldy, bilmedim,
Kesildi-le bizden aýajyklarňyz -
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

Maşgala. Öý-ojak. Naçar yhlasy...
Ömür örňedikçe düşünýäň hasam.
Siz - eziz enemden galan mirasym,
Aýapdym, ýene-de aýajaklarym -
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

Bilip bolmaz, kalby gaplasa gussa,
Geliň, derdinşeliň, ýürekler gyssa,
Durmuşda büdresem, nädogry bassam,
Özümden öňürti uýaljaklarym -
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

Deň bolmaň siz, gyýa bakmaň öwrülip,
Onsuzam ýalňyşlar sanjy böwrüme.
Bir päkize süýtdenmidir göwnüňiz,
Sähelçe ynjytsaň uýajaklarym -
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

Ýyllar ötýär - aladasy,aly kän,
Ýyllar ötýär - öwrüm-öwrüm ýoly kän,
Gör, bu durmuş ýegençiler ýaly däl,
Diňlemez, tutdurmaz uýanjyklaryn,
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

"Dogan" diýip, halym aňlajagym siz,
Ýene gelip göwnüm awlajagym siz,
Başujymda bozlap aglajagym siz
Bir gün uka gitsem oýarjak bolup,
Uýajyklarym, wah, uýajyklarym...

Annamuhammet Kirşenow.
2 лайков 141 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bahara
21 май 2022, 17:17
Aglatdy
Şagyzy Şazada
12 июн 2022, 07:57
Gowy goşgy eken brawo! bahaber