Saýt agzalary tema girip okap pikir galdyrmagyňyzy soraýaryn

Alişer Nowaýynyñ "Leýli we Mejnun"dessanynda şeýleräk ýeri bar.
- Mejnun aşyklyk derdine duçar bolanynda bir namaz okaýan bendäni görmän öñünden geçip gidýä. Namazhon ynsan, iki egnine salam bereninden soñ Mejnuny ýanyna çagyrýa we ondan :
- Sen namaz okaýan adamyñ öñünden ötip geçmeli däldigini bileñokmy - diýip soraýa.
Bu sowala Leýliniň yşkynda ýanýan Mežnun şeýle jogap beren eken:
- Günämi geçiň, men Leýlä aşyk bolanymdan bäri şu ahwala düşdüm, häzirem ony oýlap barýanlygym üçin, sizi görmän geçipdirin. Emma bu nä halat bolýa?! Men Leýliniň yşkynda bolup, özgeleri görmeýän derejä gelip galan bolsam, siz Allaha okaýan namazyňyzda öňüňizden geçen adamy görýäňiz. Siz asly namaz okaýardyňyzmy?!

Jogaplaryňyzy kommentariýada ýazyň
1 лайков 165 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
17 авг 2023, 22:07
Bu bolan wakany öňem eşdipdim, Leýlä aşyk bolan Mejnun onuň yşgynda kör bolýar. Biologiçeski taýdan däl ruhy taýdan. Ýokarda bolsa namaz okaýan kişi daş töwereginde näm bolýandygyny duýmaz derejede yhlas bilen okamaldygy aýdylýar. Başga näme pikir bildirip bolar...