Sümer Daş plita ýazgylary (2-njy Plita)

ALALU ÝERE GELÝÄR




Alalu (oňa) diňe bir sapar seretdi: Täleýindäki ugry bilen uly tizlikde gelýän Alalunyň ýolundan çekildi. Şonda gar reňkli Ýer (Ýer şol wagt buzluk eýýamynda bolmagy ähtimal) göründi; gök barlygyna görä ol ýedinjidi. Alalu ugruny myhmansöýer bolan bu saýýara tarap öwürdi.
Nibirudan has kiçi, özüne çekiji topjagaz, aýynyň özüne çekijiligi Nibirunyňkydan has ýönekeýdi. Atmosferasy Nibirunyňkydan inçedi, içindäki bulutlar girdaplanyp önýärdi. Aşakda (yklymlary) üç bölege aýrylypdy.
Üsti we düýbi gardan, arasy mawy we goňur reňkli. Alalu ulagynyň saklanan ganatlaryny Ýeriň daşyndan aýlanmak üçin sazlady.
Ortadaky gury topraklary we suwly ummanlary gowy görünýärdi. Ýokarda Ýeriň içki böleklerini ýagty kesimler (луч) derňäp barlady ''Tapdym ony'' diýip begenjinden ýaňa sesli gygyrdy: ''Altyn, köp mukdarda altyn'' diýip bildirýärdi ýagty kesim (луч); goýy reňkli bölegiň (yklym) astynda we suwlarda-da bardy altyn.
Ýüregi gürsüldäp urýan Alalu bir karara gelmek üçin pikirlenmelidi: Ulagyny gury toprak üstünde gondursa ölüm, eger ugruny suwlara öwürse çümüp gitmeli!
Şol gymmat altynyň taparmany bolmak üçin nädip diri galmaly? Bürgüdiň astynda Alalu bytnaman otyrdy; öz ugruna goýberdi ulagy.
Ýeriň çekimine düşen ulag has beter tizlenmäge başlady. Açyk ganatlary şuwlaýardy. Ýeriň atmosferasy gaty gyzdyryjydy. Şol barmada gök gürlemesi başlady. Gaty erbet tizlikde ýere çarp-urdy ulag, birden doňan ýaly boldy hemme zat.
Urga essinden aýylan Alalu bytnaman ýatyrdy. Soňra gözlerini açdy we özüniň diriligine göz ýetirdi; altyn saýýara mertlerçe gelipdi.

Sümer ýazgylaryny terjime eden: Zekeriya SIJIN

Türk dilinden terjime eden: @Jeksparro
2 лайков 92 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.