Durmuş sapaklary (sonetler çemeni)
Durmuş sapaklary (sonetler çemeni)
1.
Durmuş sapaklary bagt gapymyz,
Bilimlilik ol gapynyň açary .
Hany açyň , giňden açyň gapyňyz ,
Söýgüli myhmanlar girsin içeri .
Asudalyk girsin saba howa deý .
Agzybirlik töriňizden çykmasyn.
Balalarňyz bolsun nesil dowamy.
Baýlyk ojagňyzy dikläp saklasyn.
Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok , görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby,
Soň näme boljagny bilip bolanok .
"Bagt nirde?"diýdi,
Diýdim gülüp men,
Gözlemeli ony her kynçylykdan.
2.
Gözlemeli ony her kynçylykdan
Kynçylykda kämilleşýäs bekeýäs
Bilýärin juda kyn ýagşy gylyklar
Adam bolsaň,adam bolgun beke has
Aglap geldim dünýä,
Bilýän owallan,
Ýalançyda aglap geçmelidigmi.
Günäsizje perişdedim owal men,
Ýa şol wagt mundan gaçmalydymmy ?
Pelek peder bolup geldi gaşyma,
Gujak gerdi girdim oňa bialaç.
Şol oýnawaçlary oýnap ýörşüme,
Ahyr boldum meň özümem oýnawaç.
Ýumşak ýumşap gidýär ,galýar gatymyz.
Gözel durmuş küýsesekde köpümiz
3.
Gözel durmuş küýsesekde köpümiz
Ajal bizi çagyryp dur "Gel" diýip
Ýalançynyň ýalanlarna köpümiz
Aldanýarys "Baýlyk,eklenç,pul..."diýip
Munda bijedelsiz bir hakykat bar
Barymyzam bilýäs ölüm bar ölüm
Ölümiňden soňra nämeler bolýar ?
Şu zatlar barada oýlanýaň telim
Nähili ölýäris?
Nämüçin ölýäs?
Gör bedenler gara ýere girip dur
Hem anyk bilsegem bilmedik bolýas
Hanha ölüleri gözmiz görüp dur
Gorkmalyň,gaçmalyň her kynçylykdan
Ömre many çaýýar şol kynçylyklar
4.
Ömre many çaýýar şol kynçylyklar
Ýene-de bir zada düşündim walla,
Iň gowy söz näme ?
Biljek bolarlar.
Iň gowy söz "Lä Ilähe Illallah".
Bu jadyly sözüň gudratyn bilýän.
Gaýtaladym ony müňlerçe gezek.
Şol gudratyň gözli şaýady bolýan.
Indi bolup geçen gudrata seret --
Bir guşjagaz gelip aýnany kakýar
Henizem sebäbin aňlap bilemok
Käte-käte durup naýynjar bakýar
Soň aýlanyp bardym, gördüm hiç zat ýok
Budur Biribaryň täsin işleri
Ýatsakda görýäris täsin düýşleri
5.
Ýatsakda görýäris täsin düýşleri,
Ony ýazyp alsaň bor syrly kitap.
Käte ýada düşmez onuň hiç ýeri,
Käşgä şol düýşleri bolsady okap.
Ýadyma düşenni ýazýaryn käte ,
Depderim ol syrly sözlerden dolýar .
Ýazýan ýene ýazýan ,sowaýar käse ,
Bolmanda gyzykly hekaýa bolýar .
Ondan soňra huşum düýşe garyşýar .
Gör-ä köp zatlary görýän düýşümde .
Edil bolan wagty ýadyma düşýär,
Şol düýşlerim gaýtalanýar huşumda .
Beýle waka goýýar mende iňkisi.
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi.
6.
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi ,
Duýýaryn geljegim öňünden belli .
Ýene-de eşitdim üýtgeşik sesi ,
Beýle sözler nädip gursagma geldi ?
Ýazýaryn gursagma gelen zatlary ,
Sözler nirden gelýär anyk bilemok .
Ýazýaryn durmuşda bolan zatlary ,
Hakykatdyr munda zerre ýalan ýok .
Adalaty gözläp geçdi ömrüm har ,
Nüçin ony diňe gözler gözleýär.
Munda görünmeýän kän hakykat bar ,
Ýüregiň duýmasa gözler görmeýär.
Zehinler ýok edýär dagy-daşlary
Budur Biribaryň täsin işleri
7.
Budur Biribaryň täsin işleri.
Gün uzyn iş diyip elewresekde,
Bäş wagt namaza ,mydam boş ýeri,
Hem boş wagt ,tapamyzok elbetde .
Her günde açylýar täze sahypa ,
Ýazyp bilseň bolar bir uzyn roman .
Ýaz ýazyjym, şu pursatdyr ,şu pille ,
Ýagşysyn ýamanyn saýlar ol zaman.
Hiç haçan, hiç kimiň üstünden gülmen.
Şeýle waka ençe gezek duşýaryn.
Eger bir kişiniň üstünden gülsem,
Soň özümem şoň gününe düşýärin.
Diňle dosdym senem eştýäňmi sesi,
Gelýär gulagyma şeýtan gülküsi.
8.
Gelýär gulagyma şeýtan gülküsi,
Tans oýnaýan ýaly kakýar heşelle.
Gaharym gorjalýar ,gaçýar höwesim ,
Şol ýowuz ýyllarym ýada düşende .
Garawlydym men garawulhananyň,
Garaşmakdan ýaňa halys iripdim .
Ol megerem o çetinde dünýäniň ,
Şonda anyk şeýtanlary görüpdim.
Gelýärdiler tans oýnaşyp , gülüşip .
Ýöne gelmeýärdi gullukdaşlarym .
Şeýle boljak eken aňyň bulaşyp ,
Bu başyňdan uçsa akyl huşlaryň .
Ýanjagazymda dur ýürek lukmany -
Bu dünýäde bagt bar-a köp sanly .
9.
Bu dünýäde bagt bar-a köp sanly.
Sanap soňlap bolmaz ýekeme-ýeke
Dürli-dürli ýaradylyşda her janly
Şolaram bir meňzeş bolmaýan eken
Duýýaryn goraýar bizi täsin güýç
Bar zat şonuň emri bilen ýöreýär
O nähili güýç, görmesekde hiç
Ol elmydam golaýmyzdan garaýar
Günüň doguşynda hiç many ýokmy ?
Onuň batyşynda ýokmy hiç bir syr?
Pikir edeňokmy?
Ýa göreňokmy ?
Ýazsaň gel ýazyber gutarmaz eser .
Garyplaram bagtlydyrlar hökmany
Ony puldan gözlemeklik hökmanmy?
10.
Ony puldan gözlemeklik hökmanmy ?
Ýa lukmanmy baýlyk ähli derdiňe ?
Bolalyň biz bir-biregiň lukmany
Haram baýlyk dert üstüne dert diňe
-Aşa söýmäň , asla söýmäň panyny
Ahyr soňy gitmeli biz aýrylyp
Ölüm uly sapak alsaň manyny
Dünýäň ajy şarpygydyr aýralyk
Bu durmuşda isleýäris köp zady
Hem oňa ýetmäne gyssanýas juda
Onuň üçin bagyşlaman hiç zady
Oňa ýetjek bolýas , gysganýas juda
Dilegler gudratdyr , dogalar jady .
Durmuş bize öwredýär gör köp zady
11.
Durmuş bize öwredýär gör köp zady
Arzuwyňa ýetip bolmaz göreşmän
Haýyşym gideýin saklamaň bady
Gör Gerçege bagtly geljek garaşýar
Şahyr bolup gelen bolsaň durmuşa
Täze many,täze dünýe tapmaly
Ýaşullan ýaş kiçä, gör hemme kişä
Bize bilim berýär durmuş mekdebi
Bu mekdepde des-deňjedir baý garyp
Hersine üýtgeşik sapaklar berer
Ýalňyşsa çyn mertler özünden görüp
Namartlar mydama ilinden görer
Şahyr bolsaň ýazmaly sen köp zady
Internetde , kitaplarda ýok zady
12.
Internetde,kitaplarda ýok zady
Gözlemeli diňe syrly durmuşdan
Sözleriň syr bolsun,jümleleň jady.
Il aýdar ýalňyşsaň, gorkma ýalňyşdan
Köňül tukat , dünýe alagalmagal
Elmydama derbaşagaý adamzat
Gyýylma ýüregim gal aýaga gal
Bolsun goşgylarmy okan adam şat
Siňsin şygyrlarym köňüllerňize
Ýaraly ýürekleň melhemi bolsun
Ömrüm ömür goşsun ömürlerňize
Gyrlan ganatlaryň ylhamy bolsun
Durmuş mekdebine ediň sapary
Öwredýär ol ýapylýança gapagy
13 .
Öwredýär ol ýapylýança gapagy
Ähli sapaklary ýazyber geçip
Durmuşdaky ornumyzy tapaly
Her adamda bir ukyp bar üýtgeşik
Ykbal öwrümleri täze başlangyç
Gursakda gaýnasyn ylham çeşmesi
Ýagşy umyt bilen dogandyr Güneş
Çogly Güneş närsa bolup ýaşmasyn
Menem söýdüm ýöne söýlüp bilmedim,
Söýeni söýgüsiz goýýalarmyka?
Hakykaty depderçäme belledim,
"Gyzlar söýmeýäni söýýälermikä?"
Her zatda many bar , synla şapagy
Eger alyp bilseň durmuş sapagy
14.
Eger alyp bilseň durmuş sapagy
Akylyň goýalar, bilimiň bolar.
Gowy günde hemme çalar çapagy
Ýöne kyn günüňde çyn hossar geler.
Goşgylar söýgüden başlanýarmyka?
Okuwçydym ýaňy sekiz ýaşymda
Kiçijik kalbymda eşdildi mukam
Ýylgyrypjyk durduň meniň gaşymda
Şol gün şu günki deý ýadyma düşýär
Gidip barýaň meniň bilen hoşlaşyp
Şol gün seň şanyňa ylham perişdäm
Ilkinji goşgymy ýazypdym joşup
Ine şeýdip şahyr bolýas köpümiz
Durmuş sapaklary bagt gapymyz
Magistral
Durmuş sapaklary bagt gapymyz,
Gözlemeli ony her kynçylykdan.
Gözel durmuş küýsesekde köpümiz,
Ömre many çaýýar şol kynçylyklar.
Ýatsakda görýäris täsin düýşleri
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi
Budur Biribaryň täsin işleri
Gelýär gulagyma şeýtan gülküsi
Bu dünýäde bagt bar-a köp sanly
Ony puldan gözlemeklik hökmanmy
Durmuş bize öwredýär gör köp zady
Internetde , kitaplarda ýok zady
Öwredýär ol ýapylýança gapagy
Eger alyp bilseň durmuş sapagy
Gerçeknazar Amannazarow
(21.02.2023)
1.
Durmuş sapaklary bagt gapymyz,
Bilimlilik ol gapynyň açary .
Hany açyň , giňden açyň gapyňyz ,
Söýgüli myhmanlar girsin içeri .
Asudalyk girsin saba howa deý .
Agzybirlik töriňizden çykmasyn.
Balalarňyz bolsun nesil dowamy.
Baýlyk ojagňyzy dikläp saklasyn.
Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok , görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby,
Soň näme boljagny bilip bolanok .
"Bagt nirde?"diýdi,
Diýdim gülüp men,
Gözlemeli ony her kynçylykdan.
2.
Gözlemeli ony her kynçylykdan
Kynçylykda kämilleşýäs bekeýäs
Bilýärin juda kyn ýagşy gylyklar
Adam bolsaň,adam bolgun beke has
Aglap geldim dünýä,
Bilýän owallan,
Ýalançyda aglap geçmelidigmi.
Günäsizje perişdedim owal men,
Ýa şol wagt mundan gaçmalydymmy ?
Pelek peder bolup geldi gaşyma,
Gujak gerdi girdim oňa bialaç.
Şol oýnawaçlary oýnap ýörşüme,
Ahyr boldum meň özümem oýnawaç.
Ýumşak ýumşap gidýär ,galýar gatymyz.
Gözel durmuş küýsesekde köpümiz
3.
Gözel durmuş küýsesekde köpümiz
Ajal bizi çagyryp dur "Gel" diýip
Ýalançynyň ýalanlarna köpümiz
Aldanýarys "Baýlyk,eklenç,pul..."diýip
Munda bijedelsiz bir hakykat bar
Barymyzam bilýäs ölüm bar ölüm
Ölümiňden soňra nämeler bolýar ?
Şu zatlar barada oýlanýaň telim
Nähili ölýäris?
Nämüçin ölýäs?
Gör bedenler gara ýere girip dur
Hem anyk bilsegem bilmedik bolýas
Hanha ölüleri gözmiz görüp dur
Gorkmalyň,gaçmalyň her kynçylykdan
Ömre many çaýýar şol kynçylyklar
4.
Ömre many çaýýar şol kynçylyklar
Ýene-de bir zada düşündim walla,
Iň gowy söz näme ?
Biljek bolarlar.
Iň gowy söz "Lä Ilähe Illallah".
Bu jadyly sözüň gudratyn bilýän.
Gaýtaladym ony müňlerçe gezek.
Şol gudratyň gözli şaýady bolýan.
Indi bolup geçen gudrata seret --
Bir guşjagaz gelip aýnany kakýar
Henizem sebäbin aňlap bilemok
Käte-käte durup naýynjar bakýar
Soň aýlanyp bardym, gördüm hiç zat ýok
Budur Biribaryň täsin işleri
Ýatsakda görýäris täsin düýşleri
5.
Ýatsakda görýäris täsin düýşleri,
Ony ýazyp alsaň bor syrly kitap.
Käte ýada düşmez onuň hiç ýeri,
Käşgä şol düýşleri bolsady okap.
Ýadyma düşenni ýazýaryn käte ,
Depderim ol syrly sözlerden dolýar .
Ýazýan ýene ýazýan ,sowaýar käse ,
Bolmanda gyzykly hekaýa bolýar .
Ondan soňra huşum düýşe garyşýar .
Gör-ä köp zatlary görýän düýşümde .
Edil bolan wagty ýadyma düşýär,
Şol düýşlerim gaýtalanýar huşumda .
Beýle waka goýýar mende iňkisi.
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi.
6.
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi ,
Duýýaryn geljegim öňünden belli .
Ýene-de eşitdim üýtgeşik sesi ,
Beýle sözler nädip gursagma geldi ?
Ýazýaryn gursagma gelen zatlary ,
Sözler nirden gelýär anyk bilemok .
Ýazýaryn durmuşda bolan zatlary ,
Hakykatdyr munda zerre ýalan ýok .
Adalaty gözläp geçdi ömrüm har ,
Nüçin ony diňe gözler gözleýär.
Munda görünmeýän kän hakykat bar ,
Ýüregiň duýmasa gözler görmeýär.
Zehinler ýok edýär dagy-daşlary
Budur Biribaryň täsin işleri
7.
Budur Biribaryň täsin işleri.
Gün uzyn iş diyip elewresekde,
Bäş wagt namaza ,mydam boş ýeri,
Hem boş wagt ,tapamyzok elbetde .
Her günde açylýar täze sahypa ,
Ýazyp bilseň bolar bir uzyn roman .
Ýaz ýazyjym, şu pursatdyr ,şu pille ,
Ýagşysyn ýamanyn saýlar ol zaman.
Hiç haçan, hiç kimiň üstünden gülmen.
Şeýle waka ençe gezek duşýaryn.
Eger bir kişiniň üstünden gülsem,
Soň özümem şoň gününe düşýärin.
Diňle dosdym senem eştýäňmi sesi,
Gelýär gulagyma şeýtan gülküsi.
8.
Gelýär gulagyma şeýtan gülküsi,
Tans oýnaýan ýaly kakýar heşelle.
Gaharym gorjalýar ,gaçýar höwesim ,
Şol ýowuz ýyllarym ýada düşende .
Garawlydym men garawulhananyň,
Garaşmakdan ýaňa halys iripdim .
Ol megerem o çetinde dünýäniň ,
Şonda anyk şeýtanlary görüpdim.
Gelýärdiler tans oýnaşyp , gülüşip .
Ýöne gelmeýärdi gullukdaşlarym .
Şeýle boljak eken aňyň bulaşyp ,
Bu başyňdan uçsa akyl huşlaryň .
Ýanjagazymda dur ýürek lukmany -
Bu dünýäde bagt bar-a köp sanly .
9.
Bu dünýäde bagt bar-a köp sanly.
Sanap soňlap bolmaz ýekeme-ýeke
Dürli-dürli ýaradylyşda her janly
Şolaram bir meňzeş bolmaýan eken
Duýýaryn goraýar bizi täsin güýç
Bar zat şonuň emri bilen ýöreýär
O nähili güýç, görmesekde hiç
Ol elmydam golaýmyzdan garaýar
Günüň doguşynda hiç many ýokmy ?
Onuň batyşynda ýokmy hiç bir syr?
Pikir edeňokmy?
Ýa göreňokmy ?
Ýazsaň gel ýazyber gutarmaz eser .
Garyplaram bagtlydyrlar hökmany
Ony puldan gözlemeklik hökmanmy?
10.
Ony puldan gözlemeklik hökmanmy ?
Ýa lukmanmy baýlyk ähli derdiňe ?
Bolalyň biz bir-biregiň lukmany
Haram baýlyk dert üstüne dert diňe
-Aşa söýmäň , asla söýmäň panyny
Ahyr soňy gitmeli biz aýrylyp
Ölüm uly sapak alsaň manyny
Dünýäň ajy şarpygydyr aýralyk
Bu durmuşda isleýäris köp zady
Hem oňa ýetmäne gyssanýas juda
Onuň üçin bagyşlaman hiç zady
Oňa ýetjek bolýas , gysganýas juda
Dilegler gudratdyr , dogalar jady .
Durmuş bize öwredýär gör köp zady
11.
Durmuş bize öwredýär gör köp zady
Arzuwyňa ýetip bolmaz göreşmän
Haýyşym gideýin saklamaň bady
Gör Gerçege bagtly geljek garaşýar
Şahyr bolup gelen bolsaň durmuşa
Täze many,täze dünýe tapmaly
Ýaşullan ýaş kiçä, gör hemme kişä
Bize bilim berýär durmuş mekdebi
Bu mekdepde des-deňjedir baý garyp
Hersine üýtgeşik sapaklar berer
Ýalňyşsa çyn mertler özünden görüp
Namartlar mydama ilinden görer
Şahyr bolsaň ýazmaly sen köp zady
Internetde , kitaplarda ýok zady
12.
Internetde,kitaplarda ýok zady
Gözlemeli diňe syrly durmuşdan
Sözleriň syr bolsun,jümleleň jady.
Il aýdar ýalňyşsaň, gorkma ýalňyşdan
Köňül tukat , dünýe alagalmagal
Elmydama derbaşagaý adamzat
Gyýylma ýüregim gal aýaga gal
Bolsun goşgylarmy okan adam şat
Siňsin şygyrlarym köňüllerňize
Ýaraly ýürekleň melhemi bolsun
Ömrüm ömür goşsun ömürlerňize
Gyrlan ganatlaryň ylhamy bolsun
Durmuş mekdebine ediň sapary
Öwredýär ol ýapylýança gapagy
13 .
Öwredýär ol ýapylýança gapagy
Ähli sapaklary ýazyber geçip
Durmuşdaky ornumyzy tapaly
Her adamda bir ukyp bar üýtgeşik
Ykbal öwrümleri täze başlangyç
Gursakda gaýnasyn ylham çeşmesi
Ýagşy umyt bilen dogandyr Güneş
Çogly Güneş närsa bolup ýaşmasyn
Menem söýdüm ýöne söýlüp bilmedim,
Söýeni söýgüsiz goýýalarmyka?
Hakykaty depderçäme belledim,
"Gyzlar söýmeýäni söýýälermikä?"
Her zatda many bar , synla şapagy
Eger alyp bilseň durmuş sapagy
14.
Eger alyp bilseň durmuş sapagy
Akylyň goýalar, bilimiň bolar.
Gowy günde hemme çalar çapagy
Ýöne kyn günüňde çyn hossar geler.
Goşgylar söýgüden başlanýarmyka?
Okuwçydym ýaňy sekiz ýaşymda
Kiçijik kalbymda eşdildi mukam
Ýylgyrypjyk durduň meniň gaşymda
Şol gün şu günki deý ýadyma düşýär
Gidip barýaň meniň bilen hoşlaşyp
Şol gün seň şanyňa ylham perişdäm
Ilkinji goşgymy ýazypdym joşup
Ine şeýdip şahyr bolýas köpümiz
Durmuş sapaklary bagt gapymyz
Magistral
Durmuş sapaklary bagt gapymyz,
Gözlemeli ony her kynçylykdan.
Gözel durmuş küýsesekde köpümiz,
Ömre many çaýýar şol kynçylyklar.
Ýatsakda görýäris täsin düýşleri
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi
Budur Biribaryň täsin işleri
Gelýär gulagyma şeýtan gülküsi
Bu dünýäde bagt bar-a köp sanly
Ony puldan gözlemeklik hökmanmy
Durmuş bize öwredýär gör köp zady
Internetde , kitaplarda ýok zady
Öwredýär ol ýapylýança gapagy
Eger alyp bilseň durmuş sapagy
Gerçeknazar Amannazarow
(21.02.2023)
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.