Namaz.
Namaz (pars. نماز) ýa-da äs-solä(t) (arap. الصلاة) — yslamda bäş sütüniň ikinjisi. Allahyň buýrugy.
Namaz iki dünýäniň abatlygy üçin Allahyň buýrugydyr. Allahyň buýrugyny ýerine ýetirmeýän kişi Allaha garşy çykdygydyr. Allah ynsanlara güýçleriniň ýetmejek buýrugyny bermeýär. 5 wagt Namaz 24 sagadyň dowamynda çaltrak okasaň 35 minudyňy, ýuwaşrak okasaň 45 minudyňy, täret täzelenmeli bolanda 1 sagadyňy alýandyr.
ALLAHyň buýrugy bilen gündeki okamasy hökmany 5 wagt namaz we (erkekler üçin) her Anna güni Mesjidde okalýan Jum'a (jemlenme) namazy bardyr. Pygamberimiziň hiç wagt sypdyrmaýan we ymmatyna (bizlere) buýurýan namazlary hem bolupdyr. Olar sünneti müekkede diýlip atlandyrylýar. 5 wagt namazyň tertibi:
•ertir (fäjr) namazy 2-rekagat sünnet, 2 rekagat farz
•öýle (zuhr) namazy 4-rekagat sünnet, 4 rekagat parz, 2 rekagat soňky sünnet.
•ikindi (asr) namazy 4-rekagat farz
•agşam (magrib) namazy 3-rekagat farz, 2 rekagat sünnet.
•ýassy (işa) namazy 4-rekagat farz, 2 rekagat sünnet.
Ýassy namazyndan soň 3 rekagat witr namazyny okamak hanefîlere (şol sanda türkmenleriň aglabasyna) görä wajypdyr. Ertir namaz okalandan soň gün dogup takmynan 20 minut geçýänçä, günortan gün depedekä, ikindi namaz okalanda soň tä gün doly ýaşýança namaz okamak mekruhdyr.
Namazy, kurany, zikri (adaty adamyň) ýuwaş ýerde gulagynyň eştjek derejesinde bolmaly.

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.