Namaz okasañ molla bolýañmy?
Türkmenistanda soñky döwürde namaz okaýan ýaş nesiliñ sany köpelýär.
diýsek hem ýalñyşmarys, emma halk arasynda köplenç egerde biri namaz okaýan bolsa şoña bir hili molla gözü bilen seredýärler, hamana erbet iş etýän ýaly garalýar.
Biziñ Türkmen halkymyzda namazy ýaş oglan ýada gyz okasa geñ görülýär. Diñe 50-60 ýaşa ýetenler ýagny garrylar okamaly diýen düşünje bar. Emma hakykatda bolsa ol beýle däl we şonuñ ýaly hem ýaşlaryñ arasynda düşünüşmezlikler ýüze çykyp bilýär.
Toýlarda arak içip çilim çekip bulaşyp ýören oglanlar namaz okaýan bir klasdaşyna ýada tanşyna gabat gelse degmäñow ol molla diýip derrew şol adamyny kiçeltmek bilen bolýar we aslynda bu düýbünde ýalñyş mesele, şu ýerde esasan hem bellemeli zat Türkmen ýaşlarynyñ arasynda ejize ganymlyk diýip bir zat bar hiç kim hiç wagt özünden güýçlä zat diýip bilenok elmydama bir zat diýjek bolsa ýa yrsarajak bolsa özünden ejiz tapýar. Aslynda beýle hadysalaryñ bolmagynyñ birinji sebäplerinden biri he okuwsyzlyk bilimsizlik, okuw okamaýan wagtyny gijelerne köçelerde geçirip boş entäp ýören oglanlaryñ endigi aslynla bu häsiýet.
Kiçiräk mysal bereýin: obalarda bolsun ýada şäherde bolsun oglan gyz tapawudy ýok, men oglanlarda mysal bereýin. Üýşüp duran bolsalar aralarynda iñ ejizjelerini saýlap aý şoñ üstünden diñe gülüp, zatlary aýdyp beýlekileri güldürjek bolup şol ejiziñ üstünden gülüp ýörenler ýok däl. Ynha şeýle oglanlar namaz okaýany kän bir sylap baranok hamana jenaýat eden ýaly ahowww ol namaz okaýar diýýär.
Ýagny bu ýerde namaz okaýanyny aýtjak bolup diýenok ýada şonuñ gowy iş etýänini bellejek bolup beýle diýenok eýsem şol garşysyndakyny basjak bolup iliñ içinde kemsitjek bolup diýýär emma bolsa düýbünden ýalñyş.
Birinjidana ol her kimiñ öz saýlan ýoly hiç kimiñ hiç kime dini ynanç babatynda, geýim gejim babatynda, saç daraýyş şekli babatynda ýa bolmasa başga zatlar babatda bir birine goşulşmaga haky ýokdur adam islän zadyny elbetde öz çygycyndan çykman etmekde azatdyr.
Emma namaz okaýanyñ üstünden gülmek hem dogry däldir sebäbi ol hem özüniñ Alla bolan borjyny ýerine ýetirýär we uly sowap gazanýar we şol gompyja oglanlar bilen deñeşdirilende ile güne zyýany ýok agzy arassa olara garañda gowy taraplary has kändir. Şonuñ üçin elmydama adam adam bilen gürrüñdeş bolanda bir birine sylag hormatyny ýitirmeli däl, birek biregiñ pikirine hormat goýmaly

27комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.