Sümer Plita ýazgylary (2-nji plita)
GÜN ULGAMYNYŇ DÖREÝŞINIŇ HEKAÝASY
Indi bolsa, Ýer we onuň altynlarynyň we
Başlangyjyň we Gök Taňrylarynyň nähili ýaradylandyklarynyň hekaýasy.
Başlangyçda beýikliklerde Gök Taňrylar (planetalar) heniz atlandyrylmankalar we aşakdaky ykjam zemin heniz çagyrylmanka, Apsu (Gün), olaryň ilkinji ýaradyjysy boşlukda Ýeke täkdi.
Ýokarynyň beýikliklerinde gök Taňrylar (planetalar) heniz ýaradylmandylar.
Ýokarda we aşakda Taňrylaryň hiç biri emele gelmändi. Hiçbiriniň ady ýokdy, täleýleri hem belli däldi. Saz tamamlanmady, batgalyklar orta çykmandy.
Boşlukda diňe ýeke-täk Apsu höküm sürýärdi.
Şol pursatda onuň şemallary bilen ilkinji suwlar biri-birine garyşdy, Apsu (Gün) suwuň üstünde ylahy we hünärli bir jady peýda etdi. Boşlugyň çuňlugynda ukyny guýdy. Hemmesiniň enesini Tiamady (Ýeriň atasy, Ýeriň böleklenmezden öňki ýagdaýy) özüne ýoldaş hökmünde saýlady. Göksil ene, gör nähili suwlak we owadandy.
Onuň ýanyna Apsu, soňam kiçi Mummuny (Merkuriý) peýda etdi. Ony özüne habarçy hökmünde belledi we Tiamata sowgat hökmünde berdi. Apsu ýoldaşyna gözüňi gamaşdyryp gelýän suwgady berdi. Parlaýan bir metal, ebedi altyn; diňe oňkydy. Şol wagtam bu ikisiniň suwlary biri-birine garyşdy, edil ortalarynda ylahy perzentler şekillendi. Bu gök barlyklar erkek we urkaçy edilip ýaradyldylar.
Lahmu (Mars) we Lahamu (Wenera) atlary bilen çagyryldylar. Aşakda Apsu we Tiamat olara bir mesgen edip berdi.
Olar garramazdan öň taýyn edilip goýlan boýly-boýuna; ýokarynyň suwlarynda Anşar (Saturn) we Kişar (Ýupiter) bellendi. Jiglerine ýokardan synlaýardylar. Bu ikisi bir gök barlygy hökmünde ýan-ýoldaş edilip bellenipdiler.
Uzak göklerdäki bir ogul bolan Anu (Uran) olaryň mirasdüşeridi. Soňra Antu oňa ýoldaş bolsun diýip Anunyň ýanynda peýda edildi, ýokary suwlaryň çägi boldy mesgenleri. Şeýdip aşakda we ýokarda üç sany maşgala çuňluklarda şeýle ýaradyldy we şeýle atlar bilen bellendi Apsunyň, Mummunyň we Tiamat dagylaryň birlikde guran maşgalasy.
Şol wagt Nibiru ozal ýokdy. Ýer heniz özüne gelmändi. Göksil suwlary biri-birine garyşyp-gatyşan ýagdaýda-dy, döwülen bilezik heniz biri-birinden aýrylmadykdy.
Şol wagtlar aýlawlary belli däldi. Taňrylaryň (planetalar) kysmaty emr edilmändi. Bu gökdäki maşgalalar birleşip toparlanyşdylar; boluşlary bulam-bujarlykdy. Apsu olaryň bolşuny geň gördi. Eýläk-beýläk dönüp Tiamaty birahat etdiler (planetalar öz ýoluna gelýänçäler bolup geçen Kaos)we muňa gaharlandy.
Ýanlarynda aýlaw etjek bir topar (emeli hemralar) ýoldaşlary emele getirdi. Apsunyň ogullaryna garşy atylyp çykan bir goşun (emeli hemralar) peýda boldy. Aýratyn olardan on bir sanysyny (on bir emeli hemrasy)dogurdy; goşunlaryň arasynda ilkinji bolup dogan Kinguýu (Aýyň atasy) baştutan edip belledi.
Bu habar Gök Taňrylaryň gulagyna degende ýygnandylar gyssanmaç bolup... Kinguýu ulaldyp oňa An serkerdeligini beripdirler diýdiler biri-birine... Kükregine bir täleý plitasyny tutdurdy, özüne ynamly aýlawy bolsun diýipdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.