*****

Mundan birnäçe ýyl öň Garaýanyk obasyndan bir ýaşuly bilen gürrüňdeş bolupdym. Gürrüňleşip otyrkak ýaşy elli töweregi bir adam köne samoswal sürüp geçip gitdi deňämizden. Şonda ýaňky gürrüňdeş bolup otyran ýaşulym:

- Inim, hanha şol samoswalyň şafýoryny görýäňmi? Ana şol şafýor Isfendiýary öldüren adamyň ady dakylan adam - diýdi.

Menem:
- Ýaşuly, bizä isfendiýary " Eşşi öldüripdir" diýip bilýäs. Bul adamyň ady Eşşimi?-diýdim

- Ýok inim. Bu adamyň ady Eşşi däl. Onsoňam Isfendiýary "Eşşi öldüripdir" diýen gürrüňler toslama. Isfendiýary Ysmamydyň şyhlary öldürip gaýdýar. Özlerem ýedi atly bolup gidýärler. Hanyň damagyny çalanam ýaňky adamyň atasy. Bu adam şol şyhyň ady dakylan ýedinji wekil. Hana kast edeniň ady goýulanam uzak ýaşamaýan eken. Şundan öňkileriniň hemmesi ýaş wagty ölüp gidipdirler. Diňe şul adam şu ýaşa ýetip geldi - diýdi

Waka şeýleräk bolan eken. Isfendiýar gyz salgydyny salanda Ysmamydyň şyhlary namys edip ýedi atlysyny hany öldürmek üçin ugradýarlar. (Belki mundan Jüneýt hanyňam habary bolandyr. Bu ýerini bilýän ýok.) Olar köşge baryp Isfendiýary öldürip gaýdýarlar.

Şol ýaşulyň aýtmagyna görä bu wakada Eşşem, Eýmirem gatnaşmadyk.

Khanture, seň obaňdakylar bu wakany nähili gürrüň berýä?
3 лайков 364 просмотров
42комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusup
12 июн 2023, 16:05
hakykat halkyn icinde kitapda dal. Kitaby her tarapa chekip yazyp bolyar ol yazyja bagly. Juneyit hany dine kitaplarda yazylyar yone halk ony gacyp giden diyip bilyar
#B.S
12 июн 2023, 16:54
Ýa ne znaýu. Nado sprosite o staryý çeloweklerden... ?
#B.S
12 июн 2023, 16:55
Hally mugallymdan sorap göreýin...
Sapar aga
12 июн 2023, 17:58
Aýdylan zatlar bir kitapdanmy ýa öz başdan geçirenleriňmi?
Sapar aga
12 июн 2023, 17:59
Anil Kapur,
"hakykat halkyn icinde kitapda dal."

Nähili hakykat?
Гость
Автор 12 июн 2023, 17:59
Anil Kapur
hakykat halkyn icinde kitapda dal. Kitaby her tarapa chekip yazyp bolyar ol yazyja bagly. Juneyit hany dine kitaplarda yazylyar yone halk ony gacyp giden diyip bilyar

Naaborot kitapda Jüneýt han "gaçyp gitdi" edilýär. Halkyň arasyndaky gep-gürrüňe seretseň gyzyllar üç gün açyp goýýalar serhedi, "sag-aman gitseň bolýa" diýip. Üç müň öýli bilen çykyp gidýä Jüneýt han.

Sen nämä esaslanyp Jüneýthan gaçyp gitdi diýýäň?
Sapar aga
12 июн 2023, 18:00
Anil Kapur,
"Kitaby her tarapa chekip yazyp bolyar ol yazyja bagly."

Haýsy kitaplara aýdýaň?
Гость
Автор 12 июн 2023, 18:02
Khanture,
Sorap gör. Esasy obaňdaky gürrüňçil ýaşulylardan soraö gör
Гость
Автор 12 июн 2023, 18:03
Ahtopot
Aýdylan zatlar bir kitapdanmy ýa öz başdan geçirenleriňmi?

Kitapdan däl. Temaň başynda-da aýdyldy
#B.S
12 июн 2023, 18:04
Гость,
Ýurda baramdan soň soraýmasam, men barýançam galarmyka olar? ???
Sapar aga
12 июн 2023, 18:04
Гость,
"Naaborot kitapda Jüneýt han "gaçyp gitdi" edilýär. "

Haýsy kitaplar?
Гость
Автор 12 июн 2023, 18:05
Khanture,
Şu wagta çenli heý bir gyzykmadyňmy şular ýalyzatlara? Tembol şol obaň adamy sen
Sapar aga
12 июн 2023, 18:09
Гость,
"Naaborot kitapda Jüneýt han "gaçyp gitdi" edilýär. "

Haýsy kitaplar?
#B.S
12 июн 2023, 18:10
Гость,
Meň kellämde diňe ýer, gün, aý planeta... ???
#B.S
12 июн 2023, 18:11
Гость
Ahtopot
Aýdylan zatlar bir kitapdanmy ýa öz başdan geçirenleriňmi?

Kitapdan däl. Temaň başynda-da aýdyldy

Ol temany doly okamaýa öýdýan...
Sapar aga
12 июн 2023, 18:12
Khanture,
"Intellektual" däldigim üçin okamok. :)
#B.S
12 июн 2023, 18:14
Ahtopot
Khanture,
"Intellektual" däldigim üçin okamok. :)

Oňarýaň ?
Dowsypat
12 июн 2023, 18:15
Waka şeýleräk bolan eken. Isfendiýar gyz salgydyny salanda Ysmamydyň şyhlary namys edip ýedi atlysyny hany öldürmek üçin ugradýarlar. (Belki mundan Jüneýt hanyňam habary bolandyr. Bu ýerini bilýän ýok.) Olar köşge baryp Isfendiýary öldürip gaýdýarlar.

Isfendiýar gyz salgydyny salan mahaly,işanlaryň arkaýyn özüni öldürip gidip biljegini hasaba almadymyka?Isfendiýar hanyň köşk sakçylary we bir giden janpenalary bolandyr.Özbek işanlaryndan olara töwellaçy tapylmadymyka?Bu işi diňe bir ýedi işanyň üsti bilen bitjek iş däl.Hökman bärde Isfendiýaryň ýanyndaky adamlara(özbeklere) hökümini ýöredip bilýän bir adamyňam eli bolmaly.Işanlaryňam şol wagty täsiri uly bolandyr,ýöne bir hany "Ine alyň!" ellerine berip goýbererler ýaly derejede bolan däldir.Hanlaryň,soltanlaryň,patyşalaryň janyna kast edişlik hemişede öňünden berk taýýarlykly plan bilen amala aşyrylypdyr.Onuňam şowsuz gutarýan wagtlary köp bolupdyr.
Гость
Автор 12 июн 2023, 18:16
Ahtopot
Гость,
"Naaborot kitapda Jüneýt han "gaçyp gitdi" edilýär. "

Haýsy kitaplar?

Beki Seýtegiň "Doganlaryny" okap gör. (Özümä okamok. Okasym gelmedi. Halamadym başky alty-ýedi sahypasyny okap görüp)
Гость
Автор 12 июн 2023, 18:19
Dowsypat.,
Şyh bilen işan ikisi bir zat däl
Гость
Автор 12 июн 2023, 18:21
Dowsypat.,
Menem bulara Jüneýt han goldaw berendir öýdýän. Eger şu waka çyn bolsa
Sapar aga
12 июн 2023, 18:23
Гость,
Ol çeper eser dälmi?
Sapar aga
12 июн 2023, 18:24
Dowsypat.,
Taryhy çaklama ýöredip gürrüň berjek bolýaňmy? Aýdýan zatlaryň barada okan kitaplaryňy aýtsaň, bizem peýdalansak.
Dowsypat
12 июн 2023, 18:25
Elbetde, Isfendiýaryň ölüminden bähbit tapjaklar köp bolandyr,ýöne onuň diri gezmegindenem bähbitli adamlar barda.Umuman alanda,Isfendiýaryň janyna dildüwişlik gurnalsa,olaryňam gulagyna baryp ýetse,dildüwişijilere garşy durjaklary anyk zat.Aý garaz,aňsat bitjek iş däldä bu.
Гость
Автор 12 июн 2023, 18:28
Ahtopot
Гость,
Ol çeper eser dälmi?

Haýsy kitapdygyny soradyň menem aýtdym. Çeper eserem kitap diýip düşünýän menä ýa beýle dälmi )
Dowsypat
12 июн 2023, 18:29
Ahtopot on № 23 Şu gün, 18:24
Dowsypat.,
Taryhy çaklama ýöredip gürrüň berjek bolýaňmy? Aýdýan zatlaryň barada okan kitaplaryňy aýtsaň, bizem peýdalansak.

Şol bir strategiýadan gaýta-gaýta peýdalanyp oturmakçymyň onsaň indi?
Sapar aga
12 июн 2023, 18:53
Гость,
Taryh çeper eser bilen öwrenilmeýär. Azyndan 10-15 makala olam akademik, resminama. Kitaplary agzamogam heniz. Olaram çeşmeli bolmaly. Çeper eser nähili çeşme berýär bize?
Sapar aga
12 июн 2023, 18:56
Dowsypat.,
Geň göräýmeli, nähili strategiýa? Soragyma jogap bermediň?
Гость
Автор 12 июн 2023, 19:10
Ahtopot,
Çeper eser bize çeşme berenok, pikir berýär. Jüneýt hany başga çeşmelerden öwrenmedik adamyň şol kitaby okap nähili pikire gelip biljegi düşnüklidirä
Dowsypat
12 июн 2023, 19:15
Ahtopot on № 28 Şu gün, 18:56
Dowsypat.,
Geň göräýmeli, nähili strategiýa? Soragyma jogap bermediň?

Gaty soranjaň adam ekeniň.Bizden soraýan zatlaryňy kitapdan okap biläýmeseň,biz seniň derejäňdäki bilimli adamlar däl.Birhili,alym adam okuwçydan soraýan ýalyda.Biziňki bir häli çigit çakyp özara pikir alyşýan adamlar ýaly.Öz pikiriňi aýt boldy,ony çylşyrymlaşdyryp,anyklaşdyryp,içine girip kelle agyrdyp oturmagyň geregi ýok.