Kommunizm & Demokratiýa

a) • Kommunizm sosial ykdysady sistema. Dürli sosial ykdysady gatlaklary (baýlar, oligarhlar, biznesmenler, hususyýetçiler) diyen konsepsiýa garşy çykýar.
• Demokratiýa sosial ykdysady sistema däl, syýasy sistema. Döwleti adamlar ýa-da adamlaryň saýlan adamlary dolandyrýar.
 
b) • Kommunizm hususy eýeçilige rugsat berenok.
• Demokratiýa hususy eýeçilige rugsat berýär.
 
ç) • Kommunizm bilen demokratiýanyň arasynda duşmançylyk ýok. Ýöne kommunizm kapitalizme garşy çykýar.
• Demokratiýa bolsa diktatura garşy çykýar.
 
d) • Kommunizmde ýurduň baýlyklary döwletiň elinde bolýar.
• Demokratiýada adamlaryň elinde bolýar.
 
e) Kommunizmde ykdysadyýeti döwlet dolandyrýar, demokratiýada adamlar dolandyrýar. Kommunizmde näçe köýnek çykmaly, nähili reňkde çykmaly, näçeden satylmaly – muny döwlet, polit býuro çözýär. Demokratiýada adam öz öndüren zadyny islän reňkinde öndürip, satyp bilse, islän bahasyndan satsa bolýar.
 
f) • Kommunizmde Hudaý diýen düşünje ýok. ik sistema.
• Demokratiýada erkin
 
j) • Kommunizmde bir partiýanyň sözi ýöreýär. (Mes: SSSR  Kompartiýanyň Merkezi Komiteti)
• Demokratiýada azyndan 2 partiýa bolýar. Biri hökümet, ikinji oppozisiýa, ikisi hem Mejlisde orun alýar.
 
h) Demokratiýa hem öz arasynda bölünýär: Liberal demokratiýa (US-däki ýaly) ýa-da Sosial demokratiýa (EU-daky ýaly).
 
i) • Demokratiýada pressa, metbugat adamlaryň elinde bolýar, erkin bolýar.
• Kommunizmde metbugata Polit býuro, Kompartiýa kontrol edýär, şonuň diýen zady ýazylýar ýa-da pozulýar.
 
j) • Kommunizmde adam hukugy ýok, has dogrusy halkyň hukugy bar, ýöne ol hukugy eşitdirip bilýän mehanizm yok.
• Demokratiýada her bir indiwidualyň, adamyň üz hukugy bar, ony döwletiň hem, partiýanyň hem pozmaga haky ýok.


P.s Deňeşdirmelerde ýatdan çykan ýeri bar bolsa ýa-da goşjak zadyňyz bolsa goşup bilýäňiz...
3 лайков 313 просмотров
32комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
12 июн 2023, 12:59
Hiç hili ideal diýip boljak ideal syýasy we ykdysady sistema yokmyka diýýän. Ýa barmy? ?
Dowsypat
12 июн 2023, 13:50
Kommunistik maşgala:Maşgalada adatça uly erkek(ata)maşgalabaşy bolýar.Maşgalanyň beýleki agzalary oňa boýun bolýar.Maşgalada atanyň sözi kanun.Her bir amala aşyrylmaly maksat hut atanyň öz razylygy bilen amala aşyrylýar.Maşgalanyň gelejegi we ösüşi atanyň akyly,düşünjesi we adalaty boýunça bellenilýär.(Ata akmak bolsa maşgala nagruska).

Demokratik maşgala:Bu maşgalada belli bir maşgalabaşy ýok.(Gerek bolsa saýlow geçirip bolýar)Maşgalanyň ähli agzalary deň derejeli.Ata maşgalanyň hiç bir agzasynyň şahsy durmuşyna burnuny sokmaga haky ýok.Eger-de aýal başga bir erkek bilen bile bolmak islese onuň demokratik hukugyny bozmaga erkegiň haky ýok.Islese maşgalanyň beýleki gyzlary öz halaşýan oglanyny öýüne getirip,onuň bilen islän işini edip bilýärler.Islän eşiklerinem geýip bilýärler.Eger şol ýurduň kanunlarynda LGBT rugsat berilen bolsa,onda ata gyzynyň joralary bilen isleýän gatnaşyklaryny düşünmäge borçly.Bu maşgalada atanyň özem edenini edip bilýär.
Suleyman
Автор 12 июн 2023, 14:19
Khanture
Hiç hili ideal diýip boljak ideal syýasy we ykdysady sistema yokmyka diýýän. Ýa barmy? ?


Bar bolup biler. Meselem, asyl durkuny ýitirmedik (täzeçillik girizilmedik) Yslam dolandyryş sistemasy.

Gaýtalap aýdýan Yslam dolandyryş sistemasy!

Yslam diýilse diňe namaz, oraza, doga etmege düşünýänler muňa düşünmez.
Dowsypat
12 июн 2023, 14:37
Khanture on № 1 Şu gün, 12:59
Hiç hili ideal diýip boljak ideal syýasy we ykdysady sistema yokmyka diýýän. Ýa barmy?

Kosmik kanularyň ideal ýa-da ýokdugyny aýdyp biljek däl.Ýöne şol kanundan anyk kanun ýok.
Гость
12 июн 2023, 15:24
Khanture
Hiç hili ideal diýip boljak ideal syýasy we ykdysady sistema yokmyka diýýän. Ýa barmy? ?

Demokratiýa, ideal sistema şü. Dogry ýerine ýetirilen ýagdaýynda
#B.S
12 июн 2023, 15:35
Гость,
Dogry. Ýöne hiç ýerde we hiç bir döwletde ideal demokratiýa ýok. Şahsy pikirim. Ylalaşman bilersiňiz.
Гость
12 июн 2023, 18:11
Khanture,
Ylalaşýan. Onsoňam şu sistemalar edil ýazylyşy ýaly ýerine ýetirilse we saýlamak özüme galsa kommunizimi saýlardym. Kommunizm asyl bolmalysy ýaly bolanda adamlar jennetde ýaly ýaşardy
Sapar aga
12 июн 2023, 18:16
Baýba bärde gyzykly gürrüň gidýär eken.
Sapar aga
12 июн 2023, 18:17
Dark_Wolf,
"Bar bolup biler. Meselem, asyl durkuny ýitirmedik (täzeçillik girizilmedik) Yslam dolandyryş sistemasy."

"Asyl durkuny ýitirmedik" näme?
Sapar aga
12 июн 2023, 18:18
Гость,
"Demokratiýa, ideal sistema şü. Dogry ýerine ýetirilen ýagdaýynda"

Jahyl halk bilen demokratiýa ýöremeýär.
Sapar aga
12 июн 2023, 18:19
Khanture,
"Ideal" demokratiýa nähili?
Гость
12 июн 2023, 18:24
Ahtopot
Гость,
"Demokratiýa, ideal sistema şü. Dogry ýerine ýetirilen ýagdaýynda"

Jahyl halk bilen demokratiýa ýöremeýär.

Düşünjesi pes halk bilen ýöremeýäni düşnükli weli, seň pikiriňçe jahyl däl halklar haaýsylar i şolarda demokratiýa bolmalysy ýaly?
#B.S
12 июн 2023, 18:35
Ahtopot,
Ideal demokratiýa erkinlik, deňlik, adalatlylyk, gatnaşmak, jogapkärçilik we hukuk düzgüni ýaly esasy ýörelgeleri öz içine alýan dolandyryş ulgamydyr. Ol her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny gorasa-da, jemgyýetiň umumy bähbitlerine hyzmat edýär. Ýolbaşçylar demokratik prosesler arkaly kesgitlenilýär we halkyň gatnaşmagy üpjün edilýär. Jogapkärçilik – ýolbaşçylaryň jemgyýetiň öňünde öz borçlaryny göterýän ýörelgesi. Kanunyň düzgüni adalatyň dikeldilýändigini we her bir adama kanunyň öňünde deň garalýandygyny aňladýar. Ideal demokratiýa dürli jemgyýetler üçin dürli-dürli bolup biler, emma ol bu esasy ýörelgeler esasynda dolandyrmagyň idealydyr.
#B.S
12 июн 2023, 18:43
Dark_Wolf,
Allanyň permanlarynyň esasynda höküm çykarýan sistema zerur. Adalat, rehimdarlyk, deňlik we ynsan mertebesine hormat goýmak ýaly esasy yslam gymmatlyklaryna esaslanýan sistema. Bu sistemada ýolbaşçylar halkyň razylygy we maslahaty bilen kesgitlenilýär hem-de jemgyýetçiligiň giňden gatnaşmagy esasynda üpjün edilýär. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, jemgyýetiň zerurlyklary we bähbitleri göz öňünde tutulyp alynýar. Jogapkärlilik — ýolbaşçylaryň Allanyň we jemgyýetiň öňünde öz borçlaryny ýerine ýetirip, adalaty üpjün edýän ýörelge sistemasy...
Suleyman
Автор 12 июн 2023, 18:56
Ahtopot
Dark_Wolf,
"Bar bolup biler. Meselem, asyl durkuny ýitirmedik (täzeçillik girizilmedik) Yslam dolandyryş sistemasy."

"Asyl durkuny ýitirmedik" näme?


Ana Khanture aýdypdyr
Sapar aga
12 июн 2023, 19:00
Khanture,
Kitapdan göçür diýemok, seniň diýýän "ideal"-yň bilen, häzirki demokratiýanyň tapawudyny bize aýdyp berseň?
Sapar aga
12 июн 2023, 19:01
Khanture,
Kitapdan göçür diýemok, seniň diýýän "ideal"-yň bilen, häzirki demokratiýanyň tapawudyny bize aýdyp berseň?
Sapar aga
12 июн 2023, 19:03
Khanture,
"Allanyň permanlarynyň esasynda höküm çykarýan sistema zerur. "

Sen "Allatagala gorkudan özüne ynandyrýar" ýaly pikir jemlemeleriňi meniň bilen paýlaşypdyň?
Sapar aga
12 июн 2023, 19:03
Khanture,
"Bu sistemada ýolbaşçylar halkyň razylygy we maslahaty bilen kesgitlenilýär hem-de jemgyýetçiligiň giňden gatnaşmagy esasynda üpjün edilýär. Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, jemgyýetiň zerurlyklary we bähbitleri göz öňünde tutulyp alynýar."

Bu demokratiýa?
#B.S
12 июн 2023, 19:04
Ahtopot,
Kitapdan göçüremok. Öz düşünjämi yazdym.
#B.S
12 июн 2023, 19:05
Ahtopot
Khanture,
"Allanyň permanlarynyň esasynda höküm çykarýan sistema zerur. "

Sen "Allatagala gorkudan özüne ynandyrýar" ýaly pikir jemlemeleriňi meniň bilen paýlaşypdyň?

Hany?
Sapar aga
12 июн 2023, 19:06
Khanture,
"Jogapkärlilik — ýolbaşçylaryň Allanyň we jemgyýetiň öňünde öz borçlaryny ýerine ýetirip, adalaty üpjün edýän ýörelge sistemasy..."

Allanyň öňünde jogapkär durup, halka seredýän bir lider barmy?
#B.S
12 июн 2023, 19:06
Ahtopot,
Yslamy demokratiýa
#B.S
12 июн 2023, 19:08
Ahtopot
Khanture,
"Jogapkärlilik — ýolbaşçylaryň Allanyň we jemgyýetiň öňünde öz borçlaryny ýerine ýetirip, adalaty üpjün edýän ýörelge sistemasy..."

Allanyň öňünde jogapkär durup, halka seredýän bir lider barmy?

Ýok. Beýle liderler ýüz ýa-da müň ýylda bir dogulýar...
Sapar aga
12 июн 2023, 19:09
Khanture,
Demokratiýanyň özi Yslamdan kän erkinlik berýär sebäbi ynanç erkinligi bar, biz bu ýerde haýsyny saýlamaly?
Sapar aga
12 июн 2023, 19:10
Khanture,
Hä, öz düşünjäňi medeni dilde düşündiripsiň welin, geň galdym ilki.
Sapar aga
12 июн 2023, 19:11
Khanture,
"Ýok. Beýle liderler ýüz ýa-da müň ýylda bir dogulýar..."

Onda Yslamy demokratiýa nädip geçjek?
#B.S
12 июн 2023, 19:20
Ahtopot,
Ýalňyşýaň. Yslam ynanç erkinligini bagyş edýär:
"Dinde zorluk ýokdur" Bakara:256
Eger Perwerdigäriň islesedi,
adamlary ýeke-täk ymmat (bir dine eýeriji) ederdi. Olar (bir ymmat bolmanlygy üçin dawalaşyp) aýralyga düşer durarlar. Hud : 118
(Eý, Muhammet!) Aýt: «(Bu Kuran)
Perwerdigäriňizden (gelen) hakykatdyr. Islän kişi iman getirsin, islän kişi inkär etsin! Takyk, Biz zalymlar üçin (daştöweregi) diwarlar bilen gurşalan ody (dowzahy) taýýarladyk. Eger olar
(dowzahda suw içmek üçin) haýyş
etseler, olara ýüzlerini erän magdan ýaly gowrup barýan suw bilen (ýardam) berler. Gör, (ol) nähili erbet içgidir we (ol) nähili erbet söýeniljek ýerdir. Kehf:29
#B.S
12 июн 2023, 19:22
Ahtopot,
Men "geçmeli" diýemok "zerur" diýdim. Birazajyk meniň ýazýan zadyma üns ber.
Sapar aga
12 июн 2023, 19:28
Khanture,
Bir ulgamy halka ornaşdyrmak üçin ulgamy däl, ilki halky bilmeli dälmi? Beýleki ynançdakylar öz dinlerini paýlaşasy gelse arkaýyn paýlaşyp bilermi? Bu ýagdaýda uruş çyksa Allanyň öňündäki jogapkär lider haýsy tarapy goldamaly?