Aýgytly ädim.

Hemmämiziń bilşimiz ýaly, Berdi Kerbabaýewiń "Aýgytly ädim" romanyny,
režissyor Alty Garlyýew kino geçiripdi.1965-nji ýylda düşürilen ol kinofilmi entegem tomaşa edilýär.

"Aýgytly ädim" romanyny kino geçiriljek wagtlary uly we çözülmesi kyn bolan meseleler orta çykýar.İń esasy mesele baş rollarda oýnajak adamlary saylamakdy.Artygyň rolunda oynamana Baba Annanow saýlanýar , emma Aýnanyň rolunda oýnajak türkmen gyzyny tapmakda kynçylyk çekýärler. Hiç bir türkmen gyzy ol kinofilma düşmäne razyçylyk bildirmeýär.Ol romanda iki gezek Aýnanyň Artyga bakyp "Ölsem ýeriňki,ölmesem seniňki" diyen sözlerni diymekden,еjesiniň yüzüne seredip"Eje maňa el degirildi" diymegi namys bilyän türkmen gyzlary,bu rolda oýnamak ,ahlak taydan bozuklugyň alamaty diyen pikir bilen Aýnanyň rolunda oýnamakdan yüz öwürýärler.İne şol sebäpden we käbir kiçiräk sebäplerden Aýnanyň rolunda oýnajak türkmen gyzyny tapyp bilmeýärler.Şol sebäplerden,Aýnanyň ş roluny Žanna Smelýanskaýa , ýagny rus asylly gyz ýerine ýetirýär.

Meniň diýjek bolýan zadym,şol döwürdäki türkmen gyzlary bilen şu döwürdäki türkmen gyzlarynyń arasyndaky tapawut nämekä!? türkmen gyzlary üýtgedimikä ,ýa döwür üýtgedimikä!? ýa döwür üýtgetdimikä biz ýaşlary!?
7 лайков 348 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
RelaX
24 сен 2023, 09:04
Dòwir uytgeýä adamlaram döwre görä uytgeya yone dowiri uytgeyyanem ýene adamlar kino daky wakalary aytsak welin onyn kinodygyna düşünip gorip blmek yagny şol zatlaryn yonekey bir kinodagyna dusunmek adamyn osendiginden alamat bolardymyka diyan
Dowsypat
24 сен 2023, 09:05
Ölsem ýeriňki,ölmesem seniňki" diyen sözlerni diymekden,еjesiniň yüzüne seredip"Eje maňa el degirildi" diymegi namys bilyän türkmen gyzlary,bu rolda oýnamak ,ahlak taydan bozuklugyň alamaty diyen pikir bilen Aýnanyň rolunda oýnamakdan yüz öwürýärler.

Aynanyn sacyndan tutulup suyrenilyan yerini hic bir turkmen gyzy oynap bilmandir.Son ucin rus gyzyny alypdyrlar.
noname
24 сен 2023, 09:07
Aslynda döwür uýtgedi diýip zat ýok. Admlar döwüñ üstüne atýa hemme zady. Hazirem seni hic kim mejbur edip şeýle iş et diýan yok, özüñe bagly hemme zat.
noname
24 сен 2023, 09:10
Esasy cagany emdirmeli yeri bar kinoda... şol kyn düşen ýeri.
Pegas
24 сен 2023, 10:32
Alty Garlyň şu Ž.Smelýanskaýany tapyşy hem gyzykly. Birnäçe gün yzarlap gezýär we ahyryn Ž.Smelýanskaýa özüni şlýapaly, plaşly bir gorkunç tipiň yzarlaýandygy, gorkýandygy barada milisiýa arz edýär...
Yusup
24 сен 2023, 12:17
Onler gyzlar ejelerini dinlardi indi ejeler gyzlaryny dinleya.

Ozum etmedim chagam bir etsin diyyan ene atalar sebapli hazirki nesil emele geldi.

Barde gyzlaryn shu dereja yetmegine hazir gyzlar oglanlary gunakarler. Gyzlary bozyan oglanlar onem bolan hatda Yuliy Sezar Pifagor Muhammet s.a.w dowurlerindede bolan. Shu namys meselesini ejeli gyz oz aralynda gurleship namysly gyz yetishdirjek bolmaly. Eger gyz bozuldumy gyzam oglanam gunakar dal ejesi gunakar
Azasan.?
24 сен 2023, 16:26
Hawwa onki dowrun adamlary seyle pikirli bolupdyrlar hazirkilerden ssorap gorsunler ondan beterraginedem dusyaler.
DonMaxx
25 сен 2023, 02:36
depa cykyp lale kakan gadymky gyzlar hany...
...
25 сен 2023, 08:18
DonMaxx,
Hemmesi daşary ýurda gitdi)))
OrazMuhammet Aşyrow
25 сен 2023, 12:29
Biz başgalary tankyt etmekden haçan togtasak belki bir zatlary düzedip bolar. Näme üçin biz adamlar kimdir birini düzetjek bolýas, ondan herkim öz özüni düzetsin aňsat hem netijeli boljagyna ynanýan. Ilki öz kemçiliklermizi düzetmeli, her kim öz özüni terbiýelese bütin terbiýeli jemgyýet emele geler.
Dowsypat
25 сен 2023, 13:35
Biz başgalary tankyt etmekden haçan togtasak belki bir zatlary düzedip bolar. Näme üçin biz adamlar kimdir birini düzetjek bolýas, ondan herkim öz özüni düzetsin aňsat hem netijeli boljagyna ynanýan. Ilki öz kemçiliklermizi düzetmeli, her kim öz özüni terbiýelese bütin terbiýeli jemgyýet emele geler.

Ozun duzuw bolup yoldaslaryn haram bolsa,onda-da peyda yok.
Dowsypat
25 сен 2023, 13:37
Haram yoldashlardan ya gacyp dynyan,ya olup dynyan.
Dowsypat
25 сен 2023, 13:37
Haram yoldashlardan ya gacyp dynyan,ya olup dynyan.