SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 31

LYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 31.

301. — Oglum, sen nämçün erbet bahalaryňy düzedeňok?
+ Wah kaka, men hergün düzetjek bolýanweli, mugallym žurnalyň ýanyndan 1 minudam aýrylanokda.

302. Mekdepde mugallym gyzjagaza:
— Doska çykda "Söýgi" sözüni geljekki düşümde ýaz. — diýipdir. Gyzjagaz doska çykyp:
— Durmuşa çykmak.

303. Iki dost garaňky köçeden ýöräp barýar. Birden öňlerinden bir ogry eli pistoletli çykyp "Ýa pul ýa jan. Çykaryň pullaryňyzy" diýipdir. Oglanlaryň biri husyt eken. Ol dostuna "Dost, saňa 2 milýon bergim bardyweli, ine şaýatlar barka taňyrýalkasyn bilen bergimi berýän, algyňy al" diýipdir.

304. Polisiýa bir sakaw jaň edýär:
—Aaaalo, bu ýýýýerde eşek öööldi!
+ Haýsy köçe
—Mmmmm...
+ Mollanepesmi?
— Ýýýýýook...— diýeninden polisiýa "Äý bir oýnajak bolýa" diýen-pikir edip, trubkany goýýar. Sakaw ýene jaň edýär:
—Pppolisiýa eşek öööldi!
+Haýsy köçe?
—Mmmm... — diýeninden polisiýa ýene trubkany taşlaýar. Sakaw ýene haşylap jaň edip:
—Eeeeşek öldi!
+Haýsy köçe?
—Mmmmm...
+Mollanepesmi?
— Hhhhowaa şşşşşol kkkköçä süýräp getirdim.

305. Sadikda çagalardan "Iň çalt zat näme" diýip soranlarynda Aýnajyk:
— Iň çaltzat "aýtmak", sebäbi birzat aýtsaň eýýäm yzyna alyp bolanok. — diýipdir. Baýramjygam:
— Iň çalt zat çyra, knopkany bassaň şyrk göni çyra ýanýar. — diýeninde Esenjik:
— Iň çaltzat "Iç geçmek" sebäbi aýtmankaň, çyra ýakmankaň pukurt bolýar.

306. Aýaz-baba gyzjagaza:
— Gel gyzym eliňi tut, men saňa köp süýjijik berjek.
+ Ejeme beräýiň onda!
— Waheý näme boldy, sen süýjini halaňokmy?
+ Halaýan, ýöne ejemiň eli ullakan.

307. Sadikda bildiriş "Hormatly ene-atalar. Dynç günleri çagalardan bukuluň. Sadiga gelen çagalar size meňzejek bolup oýundan-ogşaşýarlar".

308. Oglan gyzyň yzyndan ylgap:
— Agyz duraýda, duraý!!!
+ Hä näme boldy???
— Awtobusda zontigiňi galdyrypsyň!!!
+ Wahhh howwa ýatdan çykaraýypdyryn.
— Hä onda gitmäka ylga awtobusuň yzyndan.

309. Aşgazanda Salat otyr. Birdenem ýokardan birzat güpürdäp aşgazana gaçýar. Salat geň galyp:
— Sen kim?
+ Arak!
— Nämçün içdiler?
+ Dosty Serdarjan üçin. — diýipdir. Ýene otyrlar ýene şolarýaly "Dosty Serdarjan üçin" köp gaýtlanansoň Salat:
— Kimaý ol Serdarjan, göreýinle menem. — diýip daşyna çykypdyr.

310. —Sähet sen gulluk etdiňmi?
+ Ýok meni almadylara!
— Nämçün almadylar, sen sagdyna?
+ Meni tapyp bilmediler.

Toplan: IDEALLIDER
5 лайков 194 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
10 апр 2023, 13:29
303nji chozdulay :D
XYIVENIA
10 апр 2023, 15:56
Söýgi sozi geljekki dusumde nahili bolyar?!
Kerbaba
10 апр 2023, 16:14
XYIVENIA
Söýgi sozi geljekki dusumde nahili bolyar?!
1.Баш душум.2 Эелик душум.3 Йонелиш душум,. 4 Ениш душум. 5 Вагт-Орун душум.6 Чыкыш душум.. Биз оканмызда шулар ялы душумлер барды. Гелжекки душум дп сапак гечмандик. О нахили душумка догрыданам?
S❤
10 апр 2023, 16:27
Geljek zaman diyjek bolan bolaymasam. Soymek isligini geljek zamana uytget
S❤
11 апр 2023, 00:02
*bolaymasa
Garlawa¢
11 апр 2023, 10:57
34 ??
kesirkelle
11 апр 2023, 19:06
Su mowzuklary kuysedim...