Sümer Plita ýazgylary (2-nji plita) /-4 dowamy/
NIBIRU TIAMADY BÖLEKLEÝÄR
Ony ikä böleninden soň içki damarlaryny bölüşdirdi; altyn damarlaryna geň galyp seretdi. Jenap (Nibiru) Tiamadyň arka bölegini mynjyratdy, üstki bölegini bolsa goparyp aýyrdy.
Demirgazyk howasy bolan kömekçisini çagyrdy ýanyna. Goparylan kellesini boşluga çykarylmagyny buýurdy şemala. Nibirunyň şemaly Tiamadyň üstünde taýyn boldy, onuň açyga akan suwlaryny syryp aýyrdy. Nibiru ýene ýyldyrym atdy we demirgazyk şemalyna yşaratlady.
Tiamadyň üstki bölegini bir parlaklygyň içinde bellisi bolmadyk ýere goýuldy.
Onuň bilen birlikde Kingu hem ýanynda bolmalydy. Goparylan parça ýoldaş bolmalydy. Soňra Nibiru onuň astyndaky bölege nazar saldy. Söweş meýdanyny belli eden mukaddes ýer, göklerde hemişe ýatladyp durjak ýer; söweşiň ebedi ýatlangyjy bolup durmagyny göwnedi.
Topuzy bilen bu aşyky bölegi döwüm-döwüm edip parçalaşdyryp, bilezige öwrülsin (Asteroid) diýip olary düzdi bir sapaga, bir ýere ýerleşdirip ony (Tiamady) gorasynlar we suwlary aýyran perde bolsun ol diýdi.
Semanyň üstündäki ýokary suwlary, (Asteroid guşagy bolan planeta toparyny biri-birinden aýyrdy) aşakyny bolsa aşaky suwlardan aýyrdy we Nibiru senetçilikde şeýdip işlerini tamamlady. Soňra jenap (Nibiru) göge geçdi we bölekleri sazlady. Apsunyň (Gün) mekanyndan başlap Gaganyň (Pluton) mekanyna çenli aralygy ölçedi.
Soňam çuňlygyň kenaryny derňedi. Soňra nazaryny ýaradylan ýerine dikdi. Durdy we soňam söweş meýdanyna dolanyp bardy. Täzeden Apsunyň ýerinden geçip Günüň ýok bolan ýoldaşyny (Tiamaty) puşman bolup ýatlady.
Tiamadyň ýaraly ýarysyna seretdi. Ünsüni onuň üstündäki bölegine dikdi. Ýaşaýyşyň suwlary integem ýaralaryndan akýardy. Altyn damarladan Apsunyň ýalkymy düşýärdi. Nibiru ýaradyjysynyň mirasyny, janlanyş tohumyny ýatlady. Tiamadyň üstüne gaýdan wagty ony ikä böleninde oňa bu tohumy salan bolmaly.
Soňra Apsuwa şeýle diýdi: Ýagty ýalkymyň bilen onuň ýaralaryna şypa ber. Döwülen parça täzeden janlansyn, ýaşasyn, maşgalaňda gyz perzendiň bolsun. Rugsat ber suwlar bir ýere üýşsin, berk ýer emele gelsin.
YKLYMLAR PEÝDA BOLÝAR
Apsu diýdi: Oňa berk Zemin diýeli. Mundan beýläk Mukaddes kitap hökmünde bilinsin. Aýlanmagy bilen gün we gije gündizleýin oňa şypaly ýagtylygymy bereýin. Kingu hem gijelerine parlak yşygyny saçyp Dünýäniň ýoldaşy Aý bolsun.
Nibiru Apsuny diňläp bolanyndan soň begendi. Gökleri geçip olary synlady, ony beýgelden Taňrylara aýlanýan ýerlerini bagş etdi (planetalaryň aýlanmaly ýerleri belli bolýar).
Aýlanyş turlaryň, ýollary biri-biriniňkä çykmasyn we biri-birlerinden yza galmasyn diýip sazlady. Gök gulplaryny göz astyna aldy, iki ýana gapy açdy. Özüne iň daşdaky öýüni mesgen hökmünde galdyrdy; ýeri Gaganyň aňyrragyndady. Aýlanmaly ýeri bolan uzak aralyklara höküm etmek üçin Apsudan ýalbardy.
Bütin Taňrylar (planetalar) duran ýerlerinden seslendiler: ''Nibirunyň hökmürowanlygy üstün bolsun. Ol Taňrylaryň iň parlagydyr. Ol hakykatdanam Günüň ogludyr. Apsu muňa razylyk berdi. Gök we Ýeriň geçişi Nibirunyň elindedir, ady geçiş bolsun.
Taňrylar ne-hä ýokary bölege ne-de aşaky bölege geçip bilerler. Merkezde Nibiru bolar, Taňrylara baştutanlyk etsin. Onuň aýlanyş ýoly bir şardyr. (3600 ýyl), kysmaty bolsa soňsuzdyr.
ALALU ÝERDE AÝLANYP, BARLAŞDYRYP GÖRÝÄR
Indi bu gadymy zamanlaryň nädip başlandygynyň we altyn eýýam diýlip bilinen zamanyň ýylýazgylarynyň hem-de Nibirudan Ýere altyn gözlemäge nähili gelendikleriniň hekaýasydyr.
Başlangyjy Alalunuň Nibirudan gaçyşydy. Alalu ösen düşünjesi bilen öwrendi, maglumat toplady, bellik edindi.
Atasy Anşargalyň kömegi bilen göklere we aýlanyşyna degişli maglumatlary toplapdy. Enşaryň kömegi bilenem maglumatlar ýaýrap köpeldi. Alalu bulardan köp zatlar öwrenipdi.
Alymlar we serkerdeler bilen kän oturşyp turuşardy. Başlangyjyň bilimini şeýdip öwrenipdi.
Döwülen bilezikdäki altynyň barlygy hem şondan bellidi. Döwülen bilezikdäki altyn Tiamadyň ýarysyndaky altyny yşarat edýärdi.
Alalu altyn saýýarasyna gahrymanlarça bardy. Ulagy bir tupan bilen ýere uruldy. Yşyk bilen töweregi barlady, nirededigini biljek boldy, ulagy gury topraga gondy. Örän giň suwly gamyşlygyň kenarynda durdy. Bürgüt kaskasyny geýip, balyk geýimini (skafandra) geýdi.
Ulagyň gapagyny açdy we açyk gapakda durup töweregine aladaly seretdi. Zemin goýy reňkde-di. Asman ak-mawydy. Ses-üýn ýokdy. Oňa salam berýän hiç kimem ýokdy. Keseki saýýarada ýeke özidi. Nibirudan ömürlik kowulandygyny ýatlady. Ulagdan aşak düşdi, aýak basdy goýy reňkli topraga; uzakda depeler bardy. Ýakyn ýerlerde ýaşyl otlar. Öňünde gamyşlyk uzyn bolup ygşyldaýardy. Içinden ýöredi; suwuň sowuklygyndan üşäp titredi. Gury topraga tarap yzyna çykdy.
Ýadyna her hili zatlar düşdi; aýalyny we çagalaryny ýatlady. Nibirudan aýrylypdy. Kellesine diňe şol pikirler gelýärdi. Birdenem ukusy tutdy. Näçe wagtlyk ýatanyny bilmedi. Ony näme oýandyrdy hiç bilip bilmedi. Daşarda bir ýagtylyk bardy. Ol Nibiruda Alalunyň ömrüne görmedik ýagtylygydy. Ulagdan daşaryk kellesini uzatdy, gapdalyna barlagdan geçirijisini dakdy. Saýýaranyň howasynyň özüne kybapdygyny görkezdi.
Ulagyň agzyny açdy we arassa howadan dem aldy. Ol ýene bir sapar, soňra ýene bir sapar içi-içine dem aldy. Hakykatdanam kybapdy Kiniň howasy. Alalu elini çarpdy, begenjinden aýdym aýtdy. Bürgüt kaskasyz (skafandrasyz) balyk reňkli geýimsiz topraga ätdi. Daşardaky ýagty (Gün) gözüňi kör edip barýardy.
Günüň ýagtylygy gaty güýçlidi. Ulaga baryp gözlerine perde (belkäm spektr äýnek) dakyndy.Ýanyna ýaragyny aldy. Ulanar ýaly synaýjyny aldy. Soň ulagdan aşak düşdi. Goýy reňkli topraga basdy.
Gamyşlyklara tarap ilerledi; suwlar goýy ýaşylymtyk. Gamyşly suwuň kenary çagyllykdy. Alalu eline daş alyp gamyşlygyň içine zyňdy. Gamyşlykda hereket edýän gözleri bardy: Suwda balyklar bar eken.
Synaýjyny gamyşlyga ýetirdi; palçykly suwlary barlady synaýjy bilen. Içmäge ýaramly däldi. Alalunyň keýpi gaçdy. Gamyşlykdan arany açdy-da depelige tarap gitdi.
Ýaşyl otlardan geçdi. Kiçi otjumak ösümlikleriň (Кустарник) ornuny baglar alypdyr. Bu ýerlerde miweli baglar bardy. Baglaryň şahalary miwelerden doludy. Ýakymly ysy janyňy alyp gelýärdi.
Alalu bir miwe gopardy şahadan we dişledi. Ysy ýakymly, tagamy ondanam ýakymly. Alalu örän begendi. Alalu Günüň ýagty düşýän ýerlerinden uzaklara (kölegelik) ýöredi. Ugruny depelere tarap ilerletdi. Agaçlar arasynda, aýagyna sowuk zat degdi. Diýmek ýakynlarda bir ýerlerde suw bar. Ugruny suwuklygyň çykýan ýerine tarap öwürdi. Tokaýlygyň içinde bir köljagaz bardy, dury suwdan dop-dolydy. Synaýjyny köle uzatdy. Suwy içmäge laýyk diýip görkezýärdi synaýjy. Alalu ha-haýlap hezil edip güldi.
Howa gowy, suw içip boljak, miwelerinden iýse boljak we balyklar...
Alalu ellerini goşawuçlap egildi-de dolduryp alyp içdi. Suwda serginlik bardy. Nibirunyňkydan üýtgeşikdi tagamy. Ýene-de alyp içdi we birden gorkdy-da daş-toweregine üns berdi. ''Çyslaýan'' bir zadyň sesini eşitdi. Kölüň kenarynda gaýyşyp hereket edýän bir zady gördi. Alalu ýanyndaky ýaragy bilen ''Çyşlaýan'' zada tarap çenäp atdy. O zadyň herekedi bilen ''çyssyldysy'' hem kesildi. Bu howpuň nämedigini bilmek üçin golaýlady Alalu. O zat läşerip ýatyrdy. Ölüpdir. Uzyn bedeni edil bir ýüp ýalydy. Bedeninde elleri, aýaklary ýokdy. Kiçijik kellesinde içiňden geçip gelýän gözleri bardy we agzynda sallanyp ýatan iki uçly dili bardy. Alalu ozal Nibiruda bular ýaly zat görmändi. Başga bir dünýäniň janlysydy ol. Miweli bagyň garawulymyka ýa suwuň garawulymyka diýip oýlandy Alalu. Ýanyndaky gapjagazyny suwdan doldurdy; daş-töweregi ünsli synlap, soňam ulagyna tarap ýöneldi. Süýji miwelerdenem toplaşdyrdy. Ulagyna gaýdyp bardy.
Sümer dilinden özleşdirip terjime eden: Zakariýa SIJIN
Terjime eden: @Jeksparro

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.