AGAM...
Agam, sen tanaýan dälsiň iniňi...
Tanyş bol: men iniň...
Aslynda
Siziň gara diýýäniňizi ak bilýän,
Ak hasaplap ýöreniňize “gara” diýýän;
Halalyňyzdan uzak,
Haramyňyzy özüne siňdiren,
Ýagşu-ýaman işlerden gaça durmadyk
Hem gorkmadyk deňdirinden hasaplaň...
Azaplaň ýüzüne ýylgyryp bakan,
Geçmişini alga alman,
Geljegine biparh bolan iniň men...
Atamyz bir bolsa-da,
Hatamyz dürli-dürli;
Enemiz bir bolsa-da,
Bir ojakda boý alsagam,
Ýigit çyksagam,
Topragymyz şol bir toprak bolsa-da,
Adyň Wepa, adym Sapa ahyryn...
Sen wepaly ojaga.
A men — Sapa.
Ömrüm — sapa.
Durmuşym — sapa.
Gurluşym — sapa.
Derdim — sapa.
Dermanym — sapa.
Armanym — sapa.
Sen — ojagyň guwanjy, agam.
Sen meniňem guwanjym.
A men...
mundan buýana-da
Sapa bolsam,
Sapa bolup ýaşasam,
Ýazgarmaň...
Sebäbi
sen tanaýan dälsiň, Wepa, iniňi...
Sapa iniňi...
Ömri, köňli, dünýäsi
durşuna jepa iniňi...
29.06.2022ý.
✏Sapa HOMMADOW
Tanyş bol: men iniň...
Aslynda
Siziň gara diýýäniňizi ak bilýän,
Ak hasaplap ýöreniňize “gara” diýýän;
Halalyňyzdan uzak,
Haramyňyzy özüne siňdiren,
Ýagşu-ýaman işlerden gaça durmadyk
Hem gorkmadyk deňdirinden hasaplaň...
Azaplaň ýüzüne ýylgyryp bakan,
Geçmişini alga alman,
Geljegine biparh bolan iniň men...
Atamyz bir bolsa-da,
Hatamyz dürli-dürli;
Enemiz bir bolsa-da,
Bir ojakda boý alsagam,
Ýigit çyksagam,
Topragymyz şol bir toprak bolsa-da,
Adyň Wepa, adym Sapa ahyryn...
Sen wepaly ojaga.
A men — Sapa.
Ömrüm — sapa.
Durmuşym — sapa.
Gurluşym — sapa.
Derdim — sapa.
Dermanym — sapa.
Armanym — sapa.
Sen — ojagyň guwanjy, agam.
Sen meniňem guwanjym.
A men...
mundan buýana-da
Sapa bolsam,
Sapa bolup ýaşasam,
Ýazgarmaň...
Sebäbi
sen tanaýan dälsiň, Wepa, iniňi...
Sapa iniňi...
Ömri, köňli, dünýäsi
durşuna jepa iniňi...
29.06.2022ý.
✏Sapa HOMMADOW
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.