Sümer Plita ýazgylary 7 (dowamy 2)

NIBIRU, WENERA WE MERKURINIŇ UGRYNY ÜÝTGEDÝÄR

Döwülen bilezikden (asteroid) geçip giden ýoly gözleýärdi. Bilezikden ýogyn we inçe parçalary gopardy. Gök päsgelçiliginden geçen Lahmu (WENERA), Mummu (Merkuriý) bilen Güne tarap ilerledi. Lahamu göklerdäki görkli ýerleşen ýerini terk edýärdi. Gök patyşasy Nibiruwa dogry çekildi Lahamu. Gök şa zenany bolmak isleýärdi. Nibiru ony köşeşdirmek üçin astyndaky janawar sypat Iblisi çekip çykartdy.

NIBIRU BIR GUÝRUKLY ÝYLDYZY GÜN SISTEMASYNA ÇEKÝÄR

Bir döwürler Tiamatyň goşunyna degişli bolan ýyldyzlar söweşi tarapyndan degişli edilen janawardy. Nibiru tarapyndan süýşürilen, ýoluny üýtgedip täzeden ýerine getirildi.
Çuňlukdan gögüň edil ortasyna alawlar saçýan ajdarha ýaly süýndi. Başy bir lig uzynlykdady. Uzynlygy bolsa elli lig; guýrugy gorkuly hem gaty ulydy (Guýrukly ýyldyz bolsa gerek). Günüň ortasynda garaldy Dünýä semalary.

AÝ, MARS WE ÝER ZYÝAN GÖRÝÄR

Gijesi bilen Aýyň ýüzüni bir garaňkylyk gurşap aldy. Lahmu doganlary, gök barlyklardan kömek sorady. Aždarhany saklap biljek barmy, kim duruzyp öldürerkä ony diýip sorady. Bir wagtlar Tiamadyň hemrasy bolan Kingu (Aý) orta çykdy. Aždarhanyň ýoluny kesmek üçin Kingu gyssanmaç ýola çykdy. Kingunyň üstündäki bulutlar titredi. Kingu sarsyp gitdi. Alan zarbyndan titräp sarsdy. Soňra apat öz-özünden ýuwaşady, Nibiru çuň uzaklykdaky öýüne gitdi.
Lahmu bolýan ýerini terk etmändi. Daşdan ýagyşlar Lahmu we Ýeriň üstüne ýagmagy kesildi. Enki we Enlil bilen Marduk we Ninurta üçüsi ýygnak etdiler. Bu hadysalary barlap, sebäbini anyklamalydy. Enki abzallary bilen Ýeriň platformalaryny başlady.

ÝERIŇ ZYÝANA UGRAN ÝERLERI GÖZLENÝÄR. MARS ATMOSFERASYNY ÝITIRÝÄR

Okeanlaryň çuňlugyny ölçedi, Ýeriň uzak ýollarynda altyn we kümüş daglaryny barlady. Enki: ''Nibirunyň ömrüni halas etjek altynyň hiç kemi bolmaly däl'' diýýärdi.
Daglaryň titräp, ülkeleriň sarsgyna düşen ýeri bolan Edini Ninurta barlamalydy. Gök gämisi bilen beýiklige galyp ýola rowana boldy. Gonuş ýeri bolan platforma zyýan çekmändi. Demirgazykdaky ülkelerde ýanýan suwlar akýardy. Ninurta kakasy Enlile şu ýokardakylary düşündirdi.
Lahmu atmosferadan zyýan çekýärdi, tozan tupanlar ýaşamaga päsgelçilik döredýärdi.
Marduk kakasy Enkä: ''Ýere barasym gelýär''. Enlil bolsa öňki planlaryna ünsüni sowdy. Haýsy şäherlerde haýsy wezipelere girişmek üçin pikir derýasyna batdy.

GONALGA ÝERI MARSDAN ÝERE ALYNÝAR

Enlil ''Edinde bir ulag ýeri bina edilmeli'' diýýärdi beýlekilere. Kristal plitanyň üstündäki öňki ýerleşmeli ýeriň planlaryny görkezdi. ''Gonuş ýerinden Lahmudaky gonalga barmak näbelli bolýandygy üçin Ýerden göterilip Nibiruna tarap gitmelidiris'' diýdi. Suwa gonulan günden bäri segsen şar sanaldy (bir şar 3600 ýyl,288.000

MARSDAKY BAZA ÝERE, BAD-TIBARA ALYNYP GELINÝÄR

Indiki ýazgylar Enki we Mardugyň Aýa gonuşy, Enki gögüň üç usulyny we ýyldyzlary nähili belleýşi hakynda bolup geçer.
Bad-Tibaranyň serkerdesi Ninurta şeýle diýdi: ''Metal şäheri Bad-Tibaranyň ýanynda ulaglaryň ýeri gurulmaly. Ýerden Nibiruna altynlar gönümel ulaglar bilen daşalmaly...''
Enlil ogly Ninurtanyň sözlerine gulak asdy; oglunyň giň gözýetimine buýsandy.
Enlil bu plany patyşa Anuwa şeýle habar berdi: ''Rugsat beriň, Edinde gök ulaglaryň gonuş ýerini bina edeliň. Altyn jöwherleriniň eredilip guýulýan ýeriň golaýyndan guralyň.
Altynlary Ýerden Ulaglar bilen Nibiruna daşalyň. Gahrymanlar we gerek-ýarak zatlar Ýere gelsin. Jigimiň planlarynyň peýdasy uly'' diýip aýtsa-da onuň bu aýdanlarynda ýalňyşlyk bardy.




Zakariýa SEJIN

Terjime: @Jeksparrodan
2 лайков 87 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.