foruma geliň

Hemmäňizi şu foruma çagyrýaryn. Soňky döwür gelnini taşlap daşary ýurtlara gidýänler köpeldi. Haýran galdyrýar bu ýagdaý çünki täze gelini taşlap gitmek bu nämäni aňladýar!.

Aýalyňdan bizar bolmagy aňlatmaýarmy? Aýalyňy özge ereklere bilegörä täşlap gitmegi aňlatmaýarmy? Aýalyňdan ýokary zat bolup bilermi erkek üçin? Geliniň abraýy, onuň mertebesi, onuň saglygy daşary ýurda gidip tapan pulyňdan ýokary bolup bilermi? . Dört-bäş ýyl hatda on ýyla çenli taşlap gidenler bar. Bu aralykda aýalyny biwepalykda aýyplap aýrylaşanlar bar. Hamala ol daşary ýurtda wagtynda aýaly başga erkek bilen gezenmiş!

Ýöne aýal organizmi demirden däl. Aýal organizmi tebigat kanuna boýun egmeli bolýar. Ol köpelmeli. Nesil öndermeli. Munyň üçin aýal öz erkegi bilen ýatyp turmaly. Emma onuň äri taşlap giden bolsa aýal nireden çykar? Onuň saglygy ýiter. Depressiýa düşer. Özüni bilmän galar. Onsoň aýal başga bir erkek bilen ýatmaly bolar.

Bu zatlar näme üçin hasaba alynmaýar. Başgada bir topar çözmesi kyn ýagdaýlar bolup geçýär. Äri ýanynda bolmadyk aýal öz durmuşyny özi abat saklamaly bolýar. Munyň üçin ol öz ärinden başga özge erkekleriň güýjünden peýdalanmaly bolýar. Emma özge erkekler mugtyna iş etmezler. Olar pul ornuna äri ýok aýalyň tenini soramagy mümkin. Bu halda aýal çykgynsyz halda galýar we alaçsyz özge erkegiň talabyna boýun bolmaly bolýar.

Yzyny özüňiz dowam ediberiň. Söz gezegi sizden.

 

1 лайков 52 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
21 ноя 2024, 19:47
Meň düşünjäm:ä başga bir ýere gidip işlemek ýalňyş pikir, öýüňe golaý ýerde işlemek iň gowsy, ol diňe gelniň üçin däl, özüňe peýdaly ýerleri köp, iň esasysy öýüňde arkaýyn ýatyp turarsyň...
Dowsypat
22 ноя 2024, 13:08
Her durli yagday bar,her durli erkek bar,her durli aýal bar.
Maksat
22 ноя 2024, 16:55
Gorkuzmayda beydip meninem ayalym oyde 😂
Гость
24 ноя 2024, 11:55
Soho, öýüne golaý ýerden iş tapylmansoň gidip işlenýäda jan agam )))

Keýpine gidip işlenýändir öýdýän ekeniňow sen? )
Soho
24 ноя 2024, 17:17
Гость, Myhmanjan, bäriň iş hakyna kanagat edilmän gidýänlerini bilýän, dogry üýtgeşik zat düşenok, ýöne, öljek bolup işlemegiň tarapynda däl men, ýaşan wagtyňy ýekelikde ýat ýurtda kösenip däl-de, maşgalaň arasynda arkaýyn ýaşamagyň tarapdary men, ony edinmeli, muny edinmeli zat köp, emma, şolary edineňsoňam ýene edinmeli zat kän...
Гость
24 ноя 2024, 21:58
Soho, kanagat edilman gidilyani dogry. Yone sol az aylygam oyunden gatnap islap tapyp bilenoklarda welayatyn ilaty. Ine su obadaslam, den-dus oglanlam paytagta gidip islap, azyndanam iki-uc aysyz oyune gelenoklar. Seydip tapyanlaram sahelce pul. Osan pikirlenip goruwer.