10 000 kwadrillion (10 000 000 000 000 000 000) dollarlyk "altyn" asteroid tapyldy.
Hubble kosmos teleskoby gün sistemasynda Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky guşaklykda ýerleşýän "16 Psiheýa" atly seýrek, agyr we aşa gymmat asteroidi tapdy.
"Psiheýa" asteroidi ýerden takmynan 370 million kilometr uzaklykda ýerleşip, onuň ululygy 226 kilometr deňdir. Bu takmynan Günbatar Werjiniýa ştatynyň ululygy bilen barabardyr. "Psiheýa" asteroidi daşdan we buzdan emele gelen beýleki asteroidleriň köpüsinden aýratyklykda özüniň sap metaldanlygy bilen tapawutlanýar.
(Bu derňewi tassyklaýan maglumatlar "Planetary Science" žurnalynda çap edildi.)
"Biz sap metaldan bolan meteoritlere öňem duş gelipdik, ýöne "Psiheýa" olardan özboluşly bolup biler. Ol asteroidiň düzümi tutuşlygyna demirden, altyndan, platinadan we nikelden ybarat bolmagy ahmal" diýip, Tehas ştatynyň, San-Antonio institunyň gözegçi planetar alymy Treýsi Bekker aýtdy.
Asteroidiň ululygyny göz öňüne tutup, onuň düzümindäki metallaryň bahasy 10 000 kwadrillion (10 000 000 000 000 000 000) dollara barabar bolup biler, bu bolsa 2019-njy ýyldaky dünýä ykdysadyýetiniň takmynan 10 000 essesidir.
Alymlar bu açyşy amala aşyrmak üçin 2017-nji ýylda geçirilen iki gözegçiliklerindäki Hubble kosmos teleskopynyň spektografy tarapyndan toplanan ultramelewşe spektr maglumatlaryndan peýdalandylar. Şeýlelik bilen alymlar "Psiheýa" asteroidiniň üsti sap demirden, altyndan, platinadan we nikelden ybarat bolup biler diýen netijä geldiler.
"Psiheýa" asteroidi NASA-nyň "Discovery Mission Psyche" atly "SpaceX Falcon Heavy" raketasynda 2022-nji ýylda uçurmaga garaşylýan nyşanydyr. Biz asteroid we onuň düzümi bilen bagly takyk maglumatlary 2026-njy ýylda orbital zond onuň üstüne gonanda alarys diýip umyt edýäris.

11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.