Bolmak ýa-da bolmazlyk... ne biri ne-de biri
Demokratiýa adam tarapyndan döredilen iň gowy döwlet dolandyryş ulgamynyň biridir. Demokratiýa halkyň içine halkyň aralaşmasy diýip düşünýän. Sebäbi, demokratiýa döwlet gurluşynda döwlet halk häkimýeti tarapyndan dolandyrylmaly, esasy meseleler halk bilen bile çözülmeli. Demokratik döwletleriň köpüsi kagyz ýüzünde demokratik döwletler. Bir sapar geografiýa mugallymymdan "iň gowy demokratik döwlet haýsy?" diýip soranymda "ABŞ" diýip jogap beripdi. Men ylalaşamok. Sebäbi Amerikada halk doly derejede gowy ýagdaýda däl. Halk häkimýeti boljak bolsa onda halkyň ýagdaýy gowy bolmaly. Demokratik döwlet diýilende meň göz öňüme ilki Finlandiýa gelýär. Halkynyň ýaşaýyş derejesi gowy, JIÖ gowy, klimat gowy, bilim alma derejeleri gowy, halkynyň ýaşaýyşy gowy. Ine size demokratik döwlet. Hemem demokratiýa hakynda köp zady Amerikanyň prezidentleri aýdyp geçýär diýip bolýar, olam köplenç wyždansyzlaryň depderinde köplenç wyždan hakda ýazylýar diýen ýaly bolýar.
Demokratiýa aslynda içgin serdedilende hiç haçan edilen zat däl. Sebäbi, demokratiýa elmydama tutuş bir milletiň etmeli zady, beýle ýagdaýam ýagny tutuş bir milletiň biraýakda bolmasy ýalňyşmasam boljak zat däl.
Demokratiýa bilen diktaturanyň arasyndaky iň uly tapawut, demokratiýada ilki ses berip, soňra buýruk bermekdir, diktatura üçin sesiňem wagtyňam zaýalap kelle agyrdyp oturman öz işiň bilen bolubermeli (plýus tarapy). Ýene bir tarapy bar eger biri size bir wagtyň dowamynda hem demokratiýany hem bir halta dänäni hödür etse, Siz açlygyň haýsy döwründe demokratiýany saýlardyňyz, bir halta dänäni alda ýat öýüňde nätjek kelle agyrdyp. Diýjek bolýan zadym deňligi, azatlygy, haklaryňyzy özüňiz gazanmaly. Erkek bolsaň tur, özüň döret demokratiýany, bir halta däne bu gün bolsa ertir ýok. Demokratiýa bolsa däne hemişe bolar.
Demokratiýa dolandyryşyň iň kyn görnüşi, ol gutarynkly däl, şahsy erkinlik bilen tertipli yzygiderligi bir ýerde baglanşykly tutmak aňsat däl.
Gysgaça aýtsam hökümetiň esasy maksady millete mümkin bolan iň uly şöhraty bermek däl-de, millete lezzet bermek ony görgülerden kynçylyklardan aýap saklamakdyr diýip pikir edýärsiňiz. Eger bu hakykatdanam siziň islegleriňiz bolsa ähli şertleri deňleşdirmäge dyrjaşyň we "demokratik institutlary" dörediň.
Leýli Amanowa

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.