Näme sebäpden adam öz arzuwlaryna dönüklik edýär?

Näme sebäpden adam öz arzuwlaryna dönüklik edýär?

Geliň biraz pikir alşalyň.

Geljegini sportsuz göz öňüne getirmeýän, jany-teni bilen sporta berlen adam. Irginsiz türgenleşikler, ýaryşlar bilen öz arzuwyna barýar. Eger bu adam saglyk ýagdaýy sebäpli, arzuwyndan el çekmeli bolsa muňa arzuwyňa dönüklik diýip bolarmy? Diýip bolmaz, sebäbi bu onuň özüne bagly bolmadyk ýagdaý. Emma öz niýet eden netijelerini gazanmak kyn düşýänligi sebäpli höwesi gaçyp ugrasa, türgenleşigi gowşadyp, kem-kemden bes etse, şeýlelikde heniz başlanmadyk ýokary galmak derejesini (карьерасыны) tamamlasa, ine bu dönüklik. Näme sebäpden adam öz arzuwyna dönüklik edýär? Ýaltalykmy? Özüňe ynamsyzlykmy? Hemme zady birbada hem çalt isleýändigimiz sebäpli sabyrsyzlykmy?

Ýene bir ýagdaý adam ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman, öz arzuwyna barýar. Emma ene-atasy özüçe öz çagasyna gowusyny edip,ony okuwa ugradýarlar. Çaganyn muňa ýol bermegi näme? Eneň-ataňy hormatlamakmy? Öz gowşaklygymy? Arzuwyňa dönüklik etmekmi?

Adam öz arzuwyny pula,baýlygada çalşyp biler. Beýle ýagdaýlar durmuşda kän gabat gelýär. Adam öz söýgüsiniň, päk duýgularynyň hatyrasyna el çekip biler. Bu dogrumy? Ýa arzuwyňa dönüklik etmekmi? Belki seni söýýän adam, saňa arzuwyňa ýetmek üçin goldaw bermegi has dogrudyr?

Bu soraglara jogap bermek näme üçin gerek? Belki, her birimiziň ýetilmedik arzuwlarymyzyň ýüregimiziň töründe düşündirişe garaşyp ýatanlygy üçindir?
4 лайков 168 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bir bar bir ýok
17 авг 2022, 14:34
Biz - ä arzuwlarymyz hakynda beýle çuňdan pikirlenmändiris, onda - da dönüklik edýänligimiz ýa etmeýanligimiz hakda - ha asla. Arzuwyňdan el çekeniň üçinem dönüklik etdim diyip, özüňi gynap ýaşajak bolsaň bilmedimdâ, onsuzam durmuşyň aladasy ýetik, bolmasa bolmadygy bolarda
Hiayress
17 авг 2022, 15:56
Arzuw etmek aňsat, arzuwyňy amala aşyrmak kyn bolany üçin, fiziçeskyý ýa-da psihologiçeskiý kyn dälde, sosialogiçeskiý hem sistemnyý kyn bolany üçin adam pahyr aňsadyna bakýar. Öňki arzuwyndan waz geçip, täze arzuwlary, aňsatja gurulýan täze arzuwlary gurmagyň ugruna çykýar.
Ayjahan
17 авг 2022, 16:31
Ýene bir ýagdaý adam ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman, öz arzuwyna barýar. Emma ene-atasy özüçe öz çagasyna gowusyny edip,ony okuwa ugradýarlar. Çaganyn muňa ýol bermegi näme? Eneň-ataňy hormatlamakmy? Öz gowşaklygymy? Arzuwyňa dönüklik etmekmi?
Pikirimçe ene-atasy okuwa ugratsa "seni goýberjek" zat diýse, çaganyň arzuwy höwesi gaçyp başlaýar we kabul etýär.
ŞYH
17 авг 2022, 19:21
Dogry ka wagt ene ata cagasyna gosulyp arzuwyna bowet bolyan yerler bar